ÜSTÜNLIK!

Hanymlar we Jenaplar!
Siz bilen surat çekmek boýunça bäsleşigimize başlaýarys. Çekmeli suratyňyz: KEPDERI
Kepderi çekmek islendik agza üçinem kyn däl bolsa gerek. Şol sebäpli şony saýladym. Biz bu bäsleşikde 3 sany ýeňijini saýlarys.
1-nji orun 50 manat.
2-nji orun “Özümiziňki” dereje.
3-nji orun “Özümiziňki” dereje.

Çeken suratyňyzy A4 kagyza ýa-da şol ölçegdäki kagyza çekmeli. Suratyňyzyň aşagyndan öz nik lakamyňyzy ýazyp, şu dearlifedream@gmail.com elektron poçta ugratmaly. Eger poçtam ýok diýseňiz, maňa nomeriňizi berip IMO-dan ugradyp ýa ugratdyryp bilersiňiz. Ses berilşik: men nikleriňizi gizläp ýeke-ýekeden saýtda paýlaşyp sese goýaryn. Haýsy surat has köp ses alsa şol ýeňiji bolar. Başga niklerden gelseňiz, sesiňiz kabul edilýän däldir.
Kepderi çekmek üçin berilýän wagt 2 gün. 2-nji gün agşam sagat 20:00-a çenli poçta suratlaryňyzy ugratmaly.
Ähliňize ÜSTÜNLIK!!!
8 лайков 622 просмотров
67комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
19 июн 2022, 21:42
Nirvana,
Nirwana "Özümiziňki" dereje bar bolsa, başgaça sylaglanma gowşuraýyň meselem 1-ýere 50 man bolsa, 2 ýer derejesi bar bolsa 25man-?
Telwas
Автор 19 июн 2022, 21:44
Mona Songz
Nirwana el poçtaňy beräýdä? Soňam ertire näçä bersek bolar?

Poçtam we wagty ýokarda ýazylan. 2-nji agşam 8-e çenli.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 21:45
Mona Songz
Nirvana,
Nirwana "Özümiziňki" dereje bar bolsa, başgaça sylaglanma gowşuraýyň meselem 1-ýere 50 man bolsa, 2 ýer derejesi bar bolsa 25man-?


Pulumuz ýok?
Täze “UKYPLY” atly dereje döretdireris ýa-da bar bolan “GADYRLY” derejäni bereris.
Resul
19 июн 2022, 21:50
Nirvana
ResulT,
Maşgala boýunça birje telefon ýokmy? :(

Bardy, aslynda olam ejekem bilen ýokary okuwda şu wagt nesip bolsa ýakyn wagtdan gelmeli :)
Dowsypat
19 июн 2022, 21:52
Men seyle bir okde surat ýekýan welin,hiç kim fotoaparatda düsurileninden tapawutlandyryp bilenok.
Dowsypat
19 июн 2022, 21:54
....çekýän
Aýnur
19 июн 2022, 22:00
Nirvana
Mona Songz
Nirvana,
Nirwana "Özümiziňki" dereje bar bolsa, başgaça sylaglanma gowşuraýyň meselem 1-ýere 50 man bolsa, 2 ýer derejesi bar bolsa 25man-?


Pulumuz ýok?
Täze “UKYPLY” atly dereje döretdireris ýa-da bar bolan “GADYRLY” derejäni bereris.

?? onda nädip 50 manady tapjak bolýaňyz?:))
Men olar ýaly derejeleň bardygynä bilemokdum, bolýa sag boluň. 1-njilgi almana çydalaşmalyda diýmek pullanjak bolsak))
Ötegçi
19 июн 2022, 22:08
Men surat çekişime gaty göwnum ýetýa. Ýone ne imo ne poçtam barda :/
Harmony
19 июн 2022, 22:11
Dowsypat.
Men seyle bir okde surat ýekýan welin,hiç kim fotoaparatda düsurileninden tapawutlandyryp bilenok.

