IÇGEPLETME…

“Tümlük, 

içgepletme,

hem-de ýekelik

Bu üçlük bileje birleşdi ýene.”


Ylham GURBANALYÝEW
16 лайков 492 просмотров
55комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:22
Söýgiden näçe gorksam-da, söýgä ýapyşýaryn. Sebäbi men söýgini söýýän adam.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:23
Gijikdirilen duýgular bagt üçin giçdir.
RelaX
06 фев 2023, 23:23
Bu günki sitata dozamy aldym öýtýän))
Esma
06 фев 2023, 23:23
Boýun bol, geldik biz ýoluñ soñuna,
Diýme “Janymyzy gaýta barlaly”.
Söýgimiz aýdym däl, ýat tutup soñra,
Kä göwnüñ joşanda gaýtalar ýaly…

Ynsan islese-de, islemese-de,
Bir ýerlerde ahyry bar her zadyñ.
Gorkma, boýun almak islemesem-de,
Aýdyp bilmen “Kalbym senden närzadyr”.

Sen joraña ynan, "Entek öñüñden
has gowsy çykar” diýp, göwnüñ göterse.
(Adam bagtsyz bolýar, iñ gowy günleñ
Geçip gidenine akyl ýetirse…)

Ýazgyt meñzeş daşa, ýuwup gözýaşa,
Pozup bolmaz oña ýazlan ykbaly.
Ýa sen men ýanyñda bar ýaly ýaşa.
Ýa…ýaşa hiç haçan bolmadyk ýaly!..

Mätgurban MÄTGURBANOW.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:25
Söýgä mynasyplar galýar ýürekde,
Mynasyp dällerem çykanok ýatdan.

Musa Ýusup.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:25
(Söýgi goşgulary hakda)

Meňzäp barýar soňky döwür goşgular,
Otluda satylýan hilsiz haryda.
“Kapyýa bar”, “gussa bar”, bar-bar bagyrsam,
Belki çykar iki-ýeke hyrydar.

Aşa köp goşgudan aşa düşemsoň,
Az ýazmagy edinsedim ýörelge-
Ýatlamalar hesretimi dürtgüçläp,
Zol ýapsa-da gyzyp duran ýüregme.

Guzyjygyň diri soýulşy deýin,
Jan alýan bolsa-da söýgüň gussasy.
Bildirmejek borun lowlap ýansamam,
Bolmaýşy deý ojar oduň tüssesi.

Gaýta täsin-ähli dertleň tersine,
Söýgümi bukdukça hasam ýeňleýän.
…Söýgäm bildiriş däl ýyrtylyp gidýän,
Şäherlerde her duralga ýelmenýän.

Musa Ýusup.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:26
Kä adam adamlar bilen gürleşende samahyllap oturýar, ýöne öz-özi bilen gürleşende şeýle parasatly. Kä adam bolsa adamlar bilen gürleşende parasatly, öz-özi bilen gürleşende welin ýaňrap oturýar..
Esma
06 фев 2023, 23:28
Nirvana, Salam Nirvana! Gowumy ýagdaýlaryň. Giç ýagşy!
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:30
Içiñ aç, beýniñ dok ýasamalardan,
Käte gabatlaşýar tanyş duýgular,
Öwgüler,
söýgüler,
köýgüler, aldaw,
Pula dañlany köp sary öýmeleñ,
Üýşmeleñ, toý, ýas, hasrat, gussa,
Internet halasgär ýüregiñ gyssa,
Telefon, işsizlik, ruhy hassa,
Her kim öz ömrüniñ wagtyna gassap,
K:assa, pul, aýlyk, gün-güzeran,
Bir agram göterýär semizler, horlar,
Dili uzyn boldy kisesi zorlañ,
Jübüsi dollar.
Semreýär horlar, ol onça-da ýok,
Geñ gördüm.
Geñ däl şükürsiz molla,
Dilinde doga, elinde tesbi, teni täretli,
Emma hiç görmedim adamkärçilik,
Elini galdyrdy hondanbärsilik...
Gamlandym ýene, gözlegim dowam,
Açyş etmesemem, açjakdym göwün,
Ýürekler düwün,
Jübimden çykardym gökje ýüzligi,
Ähli zat gowy, sylady kezzap,
Sylady sada, tisgindi bahyl.
Ýalñyşy özümden gözledim, emma,
Gowy diýenleñde gowyrak kem bar.
Dem bar. Şükür...

Baýram Bejidow
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:33
Esma
Nirvana, Salam Nirvana! Gowumy ýagdaýlaryň. Giç ýagşy!

