GÜN BIZE GEŇEŞMÄN DOGÝAR.

1.
Uzynly gün o köçeden o köçä selpäp, Bäherdeniñ bir ýerinde dükan bolsa aýlanyp çykypdym. Näme gözlänim-ä ýadyma düşenok welin, tapmandygym-a gowy bilýän. Üstesine tas maşyndanam galypdym...
Ýolagçy awtobusyna-da iliň soňundan münen özüň bolma! Yzky gapydan girseň, ýene ýagşy. Birinjiden-ä, bu öňden gelýän kada, ikinjiden bolsa, hiç kimiň seň bilen işi ýok, üçünjidenem, islän ornuňda arkaýyn baryp, oturyp bilýäň. Eger boş bolsa...
Haýdap gelşime öňdäki gapydan atylyp girdim welin, meň bolşumy geňlediler öýdýän, hemme kişiň gözi mende. Ýalt-ýult etdim-de, gabadymda aýnaň öňünde oturan bir gyzyň gapdalynda çökäýdim.
Oturan ornumda oňatja ornaşyp, çep gapdalyma gözümiň gytagyny çalarak aýladym. Onuň aýna seredip, şol oturyşy.
Göwrämi çalaja göterip, ýamaşgan oturdym. Parhyna-da däl. Ardynjyran bolup gördüm. Barmysyňam diýenok.
Zyýany ýok.
Boýny gaýyş sumkaly gelin deňimize gelenden, gyz ysgynsyzja dillendi:
-- Börmä çenli näçe tälemeli?
Koňduktora agzyny açmaga-da maý bermedim:
-- Togsan köpük!
Soňundanam içimden "Tüýs geçiň öň aýagy diýleni-dä" diýip, öz-özüme käýindim.
Meniňem şol oba bilet alýanymy eşidip, ol ýüzüme bir seretdi. Tas salam beripdim.
Ýol boýy dymyp barýar. Menem bewrümi diňläp otyryn. Näler habar gatasym gelýär welin, ýedi ýoluň ortasynda düşüp galmaly edäýermikä öýdübem gorkýan. Birden özi dillendýdi:
-- Bagyşlaň, siz börmelimi?
-- Hawa, börmeli — diýip, jogap gaýtardym-da, pikire çümdüm: "Be, bagyşlap-bagyşlamaz ýaly näme bar-aýt bu ýerde? Aý, hawa-da, näme biz bir oba oglany-da..."
Içimi bolsa it ýyrtyp barýar. "Kimiň garyndaşyka? Obamyzda kimlere barýarka? Soraýsammykam? Birden "Size barýan" diýäýse... Diýäýmez, arkaýyn bol. Öýüňiziň öňküje gelim-gidimine ýüz-müň şükur et-de, sümügiňi dagyňy bir süpür, han ogul..."
Aý, gel, soraýyn-la! Iýäýesi ýog-a. Ýaman etse "Ne işiň" diýer-dä...
-- Onsoň, nememi, bi barýan obaňyzda garyndaşyňyz dagyňyz bamy, ýa bir işjagaz bilenmi?
Aýnadan gözüni aýryp, bärligine öwrülen mahaly birhili ýaýylyp giden gaşlaryna gözüm düşdi. "Häzir başlar-ow"... Ýöne ol bolsa-da geçirimli adam eken, oba oglany bilen deň bolup durmady.
-- Garyndaşymyz-a ýok, ýöne praktika geçmäge barýan.
-- Haýsy sapakdan okatmaly? -- diýip , ätiýaç bilen gyzyklandym.
-- Ýok-la, men medinstituty gutardym. Indem siziň obasyzda bir-iki ýyl işlemeli.
-- Dogtor-da! -- diýip, gelen netijämi oklap goýberdim.
-- Şeýleräk ýaly... Ýogsa-da siz kolhozda näme iş edýäňiz?
"Agronom diýäýsemmikäm? Ynanasy ýok-la! Mugallym diýäýsem näderkä? Bolsa-da, ýigit, işdäň-ä bar-ow! Direktor bolasyň gelenokmy? Onda, näme, at gazanan mehanizator diýäýjek?.. Näme, oň yzynda durma gerek dälmi? Ahyry bir gün üst-ä açylar. Ondan ýöne göniňden geläý-dä..."
-- Gülmeseň aýdaýyn.
-- Wiý, siz-ä oňaraýdyňyz! Hiý, işiňem bir gülkünni bolýanmydyr?
"Bolýandyr, gaty bolýandyr, sypaýyçylyk eden bolýa" Okuwy ýetenmikä diýýän. Näme şunça ýyl şäherde okap, diňe doktorçylygy öwrenendir öýdýäňmi? Şäher durmuşy adamy hertaraplaýyn bişirip, tälim berip, ýaşaýyş älemine uçurym edip goýberýär... Aý, näme-de bolsa, adyny bir bilip galaýyn, aýtsa-ha, bizem gönimizden geleris, ýogsa-da ýaňy ýigrimi ýaşapdyrys, özümize lak atanam gyt bolasy ýok"...
-- Sen adyňy bir aýt maňa!
-- Adym Güljahan.
-- Güljahan diýsene... Ol-a gowy zat welin... Men-ä kolhozda belli bir işem edemok.
-- Wiý, siziň, näme, hünäriňiz ýokmudy?
-- Wah, gepem şonda-da! Hünär näme işlesin, zat näme işlesin. Ýöne... -- Uniwersalyň nämedigine-hä beletsiň-le?
-- Hawa, bilýän.
-- Bilseň, men şo-da! Gara işiň uniwersaly. Oragam oruberýän, jaýam salyberýän. Pagtany dagyny ekýänem, ýygýanam...
-- Orta bilimiňiz ýokmudy?
-- Bar. Bolanda näme? Üç ýyl dagy boldy alanyma. Ýöne, menem häzir kolhozda praktika geçýän. Okuwa-da indiki ýyl dagy synanjak öz-ä...
-- Ýogsa-da, siz näme öz adyňyzy aýdaňzok?
-- Şalar. Şalar meniň adym.
-- O-o! Nähili oňat adyňyz bar eken...
Şeýdip, kä dymyşyp, kä gürleşen bolup, ümzügimizi günbatara atyp, gidip otyrys...

2

Ine-de gezüňe söweýin, seleňläp oturan obam! Daş-töweregi çaga-çugadan doly duralga. Kölegesine ýaşuly baryny ýygnap, penjiredenem usullyk bilen syn edip duran dükan. Göz, çar tarapyň göz!..
"Salam, dogduk mekan! Salam, meniň bilesigelijilikden ýaňa eräp barýan obam! Hawa, men edil şu mahal kosmosdan geldim. Seredeweri, synlaweri! Ine, men raketadan düşýän. Gapdalymdakam Zöhre ýyldyzy. Ýere boş barmaýyn diýip, gaýdyşyn alyp gaýdyberdim. Neneň görýäňiz, bolupmy?"
Bir elimde Güljahanyň çemedany, beýleki elimde-de... ýeňsäm. Adam pahyr ýaýdansa, aljyrasa ýeňsesini gaşar eken. Indi gyzy nirä äkitjegimi bilmän masgara bolup durun. Ýene özi dadyma ýetäýdi:
-- Prawleniýäň jaýy haýsy, Şalar?
-- Ana, ho depesi baýdakly jaý. Keselhana-da şoň aňry ýüzündedir. Edara garşy ugranymyzdan häliden bäri gijäp duran bir dil dükanyň kölegesinden bärligine süýndi!
-- Öýüniz o tarapda, how, ýigit!
"Çemedany goýup, iliň öýä beýlede dursun, seni öz öýüňem tapmaz ýaly edäýse bor welin, wagtynda sakal gonberäýipsiň, ýaşuly!" diýip, içimi gepletdim-de, daşymdanam:
-- Taňry ýalkasyn, Baýmyrat aga! -- diýen bolaýdym.
Assyrynlyk bilen Güljahanyň ýüzüne bakamda, ýaşulyň gepinemi, meniň jogabymamy, garaz, onuň çalaja ýylgyrýanyna gözüm kaklyşdy...
Hamana başlygyň kyrk birinji ýylda ýitiren garyndaşyny tapyp gelen ýaly, gapyny çemedan bilen açyp, işikden ätledim. Kabinetde başlykdan başga-da, kolhozyň bir-iki sany suwçusy oturan eken. Özara maslahat bolara çemeli.
