Ýadyňyza düşýärmi?

Talyplar.com-yň agzalary bir ýurt bolsady ?!

Nazarhann - Basybalyjy ýurt bolardy, her kime çozup adam öldürerdi, köp zat bilerdi, ýöne ýurtlaryň kemini gödek şekilde aýdardy. Köp kişi bu ýurda akyllysyraýar diýerdi. Köp kişi oňa çozsada şowsuz bolardy.

Paris - Köp ýurtlar bilen işi bolmazdy. Gaty güýçli görünjegem bolmazdy gaty ejizem. Ýöne käwagt halkara arenada çekeleşiklere gatnaşardy.

Hazar99 - Gaty iç ýakgynç ýurt bolardy, edil Ysraýyl ýaly. Esasanam iň güýçli ýurt Nazarhann-a çozardy ýöne bu çozuşy Nazarhann-a zyýan etmezdi, gaýta daş töwerekdäki ýurtlara zyýan ederdi we Dünýäni zaýalardy. Umuman bu ýurdy az wagtda üýşüp "kaput" ederlerdi.

Nirvana - Dünýäniň iň akylly ýurdy bolardy. Her ýurda kömek bererdi adamlary akyllandyrjak zatlar ederdi. Çekeleşiklere uruşlara gatnaşmazdy. Harby taýdan güýçli bolmasada tehnologiýada gaty öserdi.

ZET-PRO2003 - Taryhda gaty güýçli we zalym ýurt bolupdy, hiç kime gynananokdy, ýurtlaryň syrlaryny halkara arenada paýlaşardy, esasanam Nazarhann bilen urşupdy, näçe adam ölsede bu uruş netijelenmedi. Şo sebäpli bu ýurda çozmana köp kişi gorkardy. Edebiýat we bilim ugrundaky ýurtlara hem çozardy. Özüni iň güýçli Döwlet hasaplardy. Bulam gaty köp ganyň dökülmegine sebäp bolardy. Ol maglumatlara akyl satýandyr öýdüp görüplik etýärler öýderdi. Edil Nasi Germaniýasynyň nemes halkyny üstün görüp beýleki ýurtlary kiçi görüp çozuşy ýaly bulam şeýderdi, ýöne Germaniýanyň bolşy ýaly üýşüp kynam bolsa muny ýatyrarlardy. Bu ýurt taryhda ençeme waka geçirenem bolsa şuwagt gaty ümsüm we hiç kim bilen işi ýok.

Khanture - Gaty çylşyrymly ýurt bolardy, hiç ýurt muňa düşünip bilmezdi. Gaty üýtgeşik düşünjeleri bolardy, bu düşünjeleri bilen köp ýurdy ynandyrardy. Ýöne muňa ynanmaýanlaram ol ýurda çozardy. Hatda çozup gaty köp gan dökerlerdi. Sebäbi ol düşünjelere ynanmak kyndy. Bu ýurt kimi üçin akylly kimi üçin bolardy.

Гость - Bu ýurdyň bardygam bilinmezdi, ýöne akylly ýurtdy, esasanam öwrenmäni gowy görerdi we başga ýurtlara okuwçy ugradardy. Käwagt her hili jedellere goşulardy we pikirlerini aýdardy.

Adalat19 - Bu ýurdyň ençeme ýyllap akylly görünendigi soň iň soňky ýurtdygy bilindi. Bu ýurdyň iki ýüzi bardy. Bulam edil Khanture-niňki ýaly düşünjelere eýe bolsada has adatdan çykýardy. Khanture hem käwagt muňa "hu*ýet" etýärdi. Bu ýurt birhili kinoda ýaşaýan ýalydy, özüçe bir Älemdi. Edil muňada Khanture çozýan ýurtlar çozarlardy. Ýöne muňa gaty zalym bolarlardy, hemme adamlaryny asyp keserlerdi, çaga aýal diýmän halkyny oka düzerlerdi, esasanam Nazarhann bu ýurda garşylara garamazdan atom bomba atardy. Jeksparro, Khanture, Panturkist, Ahmedik ýaly ýurtlar bu ýurdy gollap urşa girerdi, ýöne asyl günäkäriň bu ýurtdygy, Hazar99 atly gurjak ýurt gurup hemmelere zyýan berýändigi öwrenilenden soň hemme ýurt muňa garşy urşa goşulardy we bu ýurdy "kaput" ederlerdi. Şeýlelik bilen bu yurdyň hakyky ýüzi orta çykdy we öňki abraýyny ýitirdi.

