???


Çendenaşa bolanda iň gowy zat hem erbet bolýar.
Demokrit
6 лайков 456 просмотров
169комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
#B.S
22 фев 2023, 01:27
2:1
Гость
22 фев 2023, 01:27
Mätäçlik ýesirlige barabardyr
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:27
Dynç alaýalyň gadyrdanlar?!
Гость
22 фев 2023, 01:27
Ýürekde göterilmek elde göterilmekden hem möhüm .
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:27
Khanture
2:1

Kim kim?
Гость
22 фев 2023, 01:28
- Aslynda adamy iñ gynaýan zat - arzuwynyñ amala aşmazlygy däl-de, ýetilmesi mümkin bolup, ýetibilmedik bagtydyr.
Гость
22 фев 2023, 01:28
- Adamlaryñ biri-birine ýakynlygyndan, hakykaty gizläp saklamazlygyndan gowy zat ýok. Nämüçin biri-birimizi aldamaly? Nähili biderek, nähili akylsyz iş!
Гость
22 фев 2023, 01:29
- Adamlar maña göwünlik berjek bolup "bärde diñe ýönekeý adamlar bar" diýýärler. Men bolsa syrly adamdanam has beter ýönekeý adamdan gorkýan-a.
Гость
22 фев 2023, 01:29
- Berýän manysyndanam has köpräk durmuşy söýmeli. Manysyna diñe şonda düşünersiñiz.
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:29
Terk edip giden ähli zat geçmiş, galyp garaşýan ähli zat şygyrdyr. Men öz dilimiň serhedini goraýan esger.
Mamla bolmak islegi, adaty adamlara mahsusdyr.
Alber Kamýu
#B.S
22 фев 2023, 01:30
Nirvana,
Liwerpul : real madrid
Гость
22 фев 2023, 01:30
- Jenaplar, ant içýärin! Hemme zada añryýany bilen düşünmek kesel, özem hakyky kesel.
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:30
Sen adamlara bir zadyň «näme üçindigini» dogry düşündirip bilseň, olar hökman «nädip» etmelidigini bilerler.
Гость
22 фев 2023, 01:30
- Hemme zat adamyñ ýaşap ýören şertlerine görä bolýar. Hemme zady kesgitleýän daş-töweregidir, adam bolsa hiç kim.
Гость
22 фев 2023, 01:31
- Çalt düşünmek - düşünilen zadyñ ownuklygynyñ alamaty.
Гость
22 фев 2023, 01:31
- Güýçli adamlaryñ köpüsinde özüne bilini büküp biljek birini ýa-da bir zady tapmaga bolan meýli bolýar. Güýçli adam käte öz güýjüne-de bäs gelip bilmeýär, güýji ony ezip taşlaýar.
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:31
Khanture
Nirvana,
Liwerpul : real madrid

Liverpool-a şöhrat!
#B.S
22 фев 2023, 01:32
Men jenneti kitaphana meňzetdim.
Horhe Borhesiň aýdanyny bilmeýäkäm meniň sözüm dip oýledym. ? Blät menden öň bir ??-ly aýdyp giden eken.
Гость
22 фев 2023, 01:32
- Adam öz bolşunda ýaşap geçýärem welin, ýagny baş ujunda duran kitapda öz durmuşynyñ boýdan-başa gürrüñ berilýändiginden bihabar. Adam öñ üns bermedik birtopar zatlaryny kitaby okap başlansoñ birin-birin ýatlap başlaýar.
Гость
22 фев 2023, 01:32
- Meniñ pikirimçe adam ýakynlaryny söýmek amatsyzlygy bilen bile dogulýar. Garyndaşara söýgi şonuñ üçin halanylmaýar. Sebäbi ol muña mynasyp däl. Söýgä mynasyp bolmak gerek.
Гость
22 фев 2023, 01:33
- Hakykat, püre-pür doly gaýgy-gam, käte iñ badyhowa adamy-da wagtlaýynam bolsa iñ çynlakaý, iñ tutanýerli adama öwrüp bilýär. Hakyky gaýgy-gamyñ akmagy akyllandyrýan wagty bolýar, elbetde olam belli bir wagta çenli.
Гость
22 фев 2023, 01:33
- Adam ýaşamak bilen ýaşamazlygyñ arasynda hiç hili tapawut galmanda hakyky azatlygyna gowuşýar.
Гость
22 фев 2023, 01:33
- Añrybaş dereje geñsi zatlary gowy görýän, gülýän adamlar bar. Serhoş daýhanyñ mimikasy, biriniñ köçede aýagynyñ taýyp ýykylmagy, iki aýalyñ sene-menesi - nämüçindir bilemok, käbirlerini ýürekden begendirýär.
Гость
22 фев 2023, 01:34
- Bu döwür - ýönekeý adamyñ bagtynyñ daş ýarýan - duýgusyzlygyñ, bilimsizligiñ, ýaltalygyñ, başarnyksyzlygyñ, taýýar aşyñ eýesi bolmak isleýän nesliñ döwri.
Hiç kim hiç zadyñ üstünde ýöriteläp pikirlenmeýär. Özüne belli bir maksat tutunyp ýaşaýan ýok diýen ýaly. Umydygär biri öñe çykyp iki sany nahal ekse, öñýeten: "Aý, senem-ä, şu agaç ulalýança ýaşajagyñy bir bilýäñmi?" diýip gülýär, beýleki bir tarapdan ýagşylygy özüne ýörelge edinenler adamzadyñ müñ ýyldan soñky ertesini gaýgy edýärler.
Adamlary biri-birine ysnyşdyrýan gymmatlyklar ýitdi, ýitirim boldy. Hemmeler ertir ir bilen nirädir bir ýeri güm bolup gidäýjek ýaly ýaşaýar. Hemmeler diñe özüni bilýär. Öz toplap bilenjesini toplasa bolýar, galanlar aç ölsün, doñup ölsün, bildirýän ýeri ýok.
#B.S
22 фев 2023, 01:34
Aforizm depderimi taşlamadyk bolamda...
Гость
22 фев 2023, 01:34
- Hakyky hudaýsyzlar bar. Hem bular beýlekilerden has eýmendiriji. Sebäbi olar Hudaýyñ adyny dilinden düşürenoklar.
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:35
Tanamaýan adamyňa ynanma diýýäler, tanaýanlarmyza ynanyp näme gün gördük.
Гость
22 фев 2023, 01:35
- Depgilenmekden halas bolan pes gylykly adam bu gezek başgalary depgiläp başlaýar.
Telwas
Автор 22 фев 2023, 01:35
Içýakgyç adama «Seret» diýip asmany görkezseň barmagyňa sereder.
Гость
22 фев 2023, 01:35
- Iñ sepil-sergezdan, iñ pes birine otly petegini satmak üçin häkiñ häkisi wezipäni beriñ. Petek almaga baranyñyzda, size güýjüni görkezjek bolup, ýañky mahluk göýä özüni Ýupiter ýaly seretmelidir öýdýär.