Esma Salam. Ýagdaýa henizem öwerlikli däl uýam. Bir dert tapyndym, geçeýinem diýenok…
Ýazan ýagşy! Özüň gowumy?
Poçtaňy şu gün agşam okadyma. Görüp begendim. Minnetdar uýamjan!
Horlanypsyňyz diýip eşitdim. Janyňyz sagmy?
Esma
06 фев 2023, 23:40
Nirvana,
Hudaýa şükür bizem gowy. Sagamanja gutulyň sizem. Meňem her gün siz bilen habarlaşjagymda...
Ýok-la, aslada meň kän bir semiz wagtym ýog-a.
Suratlar açdymy, uýam? Wideoleri ugradyp bilmedim. Ogulnuryň özi okamagynda gowy goşgulary bardy welin...
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:44
Esma,
Gowy bolsaňyz gowuda. Habarlaşalyň, meňä dutary görüp aýdym diňläsim gelip başlady. :)
Suratlar açdy. Ogulnur semräpdir, tüweleme. Beýleki gelinem Dursun diýeniňizmi?
Häzirki bolşuňyzam gowy gelişýär özüňize.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:47
Wideo gelmedi. Ogulnuryň özi okamagynda ýekeje goşgusyny diňläpdim. Gowy okaýar.
Aslynda şu gün Pegas goşgy okaşmak üçin konferensiýa gurnaýmaly diýýän diýipdi. Sizi, Suraýy, Aýsapary, Wepany we ýene-ýeneleri diňlärin diýip garaşdym, bolmady. Bähbit bolsun.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:49
Wiý ýogsa-da, saglygyma gowuşsam edebiýat birleşmä barjak, nesip bolsa. Siziň barjak günüňize gabatlap.
Esma
06 фев 2023, 23:49
Nirvana,
Aslynda dutary köplükde hijem çalamokdym welin ýalbaryp duransoňlar çalmaly boldum-da :)
Hawa beýleki gelin Dursun. Sagamanja gutulyň sizem.
Telwas
Автор 06 фев 2023, 23:53
Esma
Nirvana,
Aslynda dutary köplükde hijem çalamokdym welin ýalbaryp duransoňlar çalmaly boldum-da :)
Hawa beýleki gelin Dursun. Sagamanja gutulyň sizem.


Çalyň, oňam özboluşlyja hoş owazy bar. Öýde-de bir dutar bar welin başyň çykmasa kyn-da. Enemjan dutara gatnatjak bolup ot-elek bolupdy, diňlemedim. Jigim öwretjek bolsada başaramok indi.
Nintendo
06 фев 2023, 23:58
[quote=Nirvana][quote=Nintendo]Adam belli bir ýaşa ýetende höwür gerekmika diýýän menä[/quote]
Gerek bolsa aladaňyzy ediň. Maňa gerek däl.[/q[quote=Nirvana][quote=Nintendo]Adam belli bir ýaşa ýetende höwür gerekmika diýýän menä[/quote]
Gerek bolsa aladaňyzy ediň. Maňa gerek däl.[/quote]

Men sizi göz öňüne tutdym. Gerek däl diýmäňizä birhili dälmi? Ýa ýerliginde bar bolup diýýän bolsaňyz onda başga gürrüň
Nintendo
07 фев 2023, 00:02
Nirvana
Nintendo
Salam. Içiňiz gysýamy?

Salam. Käşgä içim gyssady…

Näme ederdiňiz?
Aksary
07 фев 2023, 00:45
Nintendo,
Nintendo
Nirvana
Nintendo
Salam. Içiňiz gysýamy?

Salam. Käşgä içim gyssady…

Näme ederdiňiz?