Jeksparro - Akylly hem diýseň bolýar ýöne käwagt akyllysyraýardy, meselem "Men eýleki ýurtlaryň pikiri bilen işim ýok, öz ýurdumdakylar näme diýse şo" diýýärdi. Yagny olaryň ýazan taryhy ýalan özüniňki dogrudy. Ýalňyş ýurtlaryň tarapyny tutýardy, çalt aldanýardy sebäbi.

Panturkist - Gaty milletparaz bir Döwletdi, esasanam dini gaty köp ulanýardy, edil Eýran ýalydy, din bilen ýöreýärdi, dindäki zatlar kanundy. Özüniňem haýsy dindendigi belli däldi. Köp kişi bu ýurda "Üýtgeşik düşünjeli" diýip hormat goýsada käbiri "Eý mahowlar, bu dini oýunjak etdi" diýip bu ýurdy asyp kesýärlerdi.

Wonderfull - Prezidenti gyz bolsada gaty agressiw ýurtdy, esasanam Nazarhann ýurdy bilen gowy gatnaşýardy, ikisi edil bir ýurt ýalydy, düşünjeleri deňdi, olam basybalyjy bulam basybalyjy, hatda arkasynda Jeksparro, Panturkist, Khanture ýaly ýurtlaryň duran ýurdy Ahmedige çozdy we basyp aldy. Düşünjelerini gahary gelse gödek şekilde diýýärdi, ýöne Nazarhann ýaly diňe harby taýdan dälde bilim tarapyndanam güýçlidi.

Gray_Wolf - Gaty moşennik ýurt bolardy, köp ýurdy aldap pula sokardy, hatda BegCon atly ýurdy sokup ony ykdysady taýdan çökertdi. Taryhda ZET-PRO2003 ýurdy bilen gaty ganly uruşlar boldy, Gray_Wolfyň tarapdarlary köpdi. Ýöne görülip oturylsa ZET-PRO2003 dogry aýtýar eken. Iň sokujy ýalançy ýurt bolup çykdy. Hatda aýdylmagyna görä 30-dan köp adamy sokdy. Nazarhann täzelikde bu ýurda çozmak üçin goşun ýygnap ýörendigini aýtdy. Bu ýurduňam iki yüzi bar diýip pikir edilýär we TrustORG atly ýurdy şunyň ýöretýändigi aýdylýar.

Wrestling - Hiç zat bilen işi ýokdy, ne ýurtlar bilen, ne pikirler bilen, diňe bolup geçýän zatlary hezil edip diňläp görýärdi. Uruş zat bolsa hezil edip çaý zat içip görýärdi. Hiç kime zyýan berenokdy.

Ahmedik - Gaty köp pikirli ýurtdy, orta bir pikir atýardy eýleki ýurtlaram şol pikir üçin dälliräp sögüşýärlerdi. Bulam edil Panturkist, Khanture, Adalat19 ýalydy, üýtgeşik düşünjeleri bardy. Ýöne ýakyn wagtda bu ýurda Wonderfull çozupdy.

Pegas - Gaty akylly ýurtdy, ýöne bulam köp ýurda görä akyllysyraýardy, ýurdunda ençeme ylmy okuwlar akademiýalar bardy. Bu ýurtda esasy şahyrlar köpdi.

Xyvenia - Bulam gaty akylly ýurtdy, ýöne taryhda muňada çozupdylar ýöne ejizräk bolany üçin bu ýurda köp ýurt kömek edipdi. Şuwagtam akademiýalarynda ençeme eserler döredilýär.

Korolewa - Bu ýurduňam hiç ýurt bilen işi ýok, ýöne gaty akylly ýurt, ençeme şahyrlary edebiýatçylary bar.

Zalymm - Orta düşünjeli ýurtdy, esasy sorag bermäni gowy göryärdi, ýurtlar bilen üýşüp gürrüň etmäni gowy görýärdi, bilim tarapdanam ösendi.

Hercai - Her hili düşünneleri bardy, köpçülik näme diýse şony goldaýardy.

the_end - Arada çykyp bir ýurtlara sögüp çykýardy.

Dowsypat00 - Bulam esasy Khanture, Panturkist, Adalat19 ýaly ýurtlar bilen iş alyp barýardy, ýöne diňe pikirini aýtýardy, hemmeleri diňläp netijeli bir çözgüt çykarjak bolýardy.