-- Baýram aga, salawmaleýkim! Ynha, men-ä obamyza bir doktor alyp geläýendirin... Giriber, Güljahan, giriber!.. -- diýip, suwçulaň ýüzüne bir göz aýladym. "Bä! Böwedini agdaran bolsamam beýle gözüni alartmazdylar".
-- Çekinme, gyzym, geçiber bärik! -- diýip, başlyk Güljahana tarap ugrady. Elleşip görüşdi.
-- Hany, stoluň başyna geç-de, otur birmeýdan, ýol ýadadandyr... Onda, şeýle, ýigitler! -- Başlyk suwçulara ýüzlendi. -- Siz häzir baryň-da, turbajyklary keşlere ýaýradyberiň, menem aňyrsy ýarym sagatdan meýdana aýlanyp gaýtjak. Galan meseläni şo ýerde çözäýeris...
Gezek maňa ýetdi.
-- Hawa, ýigit, sen, näme, ýol öwrenýäňmi? Soňky wagtlar iş bilen kän seriň ýok ýaly-la! Salyp başlan hammamyňyzy gutarma niýetiňiz barmy ýa-da her sapar suwa düşmek üçin Bama ýa Bäherdene gatnajak ýörjekmi?
-- Ýak, walla, Baýram aga, bizem bir zerur işimiz bolmasa, söw-söw syryp ýöremzog-a... Saglyk bolsa, aňry gitse bir hepdeden hammamyňam turbasyndan tüsse çykar.
-- Näderis, gyzym, ynanarysmy bu ýigide ýa ýene bir azajyk gyssarysmy? -- diýip, başlyk degişme äheňde Güljahandan sorady.
-- Ynanaýalyň, Baýram aga -- diýip, bir ýylgyrdy welin, tas ylgap baryp gujaklapdym. Elbetde, başlygy...
Ara düşen azajyk dymyşlykdan soň, başlyk gelen netijesi bilen bizi tanyş etdi:
-- Onda şeýle, gyzym, meniň-ä bir azajyk gyssagly işim bar, brigadalara aýlanyp gaýtmaly. Senem häzirlikçe, keselhanaň jaýyna bir bar, çemedanyňy Şalar göterişer, näme-de bolsa öwrenişen ýüküdir... -- Başlyk gözlerini güldürip, maňa tarap seredenden, menem hamana: "Tapdyň bu taýda utandyrjak adamyňy!" diýýän ýaly, göni gözüne seredip, "ýyrş" etdim. Baýram aga derrew ardynjyramak bilen boluberdi: "Hawa, şo ýerde-de obamyzyň baş wraçy bardyr -- Nazar Lukman diýýändirler, şu kagyzjygy şoňa eltip berseň häzirlikçe özi ýerleşdir...
Güljahanyň keşdelije sumkasynda gaýyp bolan kagyzda näme ýazylanyny biljek bolup, ýolda uly gaýga batdymam welin, näme, özüme degişli ýeri bolmansoň, sesimi çykarmadym...
11 лайков 690 просмотров
84комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:38
Otursamam-a oturdym welin, kän bir ekran bilen serim bolmady. Ömrümiñ dogduk obamda geçen ýigrimi ýylynyň içinde bütin süňňüm, kalbym, durkum bilen şäher küýsedim. Obadan pylan ýeri gowy ýa-da pylan zady artyk diýip aýdyp bilmesemem, şäheriň ululygy, giňligi, ýaşaýan ilatyň obadaka garaňda onlarça, ýüzlerçe köplügi, göripligiň, bahylçylygyň, bilesigelijiligiň, biri bilen synlap, beýlekisi bilen ýazgaryp duran gözleriň obadaka garanda onlarça, ýüzlerçe azlygy meni, nämüçindir, bu sapar has mäkämräk özüne çekdi.
"Eý, meniň ýalňyz mekanym, eziz obam! Sen meni ösdürdiň, ulaltdyň, kemala getirdiň. Ýöne sen meniň günämi öteweri, kämahal mejbury ýagdaýda men saňa-da igenip başlaýýan... Men neneň igenmäýin!? Hamana, meniň gapdalymda Güljahan däl-de, Güljemal han oturan ýaly, bütin zalyň gözi bize dikilgi. Ýerimden turup: "Ah-ow, doganlar, ekran aňry tarapda!.." diýip zowladybereslerim gelýär. Galyberse-de... Bagtygül, bir partada bile oturyp, näçe ýyl bile okan Bagtygül...
Ýedinjide -- ilkinji söýgim -- Bagtygül.
Sekizinjide -- ilkinji posam -- Bagtygül.
Dokuzynjyda -- ilkinji şarpygym -- Bagtygül. Onunjyda - ilkinji ýitgim - Bagtygül.
Bu gün saňa näme boldy, Bagtygül? Bu näme etdigiň boldy? Sen gabandyňmy, Bagtygül? Sen ar aldyňmy, Bagtygül?..
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:39
16

- Eýsem, sen şeýle boljagyny bilmediňmi?
Güljahan mamla, ýöne sorag ýerliksiz. Onsuzam meniñ ýüküm ýetik. Onsuzam bu şowsuz agşamyň göze ilmeýän günäsi goşa egnimden goşa dag bolup basyp dur...
Ot düşen kalbyma suw deregine nebit guýup barýan gyzyñ nähili çaltlyk bilen gabadyna geçip, iki goşaryndan ýapyşanymy duýman galypdyryn.
-- Men, näme, bilgeşlin şeýtdimmi, Güljahan?.. Ine, şeýle boldy-da, indi men nädeýin?..
Goşarlar goşa balyga öwrülip, golumdan sypdy.
-- Gijäň rahat, Şalar!..
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:39
17

Şol gezekki ýaly "rahat" geçen gijeler soňam näçe sapar gaýtalandy. Bir hepdeläp keselhana aýak sekilen däldir. Ýöne, şo hepde maňa gaty agyr degdi. Dogrusy, horlandymam. Ýene bir aý dagy şeýdip, içimi hümledip, çaý-nahardan tumşugymy sowup gezen bolsam, walla, ýyrtyk jorapdan barmaklaň çykyşy ýaly süñklerim hamymdan çykyp ugrarmyka diýdim. Öňem biri: "Yşgyň ody ýaman eken, waý, janlarym!" diýip, garaçyny bilen bagyran eken. Bagyrtjak bü... Pyragynyñ: "Yşk dagyn assalar gögüň boýnundan, gök titreýip, çekebilmez bu derdi" diýen setirleri-dagy ýadyña düşýä welin, edil iniň dyglaberýär...
Onsoňam, adam pahyr şü ýitgi diýlen zat bilen öwrenişibilmän geçjek eken. Baý, onuň her sapar agyr degäýşini!
A ýitgiler hil-hil bolýar. Biri bar, ujypsyzjadyr -- diňe gaşyňy çytdyrýar, ýene biri bar, eslijedir -- agladýar... Käsi ýer ýumrukladýar. Käbiri saçyňy agardýar. Käbiri bolsa o dünýä ugradyp goýberýär...
Erkimi elimden alan bu täsin duýgynyň çyn söýgüdigine ýaňy bir gözüm ýetip ugran wagty yşk dagynyň çür depesinden kelemenläp gaýdyp, ahmyr deresiniň düýbüne çym-pytrak bolup düşmek howpy üstüme gara bulut bolup abanan pursady, gepiň gysgasy, Güljahan atly ullakan bir materigiň meniň dünýämden bölünip, Näbellilik okeanynyň däli gomlarynyň astynda ýitjek bolup duran mahaly, özi umytdan, kürekleri ynamdan ýasalan ýeke-täk gaýygymy akymyň ugruna kaýyllyk bilen, has dogrusy, haýynlyk bilen kowup goýbermegi men-ä başarjak däl...
Ýogsa-da, beýle ýagdaý hemme kişide-de bolýarmyka: şeýle gyzyň şu ýalançyda bardygyny bilmänem, ýigrimi ýyl ýaşapdyryn. Indi welin oňa bir hepde gözüm düşmedi welin, ertire-de çykmajak ýaly... Irde-giçde dolanjagymam-a edil aýna seredilen ýaly. Şonuň üçinem wagty biderek ýitirmän, hut şu gün agşam baraýyn.