Içiñ gysman ýüregiñem gysyp biler
Nintendo
07 фев 2023, 00:48
Aksary.,
Onda Nirvanaň ýüregi gysýan bolmagam ahmal
Aksary
07 фев 2023, 00:53
Nintendo,
Pylan zat diyibilmen.içiñ gyssa alajyn tapsa bolyar.ýöne ýüregiñ gyssa alajy seýrek!
Esma
07 фев 2023, 08:42
Nirvana,
Aslynda höwes bolmasa (haýsy bir zat bolsa-da) öwrenmegem, öwretmegem kyn bolýar ekeni.
Çagakak her gün kakamym çalýan sazyna oýanardyk.Şeýle bolsa-da bäs doganyň içinde diňe meniň saza höwesek bolup dogulşymy diýsene. Ol döwürler gowy görüp çalanam bosam soň soňlar ol pikirlerimden bir wagt el üzdüm diýen ýaly. Ýogsam hiç kim garşyda bolmandy dutar çalmagyma. Ýaşymyz ulaldygyça çekiliberdim.
Sebäbi türkmençilikde zenan maşgalanyň dutar çalyp aýdym aýtmagyny gowy görýäni azyrakdyr. (Karkara kinosyny görensiň-le. Nähili ynandyryjy gowy kino. Kinonyň soňy gowluk bilen gutarýanam bolsa halkyň ruhynda bar şeýle ýagdaýlar.)
Şonuň üçin juda gowy görüp aýdýan aýdymlarymy, sazlarymy hiç kime diňletmän ýadygärlik saklaýan özüm üçin.
Konferensiýasy diýeniňe menem gyzygdym-da.
Edebiýat birleşmesinede nesibede bolsa bararyn.
Ýöne siz maňa garaşmaňda baryberiň. :) Diýseň gowy ýer. Kitaba meňzeş adamary görersiňiz.

(Agşam şu ýazanlarymy ugradyp bilmedim. :( )
Telwas
Автор 07 фев 2023, 21:37
]Esma,
Sebäbi türkmençilikde zenan maşgalanyň dutar çalyp aýdym aýtmagyny gowy görýäni azyrakdyr. (Karkara kinosyny görensiň-le. Nähili ynandyryjy gowy kino. Kinonyň soňy gowluk bilen gutarýanam bolsa halkyň ruhynda bar şeýle ýagdaýlar.)


Ine, menem şu sebäpden enemiň aýdanyny kabul etmändim.

Konferensiýasy diýeniňe menem gyzygdym-da.

Garaşýan menem şoňa.

Edebiýat birleşmesinede nesibede bolsa bararyn.
Ýöne siz maňa garaşmaňda baryberiň. :) Diýseň gowy ýer. Kitaba meňzeş adamary görersiňiz.


Şol ýere barmak baş maksatlarymyň biri. Nesip bolsa bolar.

Uýam sizem nomeriňizi poçtama ýazaýyň.
Retro
Retro
07 фев 2023, 21:44
Nirvana,
Salam. Edebiyat birlesmesi haysy gunler we nirede geciriliyar?
Telwas
Автор 07 фев 2023, 21:45
Retro
Nirvana,
Salam. Edebiyat birlesmesi haysy gunler we nirede geciriliyar?

Salam. Mary welaýat kitaphanasynda, her hepdäň Şenbe güni.
Kafası.güzel
07 фев 2023, 21:46
Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içgi dünýämiz
(Öte geçip aýdýandyrn öýdemok,
Başda meňzeş döredilen dünýä biz.)

Ylham Gurbanaly
Telwas
Автор 07 фев 2023, 21:47
Kafası.güzel
Ýaşymyzyň tapawudam möhüm däl,
Mydam gabat gelse içgi dünýämiz
(Öte geçip aýdýandyrn öýdemok,
Başda meňzeş döredilen dünýä biz.)

Ylham Gurbanaly


Şu oglanyň döredijiligi özboluşlyja gyzykly.
Retro
Retro
07 фев 2023, 21:48
Nirvana,
Minnetdar. Belli sahsyyetlerden baryan barmyka?
Telwas
Автор 07 фев 2023, 21:52
Retro
Nirvana,
Minnetdar. Belli sahsyyetlerden baryan barmyka?


Siziň üçin belli şahsyýetler kimler?
Habar berişlerine görä, Mary welaýatynda ýaşy uly we kiçi şahyrlaryň ählisi diýen ýaly barýar eken. Elbetde her hepde yzygiderli şol bir şahslar barmaz. Iş we maşgala ýagdaýlaryna görä bolýandyrlar.
Retro
Retro
07 фев 2023, 22:00
Nirvana,
Edil Mary boyunca edebiyata degisli belli sahslary bilemok yone sul ine edwbiyatdan belli adam diyseler dinlap gormek howesi doremegi mumkin.
Bir wagtlar 2-3 sapar akidipdiler. Sonda yygnansyk gecirilyan zalda yygnak gecirildi. Sonda onde oturanlar kop zat gurrun berdi. Umuman icindaki aladalary bilyan yaly psiholigik rahatlandyryjy sozler aydyldy. Birhiki yenlan yaly bolupdym. Yone bilmedim :))) ol edebiyat yygnansykmy ya basga zatmy (sebabi howessiz barmlymy barmaly diyip eltensonlar) bilmedim