.Leyla - Bulam köp halkara arenada görünýär ýurt däldi ýöne akylly ýurtdy.

yekejam. - Bu ýurt hem sorag bermäni gowy görýärdi, her hiljek taraplary bardy, esasy degişme zat aýtmany gowy görýärdi.

Crazy-boy - Bu ýurt esasy Dünýä zyýan berýän ýurtlara gaty garşydy, olara sögýärdi garşy çykýardy. Olar ýok wagty özi bilendi hemmetaraplaýyn düşünjeleri bardy.



Halkara birleşikler

Basyp alyjy birleşikler :
(Nazarhann, Wonderfull, ZET-PRO2003)

Akylly birleşikler :
(Nirvana, Pegas, Jeksparro, Korolewa, Xyvenia)

Hiç zat bilen işi bolmaýan birleşikler :
(Wrestling, Zalymm, .Leyla)

Üýtgeşik düşünjeli Kaşgarlylar birleşigi :
(Khnature, Panturkist, Ahmedik, Adalat19)

Köpçülige görä birleşikler :
(Hercai, Гость, Crazy-boy, the_end, Paris, yekejam., Dowsypat00)

Bitarap ýazjak boldum başardygymça...

Gutulmyş.
Talyplar.com.
22 лайков 721 просмотров
79комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
05 май 2022, 20:30
Elbetde)) Aslynda arhiwimden pozjak boldum ýöne ýatlama bolup galsyn diýip pozmandym. Hersiniň häsýetini göz öňüne tutup ýazypdym. Intägem barmy şu agzalar?!
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:32
Şol wagtlar dawa-jenjeller kän bolýardy her meselede. Emma, şoňa garamazdan şol saýt gyzyklydy. Şuny ýazan Gutulmyş agza şu saýda-da girýän bolsa, ýene şeýle öz gözi bilen bahalandyryp mowzuk açsa gowy bolar. Özümize, ýagny, mowzuklarymyza nähili garalýanyny il gözi bilen okap görsek gowuda. :)
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:33
Keaip_begcon,
Salam. Sizmi şol?
Pozmadygyňyz gowy bolupdyr. Men arhiwleri köp okaýan.
Şol agzalaryň käbiri şu saýtda bar. Niklerini üýtgetmedikler.
Pegas
05 май 2022, 20:35
@Wonderfull baradaky bilen ylalaşamok häzir. Ýakyndan tanyşdyk. Şu ýerdäki köp agzalardan asylly, ýuwaş, asuda gyz.
Pegas
05 май 2022, 20:36
Nirvana
Şol wagtlar dawa-jenjeller kän bolýardy her meselede. Emma, şoňa garamazdan şol saýt gyzyklydy. Şuny ýazan Gutulmyş agza şu saýda-da girýän bolsa, ýene şeýle öz gözi bilen bahalandyryp mowzuk açsa gowy bolar. Özümize, ýagny, mowzuklarymyza nähili garalýanyny il gözi bilen okap görsek gowuda. :)

@Keaip_begcon agza şol eken.
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:37
Pegas,
Ýakyndan tanyşan bolsaňyz, girýärmi ol bu saýda. Habar barmy, gowumy ýagdaýlary?
Bahara
05 май 2022, 20:38
Men nazarhanyn niginden ikinji bolup giryadim. Aslynda 3 kisi giryadi oytyan shon niginden. Siz sogyaniz adym zayalanyar diyip kodyny uytgetjek bolupdy sonal uytgedip bilmandir. Yazan sizmi aslynda shony. Gaty gizlin agza diyyadimle
Bahara
05 май 2022, 20:39
Pegas,
Size sol wagtlar garshylyklar kopdi. shony goz onunr tutyp yazan bolaymasa
Pegas
05 май 2022, 20:39
Nirvana
Pegas,
Ýakyndan tanyşan bolsaňyz, girýärmi ol bu saýda. Habar barmy, gowumy ýagdaýlary?

Hawa, başga nikde.
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:40
@Hazar99- uly ýaşly oglan. Özi akylly, bilimli, kitapsöýer adam bolmaly. Az hem bolsa özi barada aýdypdy. Emma damaryna bassaň gaty erbet gyzma. Şol wagtky hereketlerinem @Nazarhanyň hereketlerine garşy edipdi, ýalňyşmasam.
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:41
Pegas
Nirvana
Pegas,
Ýakyndan tanyşan bolsaňyz, girýärmi ol bu saýda. Habar barmy, gowumy ýagdaýlary?