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:40
18

Işden gelip, hasyr-husur ýuwnup, sakgalymy syrdym. Oňatja geýnemsoň surata düşjek ýaş şahyr ýaly aýnaň öňünde-de eýläme-beýläme öwrülip, ýüzümi dagymy her hili edip, ýarym sagat durdum. Ýarty çüýşe atyram guýdum depämden wagladyp. Ejemiň gapdalyndan geçip, daşky gapa ýönelemde, görgüli, eli bilen burnuny tutup, zordan gürledi:
-- Şalar jan, nirä oglum?
Keýpimiziñ galyp ugran wagty biziň jogabymyzam näme, ýeke söz-dä:
-- Gudaçylyga!..
Añk-taňk bolup galan biçäre yzymdan elewräp çykyp, howlyň agzynda nirä barýanymy synlap durandyr diýip, gümanam etmämsoň, enaýyja sykylyk atyp, Nazar Lukmanyň depesi gyrmyzy baýdakly "köşgüne" tarap ýola rowana boldum.
Keselhanaň gapysyndan ätlänimem şoldy welin, Güljahanyň otagyndan çykyp gelýän Bagtygül bilen tas çakyşypdym. Gapdalymdan şowurdap geçen gelniñ ýüzüne gözüm kaklyşanda welin, ýüregim "jig-g" edip gitdi...
"Eý, Hudaý, bu nämäň alamatyka? Ýeri, muňa näme bolduka?" Dogrusy, men birbada gözlerime ynanmadym. Bu gabaklary ýellenip giden gara gözlerinden boýur-boýur ýaş döküp, çykyp barýan gelin, dogrudanam, Bagtygülmi?..
Meni bir agyr sürini harasatly çölde taşlap gaýdyberen çopandanam bäşbeter ýazgaryp, "Kolhozyň zerur işinden özbaşdak boýun gaçyrany üçin berk duýduryş berilmegini teklip edýän" diýip, komsomol ýygnagynda üstüme abanyp durany üç-dört günlükde dälmidi?
Adamsy Amanmämmet bilen klubuň işiginde kinoň başlaryna garaşyp, iki-ýana gezim edip ýöreni öten agşam dälmidi?
Kabinetinde diwar gazetini redaktirläp, ýylgyryp oturany ýap-ýaňy dälmidi?..
-- Şalar, kän durjakmy indi şeýdip koridorda?
Duýdansyz sowaly bilen pikirimi bölen Güljahanyň ýüzi diýseň aladaly göründi.
-- Hä, Güljahan?.. Aý, ýok-la!.. Men ýöne... Salam.
Otagda ýüzbe-ýüz durus...
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:40
Bagtygülüň ýaňagyndan syrygýan damjalar göýä meniň beýnime damyp duran ýaly. Men özümiň nämüçin gelenimi ýadymdan çykardym. Gyzyň galagoply gözlerine soragly nazarymy dikip, näçe duranymy bilemok...
-- Bagtygüle näme bolupdyr, Güljahan?
Beýle dartgynly pursatda biçak parahat ýaňlanan jogap meni uly iňkise goýdy:
-- Urup aglamasan-a, Şalar... Saňa gelşenok...
Kimde-kim geň galmagyň çägi bar diýseler ýakasyndan tutup, göni meniň ýanyma alyp gaýdyberiň. "Galat aýdýaň, şepe!" diýip, göni dikleşäýerin! Jenaýatda aýyplanýan bigünä ýaly, ýöne gözlerimi tegeläp agzymy açyp dursam näme!
Bir şahyr aýtmyşlaýyn, öňem bir agaçdan gaýyp gelýän ýaprajyk özi bilen oýun edilýändir öýdüp, "Meni ýene-de öňki şahama gaýtaryp eltsene!.." diýip, şemala ýalbaranmyş... Galyberse-de, durmuşda özüňe zor salyp mejbury ýylgyrylýan pursatlaram ýeterlik bolsa gerek, ylalaşaýyň!..
-- Aý, oýun edýänsiň-le, Güljahan!.. Şeýle dälmi?
-- Mümkin...
Ýöne, bu meniň söýgim ýaly owsun atyp duran şar gara saçyň ujuny meniň umydym ýaly inçejik barmaga sarap bir doňup, bir eräp, penjirä garap duran gyz oýun edýäne meňzänokdy.
-- Seniň gara çynyň ýaly-la, Güljahan?
-- Mümkin...
Kelebiň ujy ýitip ugrady.
...Bu agşamyň näme bilen gutarjagy belli däldi, ýöne bir seretsem işikde Daňatar mugallymyň on-on iki ýaşly dogmasy sümügini çekip dur... Güljahanyň ýüzüne seretdi-seretdi-de, ady ýadyna düşmedimi, nämemi, maňa ýüzlendi:
-- Şalar, kakam kelläm agyrýa diýýä, sitromon bersin diýýä...
Janyñ ýanyp durka, muň ýaly zat dagy artykmaç degjek eken.
-- Şo derman bilen oňýamy ýa baryp operasiýa-da edip gaýdaýynmy?..
-- Şalar!
Gyzyñ sesi ýuwaşragam bolsa, meňkiden dözümliräk ýañlandy. Bir mahallar şeýdip, seretmesiz ýerlere tiñkämi dikiberemde, edil şu hili ses bilen rus mugallymamyz gygyrardy...
Ýañky gözagyrysy gözhakyny alyp, gelşi ýalam sessiz-üýnsüz sumat bolansoň, goýberen biedepligimi tasa getirjek bolup, hüjüm edilmänkä, goraga geçdim:
-- Dogry-da walla, kellesi agyrýamyş... Sitromon gerekmiş. Öňler-ä her kim özünde näme keseliň bardygynam bilmez eken welin, bu zamanyň syrkawy haýsy dermanyñ gerekdigine çenli bilip dur. Olaň kellesi köpbilmişlikden agyrýandyr...
- Mümkin...
Kelebiñ ujy ýitdi.
Bu gysgajyk, buz ýaly "mümkinler" meniň başymy-gözümi aýlady. Mümkin, bu arada gizlin bir syr bar, mümkin, üýtgeşik bir gep bar...
Mümkip, dogrudanam, belaň körügi mendedir? Mümkin, men bu sapar ýalňyşyp, ýat işigi kakyp, bimahal çak garaşylmadyk myhmandyryn?..
Gyzgyn gyz gujagyndan tamamy üzüp, gijäň salkyn gujagyna özümi oklamda, öňümden ýene bir derdini goltuklap gelýän bende çykdy...
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:41
19

Gara ýeriň gözüni ak gara zar edip, bu gyşam geçip gitdi. Käbir ülkeleriň tomsuna gaýra dur diýibiljek gyş saparam janly-jemendä ýüzüň üstünde burnuň bar diýmedi. Arly gyşy köýnekçe diýen ýaly geçiren adamlar indi öz gezeginde baharyñ, näme hokga çykarjagyna sabyrsyzlyk bilen garaşyp ugradylar.
Uzak garaşmaly bolmady. Bu gün özüniň üç ýüz altmyş bäş dürli donunyň iň bir ýukadan ýakymsyzyny geýen tüçjar tebigat alabaharyň owurdyny sowujak şemaldan dolduryp, alan galaň özüňki diýip goýberdi.
Aşakda eliň tersi bilen ýol ugruna zyňlyp goýberilen çilim gaplary, kimden gaçyp, nirelerde çykanyny özlerem bilmeýän müň dürli kagyz bölejikleri, agajyndan aýra düşenine ahmyr edip ýer bagyrtlap ýatan ýapraklar... girere deşik tapman, ters aýlanlanyp ugrasalar, ýokarda ykmanda bulutlar täze bir nätanyş ýaýlaga sürlüp barýan goýunlar ýaly, göwünli-göwünsiz süýşüşip başlady...
Meniň awara kalbymda gopýan harasat welin bujagaz şemalyň çaky däldi.