Gerhard Rihter boluň-a.
Resul
19 июн 2022, 22:24
Nirvana hanym, size öz çeken suratlarymy ugradandyryn.
Hiayress
19 июн 2022, 22:32
ResulT,
Öz çeken suratlarymy?! Şu gysga wagtyň içinde birnäçe surat çekip ýetişdiňizmi?!
Resul
19 июн 2022, 22:36
Hiayress
ResulT,
Öz çeken suratlarymy?! Şu gysga wagtyň içinde birnäçe surat çekip ýetişdiňizmi?!

hawa, ýöne men bir surat çekdim kompýuter bilen surat owadan düşmänsoň iki gezek çekip iberdim.
Dowsypat
19 июн 2022, 22:38
Granger,Gerhard Rihter meni şägirdimä ol.
Resul
19 июн 2022, 22:43
Hiayress
ResulT,
Öz çeken suratlarymy?! Şu gysga wagtyň içinde birnäçe surat çekip ýetişdiňizmi?!

Hem-de şu mowzuk açylanyndan bäri iki sagat geçdi men iki sagadyň içinde bir suraty arkaýyn çekip ýetişýärin. Mowzuk açylandan göni çekip başladym düşünjegim :)
Resul
19 июн 2022, 22:44
Düşünjegiň diýjekdim ýalňyş ýazypdyryn.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 22:52
Mona Songz,
50 manada güýjimiz ýetýär-le. :)
Telwas
Автор 19 июн 2022, 22:53
Ötegçi
Men surat çekişime gaty göwnum ýetýa. Ýone ne imo ne poçtam barda :/

Goňşyňyzyň imosyndan ugradaýyň. Ötegçiiiiiiiiiiii bahana tapmaýyň-daaaaaa.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 22:54
ResulT,

Gelendir. Soragyňyzyň jogaby: ÝOK.
Dowsypat
19 июн 2022, 22:54
Hem-de şu mowzuk açylanyndan bäri iki sagat geçdi men iki sagadyň içinde bir suraty arkaýyn çekip ýetişýärin. Mowzuk açylandan göni çekip başladym düşünjegim :)

ResulT, bu ylgamak boyunça ýarys däl,surat çekmek boyunça yarys.Gyssanmazdan çeksenem bolardy.
Resul
19 июн 2022, 22:55
Nirvana
ResulT,

Gelendir. Soragyňyzyň jogaby: ÝOK.

bolýar sag boluň
Telwas
Автор 19 июн 2022, 22:56
Menem öz guşumyň suratyny çekip, kepderi diýip görkezäýsemmikäm?! ?
Resul
19 июн 2022, 22:59
Nirvana
Menem öz guşumyň suratyny çekip, kepderi diýip görkezäýsemmikäm?! ?

Görkeziň :)
Resul
19 июн 2022, 23:00
Herkimiň suratyny bir mowzuk görnüşinde açyp adyny ýazman goýýarsyňyzmy?
Öwreniji
19 июн 2022, 23:01
Menem ýaşlygymy ýatladym, çekip bilýänmi ýa ýok diýip synanşdym, bardymy Miss Nirwana
Telwas
Автор 19 июн 2022, 23:01
ResulT
Herkimiň suratyny bir mowzuk görnüşinde açyp adyny ýazman goýýarsyňyzmy?

Hut şeýle.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 23:05
Remezan
Menem ýaşlygymy ýatladym, çekip bilýänmi ýa ýok diýip synanşdym, bardymy Miss Nirwana

Gelipdir. Akga täzeden ýene ugradaý şol suraty. Bu gezek birhili bolup geldi, açylmady doly.
Telwas
Автор 19 июн 2022, 23:05
Agzajanlar nikleriňizi aşajykdan, gyrajykdan kiçijek edip ýazsaňyz bolýandyr. Surata gaty ýakyn ýazmaň.
Resul
19 июн 2022, 23:08
Nirvana
Agzajanlar nikleriňizi aşajykdan, gyrajykdan kiçijek edip ýazsaňyz bolýandyr. Surata gaty ýakyn ýazmaň.

wii meň suratymyňky ullakan bolup dur täzeden ugradaýynmy ýada özüňiz tel-de gyrkyp birzat edýäňizmi?
Telwas
Автор 19 июн 2022, 23:16
ResulT,
Özüm sazlaryn.
Resul
19 июн 2022, 23:18
Nirvana
ResulT,
Özüm sazlaryn.

bolýar, sag boluň