Hawa, başga nikde.


Habarym bar. Görünenok şu günler.
Bahara
05 май 2022, 20:43
Nirvana,
Goysana gy shon ucin sayt donup kopyalanan mowzuklardan dolup yatdy birtopar adamam sho sebapli gidendirle
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:44
Khanture akylly ýurt bolardy maňa görä. Nähilem bolsa şol oglan garşysyndaky söhbetdeşine garşy sypaýyçylygyny, edebini ýitirenok. Kemsitmeden pikir alyşyp-berişip bilýär.
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:45
Bahar_Seyimowa,
@Hazar99 meň diýýän @Adalat19-ym bolsa, şol barada aýtdym.
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:46
Ýalňyşýan bolmagymam ahmal, men Adalat19-y tanaýan. Hazar99 hem şol diýip pikir edipdim.
Pegas
05 май 2022, 20:46
Men barada-da ýalňyşypdyr. Men akyllysyramok. Hakykatdanam akylly men. :D
Bahara
05 май 2022, 20:48
Nirvana,
Shol dami name ol. Aytdylara gaytym sholam shol 4 5 sany nigi bar diyip. Ikisem shol
Hiayress
05 май 2022, 20:48
Pegas,
??
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:48
Гость - Bu ýurdyň bardygam bilinmezdi, ýöne akylly ýurtdy, esasanam öwrenmäni gowy görerdi we başga ýurtlara okuwçy ugradardy. Käwagt her hili jedellere goşulardy we pikirlerini aýdardy.

- Ine şu ýurt, hakykatdanam akylly ýurt. Beýleki ýurtlar bilen diplomatik gatnaşyklar alyp barmasamam şu ýurt bilen hemişe alyp barardym. Iň ýakyn dost-doganlyk ýurt şu meň üçin :)
Bahara
05 май 2022, 20:49
Pegas,
Siz akylly agam men tanayan sizi yone kabir terbiyesizler onde gelen sogup yorduda ol wagtlar
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:49
Bahar_Seyimowa,
Ikisem şol bolsa, sahnaň arkasynda gowy adamdy şol. Gaharyma edýän diýipdi.
Pynhan
05 май 2022, 20:50
Agzalar üçin örän gowy ýazgylar
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:51
@Panturkist agzamyz uly ýaşly adam. Medeniýetli, akylly hasaplaýan şol agzany. Çekeleşende-de medeniýetli çekeleşýär.
Bahara
05 май 2022, 20:53
Nirvana,
Sahnan arkasy bormy wai bolman hic kime keypine sogyan daldira
Biohimik
05 май 2022, 20:53
?????
Bahara
05 май 2022, 20:54
Nirvana,
Khanture agza in kop sogulyan agzalardan biridi ? Goren gecen dine shona sogup yordu. Uytgesik dushunje bar diyip din bilenem kop urusyadylarla
Biohimik
05 май 2022, 20:55
Kabirini dine dasyndan tanayan ;)) 4 5yyl on dine okayjydym 3yyl bari size goshulyba gelyan
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:55
@ZET-PRO2003
Täze giren wagtlarym bir goşgysyna teswir ýazypdym, gowşakdygyny bildirip. @Wagt agza-da ýazypdy. Soň täze mowzuk açypdy, göripler diýip. :))
Şonda görüplik etmeýänimi jan edip düşündirjek bolamda @Wagt agam düşündirme, düşünmez diýdi. Hemem ýene bir mowzuk ýazyp, özüni alyp barşynyň ýalňyşdygyny aýdypdym. Şondan soň adyny tutmadym. Mowzuklaryna-da baha bermedim.
Telwas
Автор 05 май 2022, 20:56
Bahar_Seyimowa
Nirvana,
Khanture agza in kop sogulyan agzalardan biridi ? Goren gecen dine shona sogup yordu. Uytgesik dushunje bar diyip din bilenem kop urusyadylarla


Hawa. Şonda-da sögüp jogap berenokdy ýazylanlara. Häsiýetini gowy görýän şol oglanyň. Sesem owadan eken. :)
#B.S
05 май 2022, 20:56
Wauuuu menem zametkama bellap goyupdym shu mowzugy....