"Eýsem, men indi şeýdip, bu ýalançydan içimi gepledip geçäýmeli bormukam? Çeňňegini kenarda taşlap tylla balygy eli bilen tutjak bolup ýören balykçy ýedi yklymda menden başga-da barmykan? Meniň şujagaz günümi kän görýän ýaly, Bagtygülüň hokgasy näme diýsene! Ýeri, giden bir respublikanyň iň uly wuzunda gaýybana okap ýörsüň, abraýlyja işde işläp ýörsüñ gül ýaly maşgalaň, şarňyldap duran howluly köşk ýaly öýüň bar, senem şeýdip, ýarym-ýaş bolup ýörseñ biz dagy onda ömrümizi uwlap ötüräýmeli... Ýeri, Güljahana näme diýjek? Ol-a göni gözüň içine seredip: "Bagtygüli sen agladýaň" diýip durandyr. Goýaweri keýgim, biziň-ä ozalam günämiz ýetik, munyñ artykmaç. Bagtygül ikimiziň biri-birimizi agladýanymyz, bilýäňmi haçandy?.. Men entek Bagtygüli öz ugruna kowaýyn... Şemalyň garşysyna gaýdyrylyp goýberilen ýukajyk tagta ýene gaýdyp öňki zyňylan ýerine düşýär. Eger Bagtygül şo saparky, nähak şarpyk iýen bigünä çaga gözýaşy deý damjalaryň alma ýaňaklardan syrygyp gaýdanyny menden görýän bolsa, ahyry bir gün gabat garşyma geçip, maňa-da içini döker. Ana, şonda, belki, ýene Bagtygül aglar, belki, meniň gäzlerime ýaş aýlanar, belki-de seniň okara deý gara gözleriňden düzüm-düzüm monjuklar paýrap gider, Güljahan!.. A häzir... Men diňe ikimiziň aramyzdaky duýgudan belli bir netije çykarmak isleýän. Bu meseläni men soňa goýup biljek däl. Hatda ertire-de. Mümkin soňra giç bolar, mümkin, puç bolar... Kim bilýä ...Häzir sagat dokuzyň ýary. Daş işigiňde ýaltaklap, garalyp duran penjiräňe göz dikip duranyma ýarym sagat bolup barýa... Gör, sen bu mahal haýsy bir dertli bendäň başujuny alyp, alada batyp oturansyň, a men bolsa bärde özümiň ýalňyz derdimi doga edip dakynyp, seniň huzuryña zyýarata gelip durun..."
Özüniň kesgirje dili bilen gulak-burnuňy, ýaňaklaryñy irginsizlik bilen ýalap duran mysapyrja şemal wagtal-wagtal buz ýaly elini, garagol çaga deýin, ýakaňdan sokaýjak bolýar.
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:41
Sowuk.
Mart aýyna meňzeş däl.
Beýdip, işsiz-pişesiz bir ýerde gazarylyp duranymdan bolsa gerek, ýanwarda-da beýle üşänimi bilemok... Dogrusy, yssy howa bilen onuşýan. Kyrk-elli gradus ýylaýsyn, piňime-de däl, ýöne sowuga welin duranja ýerim...
Bir zada güýmenseň ýene ýagşy, wadalaşyp garaşsañ hasam ýagşy... A men ýöne durun: Edýän işimem ýok. Çagyrylybam gelemok. Dilleşibem... Ine şu gün Güljahan bilen bellisini edäýmesem, göm-gök bolup gatap galsamam, gitmejegim çynym. Bu mähek daşy deý syr saklap, meniň gözüme özi bir Tutuş syra öwrülip giden gyza beýdip, juda ynamly garaşyp, ikimiziň aramyzdaky gatnaşyk barada beýle-beýle pikirler öwrüp durmaga eýsem, meniň hakym bir barmy? Beýle etmäge mende esas bir barmy? Ilki bilen özüme şo sowaly bir berip görmelidigim kelläme-de gelenok... Dogrusyny aýtsam, bu gaty kyn sowal... Ýok, munuň jogaby kyn däl, gaýtam ýeke agyz söz. Ýöne, beýle jogap bilen ylalaşyp bolýamy näme?!
Şo zeiilli ýakymsyz, murdar sowallar başga-da gyt däl. Ine, olaň biri: Kim sen?
Ýyly ýorgan ýapynyp düýşüňde dary görüp ýatmaly halyňa beýdip, garaňky gijäň gara şalyny ýapynyp, bir maşgalaň işiginde eýesiz it ýaly gagşap durarça, kim bolupsyň sen?
Ýeri, göterişseň göterişipsiň-dä çemedanyny! Öňräk Hesel ejäň dükandan alan bir halta ununy göterişip, öýüne-de eltdiň-ä, görgüli "Taňry ýalkasyn" diýip ýetişmänkä, yzyňa garaman, ökjäni göterdiň.
Hawa, bir sapar kino gitdim diýjek bolýaňmy? Hally kerem onça ýalbaran bolsan, leksiýa diňlemäne giderdi.
Iň esasy tutarygyňam gyzyň: "Içim gysýa, käwagt, gelip dur" diýen haýyşy. Bar, diýäýenem eken-dä! Görgüli, näbilsin seň beýdip, öýüňden-öwzaryňdan geçip keselhana garawul bolaýjagyňy! Diýenine puşman etdiräýmeli däl ahbetin!..
Onda näme dursuň?
Indi näme dursuň, ýigit?
Men -- aşyk.
Men Güljahany söýýän.
Telwas
Автор 15 май 2022, 09:42
Söýginiň, mukaddes söýginiň, dört ýaşly çaga kalby deý arassa söýginiň müň bir ýodaly, şirin hupbatly ýalňyz ýoluna gadam goýanyma ymykly gözüm ýetýär...
Bu sowujak şemala buýra saçlaryny ykjadyp duran garabaş öz ulaşan ýowuz söwdasyna gurban bolsun.
Ýöne... Ah, şu "ýöneler" gurasyn. Olar bar ukybyñy, gaýratyňy jemläp, ýaňy bir çylşyrymly meseläni çözüp, uludan dem alarsyň welin, ýaňyja dynan aladañyñ eşigini çalşyrar-da, başga bir sypatda getirip, ýene öňüňe oklar...
Bolýar. Sen aşyk bolupsyň. Kalbyňdaky gyzgyn söýgiñ mährinden ýaňa eräp-akyp barýaň. Gözüň aýdyň. A gyz, gyz! Onuň sen hakda näme pikirler edip, neneňsi netijä gelip ýöreninden habaryň bir barmy?
Ýok. Habarym ýok. Emma bu meniň günäm däl. Gowşak taraymam däl. "Çemçe naharda gerek" Başga wagt ol hiç kimiň ýadyna-da düşenok. Herki zadyň öz wagty bolup, şol wagta ýetmegiň bolsa öz degişli şertleri bar.
Güljahan men hakda näme pikir edýär? Ol meniň bu mukaddes duýgyma haýsy jähtden garaýar? Ine, şu gün, hut şu agşam, bu sowala jogap gözlemegiň wagty geldi diýip, hasap edýän. Hawa, men bu gapa hut şu maksat bilenem geldim...
Ine, gardaş, men nämüçin geldim! Ine, men näme üçin durun!.. Eger-de kimde-kim çyn söýgiň gülälekli, tikenekli meýdanynda sergezdan bolup, dumanly seri arşa ýetip duran Yşk dagynyň etegine gelip, onuñ üstüne çykmak üçin özünde ýeterlik derejede tutanýerliligiň, gujuryň, ynamyň hem-de yhlasyň ýokdugy sebäpli ol dagyň öwrümli kötellerine, uçutly kemerine gözi düşüp, başy aýlansa, onda ol bende gorkudan dörän derini hem ejizlikden emele gelen gözýaşyny gury ýandak bilen syryp, göni yzyna dolanaýsyn!..
Yhlas paltam şowsuzlyk daştya degip, ondanam taýyp, aýagyma degende-de, men bu ýoldan dönmen...
Men bu gün durşum bilen ynam. Durşum bilen hyjuw. Men -- takat.
Men bu gün guzynyň bokurdagyndan ýapyşan möjegiñ bokurdagyndan ýapyşan goýun iti.
Men bu gün -- "Ýar ýolunda her ne bolsam bolaýyn, hazan uran gül dek solsam solaýyn" diýip, ýola çykan Şazada.
Bu gün men -- "Almaý gitmez demir donly bu ýerden" diýip, ýer depip duran Görogly.
"Mejnun kibi çölde gezen, saýyl bolup, ilde gezen, aşyk bolup, ýolda gezen" Garyp men!
Bu gün men -z Seýdi: "ÝA alar, ýa öler, merdana begler!"
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:28
20

Garaşmagyň lezzeti ejirinden, ejiri lezzetinden güýçli. Aýratynam, munuň ýaly hyrsyz asmanyñ gap-gara bolup üstüňe abanyp duran pursady. Gagşap durşuňa ýüz-müň hyýala baş urýaň, şol bir wagtyñ özünde-de belli bir pikiriň başyny jemläp bolanok. Öz-özüňe göwünlik beren bolýaň, gyjalat beren bolýañ, wagtyň tizräk geçmegi üçin ýok zatlaryň başyny agyrdyp, az wagtlygam bolsa ünsüňi başga zada sowan bolýañ.
"Şu mahal biri depämden bir bedre sowuk suw guýaýsa..." Ine şu bolup durşuma, meniňem kelläme gelýän zat. Bu göräýmäge biderek, boş pikire öz ýanyndan ýylgyranymam şoldy welin, beýle gapdalymda pişik basyşyny edip gelýän bir gara gözüm düşdi. Serhedi bozup geçen gaçakçy ýaly, üsti çyraly sütüniňem hol beýlesinden aýlanyp, keselhanaň agzyna gelen pyýadaň ýüzüne çyraň öçügsi şöhlesi çaýylyp gidende, depämden bir bedre sowuk suw, dogrudanam guýlaýdymyka öýtdüm...
Bu Hydyr ýaly-la!.. Edil özi. Ýeri, muňa näme gerekkä?.. Bolup gelş-ä näsaga meňzonok. Muň ýalt-ýulty nämekä?..
Ýagtyň düşmeýän ýerinde, diwara gysylyp durun. Hernäçe ýaltaklasa-da, Hydyryň maňa gözi düşmedi öýdýän.
Ol ýuwaşlyk bilen Güljahanyň penjiresiniñ öňüne baryp, aýnany çalajadan üç-dört gezek tyrkyldatdy. Ses-üýn ýok. Bu mahal, göwnüme bolmasa, şemalam ýatyp, bu zatlaň soňy näme bilen gutararka diýip, bir gapdalda synlap duran ýalydy...
Hydyr ýene aýnany kakdy. Ýene ümsümlik. Üçünji saparky tyrkyldy dözümlije çykdy... Men saklanyp bilmedim:
-- Hawa, giriber, han, giriber!
Görgüli, tas, dogrudanam, giripdi. Penjire açyk dagy bolsa duýdansyz çykan sesden gorkup, allaniçigsi bolan ýigit göni otagyň içine özüni zyňýady, bolsa-da saklandy...
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:30
Özüm Hydyryň ýerine bolan bolsam, mümkin, onça-da bolmazdym, ýöne biziň iñ bir utýan tarapymyz şo-da, ýagny, biziň içimizdäkin-ä hiç kim bilenok, özümizem öläýsegem aýtjak däl, onsoň il bendäň arasynda gomparyşan bolup, gezişip ýörüs-dä. Şonuň üçinem öz ýanymdan: "Aý, towşan bol-a, zaňňar!.. Bujagaz ýüregi bilen munuň baş goşup ýeren söwdasyna bir serediň-ä" diýen bolup, bukulyp duran ýerimi gaty arkaýyn taşladym-da, galpyldap duran brigadirimiň gapdalyna geldim:
- Ýeri-ow, gardaş, ýaman gyssanmaç görünýäň-le, derdiň gaty agyr öýdýän?..
Melgunyň ruhy ýaly bolup, garaňkydan zompa çykan pyýadanyň mendigini gören Hydyr, biraz özüni ele aldy:
-- Senm-äý, öwlüýä kessin?.. Al-arwahsyň äýdüp, tas bokurdagyňa ýapyşypdym...
"Gördük-le nämä ýapyşýanyňy... Ondan ýöne "Lukman agasyň öýdüp, tas ýazzyny beripdim" diý-de, göniňden geläý-dä...
-- Näme, krowatdan ýykyldyňmy ýa bir ýakymsyz düýş gördüňmi, eýgilik bol-a?
-- Aý, ýok-la, diş heläk edýä. Halys uklatmady. Heý, bir haýry degäýjek tabletkajyk dagy tapylmazmyka diýip, gaýdyberdim...
"Keselimiz-ä bir eken, gardaş, hany göreli haýsymyz öň gutularkak... Ikimiz biri-birimizi bejermeli bolaýmasagam ýagşy".
-- Be, şeý diýsene... Aý, şu dişagyry gurasyn, gaty erbet zatdyr. Sogurdyp dynaýmasaň, hezil bermez... Haçandan bäri azar berýä?
-- Düýn başlady-laý... Dört-bäş sany şänik döwen bolaýypdym-da.
"Düýn bolsa ýagşy-la, biziňk-ä Güljahan geleli bäri ynjalyk berýän däldir. Meniň-ä, dogrusy, Güljahany şol ilki göremde agzyma şänik atyşym. Şu günem şony döwmäge geldim..."
-- Hawa, menem ýaňyrak geldim. Ýakymsyz bir zat iýipdirinmi, nämemi, içimden bir zat tutup, halys ýatyrmady. Dogtarlaram bir ýere gyssagly çagyrylypdyr öýdýän, hijisem ýok eken.
-- Aý, bolmasa ertire çenli çydaýmaly bor-da hany ýene bir uklajak bolup synanyşaýyn, irkilip bolmazmyka... Gitdim onda men-ä...
"Gitseň git welin, gulagyňda iňlesin dursun, ömrüñ ötinçä-de çydamaly bormukañ diýýän. Dogry aýdýañ, sen gowusy git-de, arkaýyn irkiljek bol. Ýöne, näbileýin, indi ikimize ine-gana uky haram bolaýmasa..."
Durmuş kä halatlarda adamdan adatdan daşary sowukganlylygy talap edýär. Müňkürlik, janyýangynlyk, gahar-gazap, aý, garaz şu tetelli bolgusyz duýgular käte adamyň haý-waýyna-da garaman, onuň erk ygtyýaryny elinden alyp, öz hökümini ýöretjek bolup durlar. Ýaňy dagy Hydyr bilen gürleşemde duzly-şerebeli, otly-ýalynly sözler bogazymda dykyn urup dur welin, näme, sypaýyçylygam gerek. Ätiýajam elden bermeli däl.
Gepiň gysgasy, şindem durun.
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:30
Göwnüme bolmasa, keselhanaň garalyp duran jaýy tutuşlygyna "Hydyr nämüçin gelip gitdi" diýen ullakan bir jümlä öwrülip, özümem şol jümläniň yzyna ýelmenen sorag alamatyna meňzäp durun.
Göwnüme bolmasa, häliden bäri görünmän durup, indem niredendir bir ýerden peýda bolan ýyldyzlaram iki hatara düzülip, Güljahanyň ilki adyny eşidemdäki güpbe ýadyma düşen Gara Seýitliň beýhuş ediji iki setiri tutuş asman giňişligine lowurdap duran harplar bilen ýazylan ýalydy:
"Ölmez, Güljahanym, saña ýar bolan,
Gülmez, Güljahanym, saňa zar bolan..."
Sagat onuň ýary.
Güljahanyň gyýma gaşlaryna çalym edip ugran ýarym Aý ýüzüne bulutlardan tutunan nikabyny emaý bilen bir gapdala syryp, ýüzüniň alysda galan aşygy Zemine eda bilen gözüniň gyýtagyny aýlady. Böwedini ýaran däli suw ýaly bir ýerde bir deşik bolsa sümlüp çykan harsydünýe şemalam ýoldan-yzdan ýygnan gerek-ýaragyny öňüne salyp, bireýýäm owarradan çykdy...
Asmandaky ýarym Aýdan maňa haraý ýok. Men Zemindäki dolan aýa garaşýan.
Men öz ýalňyz aýyma, yşk mülkünden paýyma, gara gaşy ýaýyma, nesip etse taýyma, zalym agalarynyň nejis pygyllarynyň bialaç pidasy bolup, iki gözi oýulyp, guýa taşlanan Hemranyň ýalňyz uýasy Güljemiläniň gözlerinden ganly ýaşyň umyt asmanyndan gudrat buludynyň dirilik çabgasy bolup, öz üstüne dökülmegine garaşyşy deý garaşyp durun..."
Gelýär!
Kellämdäki pikirler edil oturan agajyna daş atylan serçeler ýaly, dyr-pytrak boldy. Gulagyma gapyñ deşiginde iki tarapa çabalanýan açaryň şykyrdysy bilen ýüregimiň gürsüldisinden başga zat ilenok. Girip öz otagynyň çyrasyny ýakýança, zordan saklandym.
Koridory sarsdyryp barýan aýak sesim gelýäni kimdigini oňatja düşündiripdir öýdýän, işigi iki sapar kakyp-kakmankam, gapy usullyk bilen açyldy.. Bir ädim. Bary-ýogy bir ädim.
Gyz ýere bakýar.
Ikimizi bölüp duran bir ädim serhet bozulmaly. Men ony bozýan hem-de Güljahanyñ iki egnine emaý bilen elimi ýetirýän. Birhili naýynjar, şol bi wagtyň özünde-de howsalaly göreçler meniň gözlerime dikilýär... ýüregime daş baglaýan:
-- Güljahan...
Okarasyna ýaş çaýylan gara gözler bagrymdan parran geçýär. Titräp duran gyz göwresi maňa tarap owsun atýar.
-- Goýsana, Şalar!.. Haýyş edýän...
Bu çepiksije göwre meniň gujagymy giden bir dünýä bolup doldurýar. Men gözlerimi ýumýan.
Bu zatlar göýä düýş ýaly, göýä gezlerimi açaýsam bu meniň kükregime başyny goýup, gyzgyn gözýaşy bilen ýakamy ezip, hossarsyz çaga deý gysmyljyrap duran gyz gaýyp bolup ätägitjek ýaly, iki gözümem ýumup durşuma, peýkam deý kirpikleriň arasyndan syzylyp, aşaklygyna syrylyp gaýdan ýalňyz damjanyñ yzyny dodaklarym bilen yzarlap gaýtdym. Damja şol syrylyp gelşine tirpildäp duran teşne dodagyň üstünde bir säginen mahaly welin, ony gaty çalasynlyk bilen garbap aldym. Soňky gelen goşa damjanyň öňünden çykyp durmadym, olara şol dodaklaryň üstünde garaşyp, şol ýerde-de kabul etdim.
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:31
-- Güljahan!..
Bu ýeke söz meniň ýarylara gelen gursagymdan, giden bir goşundan bir özi galan agyr ýaraly esgeriň iňňildisi deý, şeýle bir ysgynsyz, şeýle bir pessaý çykdy. Beýhuş ediji ümsümligi bölen başga bir owaz welin has ýuwaş, has zaryn ýaňlandy:
-- Ah, Şalar!..
Huşumyzy başymyzdan uçuran haýsydyr bir melgun duýgy, haýsydyr bir syrly güýç bizi dälilik katdyna ýetirip, ikimizem göteräge-de, ýalňyz ýassygynyň üstüne nepis nagyşly enaýyja ýaglyk ýapynyp, gapdalda galpyldap duran insizje krowadyň üstüne palçyldadyp oklaýarly göründi. Ygtyýary giden ellerim bolsa bu lowlap duran bedeniň has gyzgyn ýerlerine ymtylyp başlady...
Bilmedim, gulplanmadyk işikmi, bilmedim, ýanyp uran çyramy, bilmedim, başga bir gorkumy, gorkudan gözi açylan pähimmi, yzyna dolanan paýhasmy, garaz, torumdan sypan tylla balyk bir görsem penjiräñ agzynda aňyrsyna bakyp dur...
Hyrra yzyna öwrülip, göni gözüme seredäýen bolsa, duran ýerimde ýere girerdim. Henize çenli öz-özüme şeýle gahar edip, öz-özümi şeýle ýigrenen ýerim ýokdy. Meniň üçin ol häzir aglap duranam bolsa, müň esse gowy bordy, bolmanda ýene elimi egnine goýup, göwünlik beren bolardym. Ýöne, ýañky demi demiňe ýetmän, elewräp duran gyzdan nam-nyşan ýokdy. Oňa derek penjiräň agzynda mermer daşyndan ýasalan buz ýaly heýkel sessiz-üýnsüz doňup durdy.
...Begençmi-gynançmy, şatlykmy-gaýgymy bilemok, garaz, garym-gatym düşnüksiz duýgulardan ýükümi tutup, öýe geldim-de, şol durşuma krowata gyşardym...
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:32
21

-- Öten agşam nirelerde otlap-suwlanyňy bilip bolmazmyka, ýigit?
Hamana, bu sowal seredip oturan "Tokmagynda" ýazylgy ýaly, kakam jurnaldan gözüni aýyrman maña ýuzlenýär. Ejemiň ýüzem hemişekisinden aladaly.
Çynlakaý hasabatyň soraljagy görnüp dur. Işden ýadap gelibem, agşamky çaýyň başynda edilmeli bu adatdan daşary hem nobatdan daşary resmi gürrüň meniň çetime degjek bolýar. Başardygymdan arkaýynlyga salyp, parahat äheňde jogap berýän:
-- Kinoda boldum.
-- Eger dogrujaňdan gelseň? -- Kakamyň sesi öňki sowala garanyňda azajyk güýçlendi. -- Hany, gowuja ýadyňa saljak bol.
-- Meň entek kelläm ýerinde, kaka! -- Ýeňsämiň gyzyp ugranyny aňýan -- Ýadyma salyp-salmaz ýaly otuz ýyl geçenok, öten agşam klubda boldum.
-- Seň kelläň ýerinde däl-ow, bidöwlet! Buýtar-suýtar bilen sypjagyňy, sypmajagyňy bileňokmy indi? Birinjiden-ä, sen kluba aýagyňam sekmänsiň. Ikinjidenem, on biriň ýarynda klub ýapyldy. Men senden biriň ýaryna çenli nirede bolduň diýip soraýan!
Köneje tegelek äýnegiň aňyrsyndan gozgalaňly garaýan ene gözleri "Dogryňdan geläý, oglum, kakaň ähli zatdan habarly" diýýärdi.
Käsämiň düýbünde somalyp duran boýçyny synlap oturyşyma, uly iňkise gitdim. "Bu zatlar kime gerekkä? Hydyramy? Bagtygülemi? Eýsem, Lukman agamy? Belaň körügi Hydyrda bolmaly... Ýok, gardaş, munyň-a däl seň. Gep gezdirip, gybat edip döwlet tapan enteg-ä ýok, indem bolmazmyka diýýän. Güljahandan tamaň edil tala daňlan ýaly bolaýsyn. Seniň bujagaz gazan çukuryňa gaçmajag-a borun, şepe. Başarsam, bat alyp, böküp geçerin, başarmasam, hol beýleräkden aýlanyp geçerin, arkaýyn bol, içine ýykylman. Ah, ýylan! Ah, alahöwren!.."
-- Ýene bir sapar soraýan, öten agşam sekiziň ýaryndan biriň ýaryna çenli nirelerde kaňkadyñ, han ogul?
"Sen suwçy bolman sülçi bolmaly ekeniň, ýaşuly..."
-- Sen ony menden gowurak bilýän ýaly-la, kaka!..
-- Men saňa ene-ata bilen nähili gürleşmelidigini görkezerin, bihepbe! -- Ol käsesini ýerde goýup tirsegine galandan, jigilerim ýeke-ekeden içki otaga süzüberdi
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:33
Ejem bu saparam saklanyp bilmedi:
-- Gaharlanmasan-a, mirap, ýaş oglandyr-da...
-- Senden zat soralanok, ediber eliňdäki işiňi! "Ýaş oglan, ýaş oglan" diýib-ä, başyna goýberdiň! Ýykyk öwlüýäň müjewüri ýaly bolup, uzyn gije bir naçaryň gapysyny garawullap, uly ile gürrüň bolup ýören boýnyýogynyň nämesi "ýaş oglanmyş?" Obada, onda-da gözüň alnynda şeýdip, ýarygijä çenli bolgusyz ýerlerde syňsyraklap ýör, şäherde dagy näder Öýdýäň? -- Bir zat diýjek bolup, agzymy açanyma mähetdel, al-petimden aldy. -- Kes sesiňi, bidöwlet! Gulagyñda iñlesin dursun: dagy-duwara şoñ ýaly biderek ýerde sümsünip ýöreniñi göräýsem ýa eşidäýsem, men saña şeýle bir şäher görkezerin, hol ergenekden añryk bir ädimem ätmersiñ... Beýle ölüp-öçüp barýan bolsañ, aýt, Ahalda adyñy tutan maşgalañy getirip, ýorganyňa dykaýyn... Utanmadyňmy, uýalmadyňmy, men-ä saňa başga näme diýjegimi bilemok. Sakalymy sallap, iliň gybatyny diňläp ýörmek maňa-ha gaty ýokuş degýä, han ogul...
Indi bir zat diýsem, gopgunyň ula sapjagy bes-belli. Şonuň üçinem özüme zor salyp, dişimi gysdym. Elbetde, bir tarapdan seretseň, kakamyňky dogram. Öz ýüreginden ĺnen perzendiň ne söwdalara baş goşup ýörenini öz agzyndan däl-de il-günden eşitmegi hiç kimem halamaz. Galyberse-de oňa wakalaryň bolşundanam bäş beter edilip ýetirilendigi görnüp dur. Onsaňam, kim bilýä, turuwbaşdan gaňňamy garnyma alman, her sowala ýazykly ýüzümi aşak salyp, ýer dyrmap jogap beren bolsam, belki, gürrüň başga, sypaýyrak bir ugra syrygardy... Beýdip, özümden hasabat soralmagyna diňe Hydyr günäkär diýip, hasap edýän. Dur, gardaş, senem edil şeýdipjik, meniň öňümde hasabat berersiň!..
Dogrusyny aýtsam, ozallar men göreşip ýören adam däldim. Toý-tomgularda uly märekäň öňüne çykyp, bir büräň ganaty ýaly "ýelýyrtan" üçin derini sarkdyryp, eňki agýança iteleşip-çekeleşip ýören oglanlara-da kän bir pisindim oturmazdy.
Atly pälwanlar başga mesele. Olaňky halal. Garşydaşyny islese ýekedyza mündürip, islese ýanbaşa alyp, iki aýagynam ýerden üzäge-de, aýlap-aýlap edil sallançaga çaga salan ýaly edip goýýar welin, synlap duran ýeriňde üstüň çägesini kakyşdyryberesiň gelýär. Olara guwanmagyň, sejde etmegiň aýby ýok. Olaň arasynda heniz arkasy ýere degmän göreşip ýörenlerem bar, minneti garşydaşlarynyň gorkusyndan hem ätiýajynden çekip, göreşmän baýrak alyp ýörenlerem bar. Elbetde, beýle pälwanlar juda seýrek, köp bolsa her obada biri, kähalat iki, üç obada biri, garaz, bar-da, nädeýin gepi uzaldyp!.. Meniň başga zada janym ýanýar: iki-eke toýlarda iki-eke pälwanlar iki-eke baýragy nähak alaýýar. Näme sebäpdendiginem hiç bilip bolanok. Injikleri çomuç ýaly pyýada ýaý berip duran märekäň ortasynda şol aýlanyp ýör, jarçy görgülüň gygyryp-gygyryp, bagazy guraýar...
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:35
Ahyram o pyýada heniz seçegi bozulmadyk ullakan bir ýaglygy çygy çykmadyk maňlaýyna degirýär-de, zym-zyýat bolaýýar.
Haýsy toýdadygy ýadyma düşenok, ýöne bir ýaňky ýaly pälwanyň-a keýpine sogan dograp, burç sepipdim.
Orta çykan ýigide görä baýrak ulurakdy. Oña bolsa wagty bilen bäsdeş tapylmady. Ol eýýäm baýragy aldym edip, bilindäki guşagy çözüp ugrady.
Bilmedim, haýsy güýç meni itekläp goýberdi, bilmedim, haýsy ynam bilime guşak daňdy...
Onuň bilindäki guşak nähili daňlanda-da maňa kän bir tapawudy ýokdy-la, ýöne onda-da göz üçin çilişdiren bolup, barlap gördüm. Tutluşamyzda-da bilgeşlin äwmezlige salyp, özümi gaty arkaýyn alyp bardym. Syr bildirmänem ýazylyşdyk.
Hawa, ber indi habaryňy! Iň bolmanda, bir emel bir bilsem-ow! Onda dagy bolsa-bolmasa, şol bir emeli etjek kişisiräp, o bendäni irizibem aljak-la... Bar bilýän emelim -- garşydaşymy golaýa getirmezlik. Öläýsesem dikleşmeli däldim. Dikeldigim, gaýdyp ýazylmajagyma, ýazylaýsamam ýere ýazyljagyma gözüm ýetip dur. Şonuň üçinem gabadymdaky tüýlek injiklerden iki gözümi aýyrman, doňuz diňini salyp durun. Yza ýörese -- yzyna düşýän, öňe ýörese -- öňüne. Bir ätse bir ädýän, iki ätse -- iki. On ätse, edil sanapjyk on ätjegimem gaty çyn. Aýlaw giň, hezillik, aýlanyp ýörmeli. Märeke dagaýança şeýdip durmalam bolsa, men taýyn... Garşymdaky pyýada meniň niýetimi aňaýdy öýdýän, biraz tijenip ugrady. Bu bolsa maňa düýbünden gerek däldi. Toý sowulýança dursagam, meň hüjüme geçmejegime anyk göz ýetiren ýigit biraz arkaýynlaşdy. Soňam yz-yzyna üç-dört mertebe gazaply silkindi-de, öňküdenem aşak ýapyryldy. Dünýäm daralyp ugrady. "Bir zad-a etjek bolýar!.. Aýagymy ýerden üzüp, dolap goýberjekmikä ýa iki bykynymdan göterip, üstaşyr zyňaýjakmyka? Onsoňam... bu ýaman arkaýyn ýazyldy-la, gel, menem içimde janymyň bardygyny duýduraýyn muňa... Degse-hä bäş, degmese-de ýigrimi bäş..." Bar güýjümi jemledim-de, özüme garşy bir silkip, yza çekildim weli, menden beýle-beýle zada garaşman duran görgüliň bir dyzy ýere degäýdi. (Sadagasy boldugym, türkmen göreşine-de özüñiz belet!) Neresse bir "wah!" diýdi... Ahmyrlyja galdy welin, men nädeýin?! Baýraga ýene bir köşekli düýe goýulsa-da, ikinji gezek çykmajagym edil aýna sereden ýaly. Dogrusy, öňki çykanyma nätjegimi bilmän durdum...
Şol menden ahmyrly galan pälwan -- Hydyrdy... Nämüçin şeýtan pygylly adamlaryň şeýtan sypaty ýok?
Nämüçin şeýle adamlaryň ýüzündäki göräýmege nurly perde il-günüň gözünde däl-de, haçanda olar özleriniň garaňky gije deý gara pälleri bilen ýüzbe-ýüz galan mahallary syrylýar?..
Mümkin
15 май 2022, 13:36
Şol sözüñ "Hawa" görnüşem"Howwa"görnüşem orfografiýada dogry diýip bilýän.Ikinji görnüşini aýdylyşyna ýakyn bolansoñ ulanýan.Ýa ýalñyşmyka?
Telwas
Автор 15 май 2022, 13:38
Mümkin,
Düşnükli. Ony dilçiler biläýmese.
Babahanowa_g
15 май 2022, 15:28
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garasyas
Hiayress
15 май 2022, 15:34
Yzyna garaşýas.
Telwas
Автор 15 май 2022, 17:01
23

-- Söýgümi?
Göräýmäge ýeke agyz söz. Sowalam düşnükli. Men welin müňkürlik bilen böwrümi diňläp otyryn. Ýaýbaň stoluň üstüne ýapylan ýaşyl örtgini dyrman bolup, içimi gepledýän: "Saňa gönimden gelip, öz içimdäki mukaddes duýgymy, enem-atamdan gizläp ýören ýalňyz syrymy seň öňüňde açmak, eýsem meniň borjummy?.."
-- Dogrudanam, söýgümi, Şalar? -- Hötjetlik bilen gaýtalanan sowal pikirimi şobada böldi. Bir göwnüm-ä "Näme bolanda saňa näme, bäş ýyl mundan öň nirdediň?" diý-de kabinetden çykyp ötägidem diýdi. Ýene bir göwnüm bolsa "Ah, Şalar, dörüp goýbersene aryň öýjügini!.. Kim bilýä, ýene ýeri gelermi! gelmezmi?" diýip, kalbymy dyrçanaklap başlady.
-- Mümkin. Bagtygül... Ýöne... Başky söýgi-hä dälmikä diýýän...
Üzüm ýaly gelniň alma ýaly ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Men welin öz aňrymda çigdiň gabygy ýaljagam müýn göremok. Ýazyksyz görejimi göni Bagtygülüñ, nämüçindir, öňündäki telefona gönükdiren gözlerine dikip, özüme mahsus bolmadyk bir parahatlyk bilen nobatdaky sowala garaşyp otyryn.
Ara düşen dymyşlyk oňa biraz özüni dürsemäge pursat berdi.
-- Başararyn öýdýäňmi?..
-- "Kör hasasyn bir aldyr..."
-- Bes edäý indi, Şalar, şunça ýyllap kine saklap, gyşarylyp ýöreniň bilen yzyna dolanjak zat ýok ahbetin!.. Duz bilen ýara bejerip boljagyny-bolmajagyny senem bilýäň, menem. Ylaýta-da ýürek ýarasyny. Onsoňam... seniň bar günäni maňa ýöňkejek bolmagyň dogrumy? Ikimiziňem ýüzümizi ýuwarlygymyz ýok bolsa gerek.
Telwas
Автор 15 май 2022, 17:03
Bu biderek gürrüň meniň sabyr käsämi dolduryp, beýnime gozgalaň salyp başlady. "Saňa menden näme gerek, Bagtygül? Kalbymyň iň bir çuňňur gatlagynda birmahal gömüp goýan ýowuz hem ýalňyz derdimi bu gün nämüçin gozgaýaň sen?.. Bilseň men bu kiçijik ömrümiň kiçijik garşylyklaryndan şeýle bir irdim, olar meniň hut bizarymy çykardy, Bagtygül!.. Nazar Lukmanyň her sapar gabat gelemizde müňkürlik bilen garaýan şübheli gezlerinden, bir zadyň aňyrsyna ýetmän, galyň agzyboşuň gybatyndan özüçe netije çykaryp ýören yňdarma kakamyň nähak şarpykdanam ýokuş sözlerinden, birmahallar çybykdan aty artlaşyp çapyp ýören, garagol başyna sähel bir iş düşende meni agtaryp tapyp ýören, bu gün bolsa, dönüklik bilen meniň yşk heseri uran başyma ýok myjabatlary ýapyp ýören Hydyryň gat-gat perdeleriň aňyrsynda hil-hil öwsüp duran ýüzlerinden, ynansaň, Bagtygül, it ýaly irdim... Ine, indem sen meniň eýýäm gamaşyp duran asmanymda üýtgeşik bir ýyldyz bolup, täzeden dogýaň. Bu sowallaryň aňyrsynda näme ýatyr? Nämüçin sen meniň geçmişime öwrülip, geljegime biperwaý garap ýören halyňa, birden meniň şu günüm bilen beýle içgin gyzyklanyp başladyň?.. Eýsem, sen meni kabinetiňe Güljahany, hakykatdanam, söýýänimi ýa-da oňa başga bir maksat bilen ytylýanymy bilmek üçin çagyrdyňmy? Belki, bu meniň gözýetimimde hiç bir esassyz täzeden peýda bolmak üçin seniň bolgusyzja bir synanyşygyňdyr... Belki, bu seniň birmahal terk eden dünýäňden has uzaga daşlaşmak üçin iň soňky, aýgytlaýjy çaknyşygyňdan... Belki-de..."
Guýrugyna basylan pişigiňki ýaly duýdansyz çykan telefonyň çirkin sesi oýlar asmanynda gaýyp ýören kalbymy ok degen guş deýin, patladyp ýere gaçyrdy.
- Hawa... Salam. Senmi, Güljahan? (Çalaja tisgindim). Hawa-la, iş wagty gutaraýmasa, işe gutarma ýokdur-la... Gaýtmakçy öz-ä... Bor, bor, ýüzümiň ugruna sowlup geçäýerin, özümiňem kiçiräk bir gürrüňim bardy. (Bu göz diýlen zadyň gudratyny! Kämahal gözüň çalasynlyk bilen çalaja aýlanan gytagy dikanlap bakan nazardan güýçlüräk täsir edýän eken.) Bolýa, bolýa... Hökman... Kim?.. Wiý, ol-a, ynha otyr!.. Hawa-la!.. (syçrap galanymy duýman galypdyryn.) Bor, aýdaryn... Bilemok, özünden sorarsyň-da... Mümkin... Ýok, ýok, aňyrsy on-on bäş minutdan barýan... Hökman...
Telwas
Автор 15 май 2022, 17:05
Emaý bilen ryçagyň üstüne goýberilen trubka bilen bilelikde oturgyja çökdüm... Matal, matal bu dünýe durşuna! Çar ýanyň tapmaça!.. Bu hum ýaly çişip, güwläp duran kellä ýene bir sowal kürsäp girdi. Ýeri, bu näme?
Kiçijik açar bilen stolunyň tahyllaryny ýapyşdyryp duran Bagtygül müýnli ýylgyrýar.
-- Güljahan salam aýdýa, Şalar...
-- Iberenem, getirenem sag bolsun -- diýip, güýz gününiň howasyndanam tutuk ýüzümi bir gapdala sowup, ýerimden turdum.
-- Kyn görmese, gelip-gitsin diýdi... Başga bir zerur işiň bolmasa-ha, ýör, menem şo tarapa gitjek.
-- Barjak bolsam, ýolumy tapman duramok, azara galyp ýörme! -- diýsemem-ä diýdim welin, öteräk geçenimi aňyp, biraz ýumşaşmaga öz-özümi mejbur etdim. -- Mendenem salam aýt...
Bir obada goňşy diýen ýaly ýaşap, bir-biriňe salam iberip ýörseňem boljak eken...
Baran ýeriňden çakyňy bilip gaýtsaň ýagşy. Çagyrylyp geldim diýip, kowlup gitjek bolup durmak hökman däl. Şonuň üçinem, gözlerim jaýyň içine çalasynlyk bilen gysgajyk marşrut boýunça aýlanyp çykýar: Bagtygül -- telefon -- Bagtygül -- gapy Bagtygül...
-- Başga aýtjak-sorajak zadyň bolmasa men-ä kluba gitjek, Bagtygül...
Ol meniň gabat garşyma geçýär-de, göni görejime gözüni dikip, pessaýja ses bilen:
-- Ikimiz bu tema ýene bir dolanmaly borus, Şalar -- diýýär.
-- Bir zady garşy-garşy gorjap duraňda gowy bolýamy? Men-ä düşünişilmän galan zat göremok...
Gapyny daşyndan gulplap duran gelniň iň soňky jumlesi ömrylla-da ýadymdan çykmasa gerek.
-- A sen gözüňi giňräk aç, ýigit! Bu bolup ýörşüňe düşünmedik zadyň köp bormuka diýýän...
Telwas
Автор 15 май 2022, 17:07
24

"Tilkiň müňde bir sapalagy bar, iň gowusy -- görünmezlik". Hydyram özüni tilkiden kem görenok öýdýän. Meniň bilen adamsyz ýerde pete-pet geläýmejek bolup, elinde baryny edýär. Ýöne ol özüni tilki hasaplasa, menem özümi gurulgy ýatan gapandan pes göremokdym. Ahyry düşjegine gözüm ýetip dur... Ýok, ol bardy-geldi gabat geläýende-de, meň gyzyl ýumruga giriberme niýetim ýok-la, daş etsin, ýöne, diñe bir iki agyz "mylaýymja" söz bilen taryna kakyp göräýjek bolýan. Men ýöne özümiň piliň gulagynda-da, pi:liň gulagynda-da uklap ýörmänimi oña çalaja duýduraýsam diýýän. Dogrusy, meniň-ä nähak ýerden çekgäm gyzyp dur. Goý, olam öz halalja şarpygyny datsyn-da!..
Babahanowa_g
15 май 2022, 19:36
Yzyna garasyas