???


Sen bilýäňmi näme üçin,
Gözlerimde gussa baryn?
Sebäp ýürek aglar eken,
Terk etse söýgüli ýary.

Sen bilýäňmi näme üçin,
Sözlerim beýle ýakymsyz?
Çünki ýalana büdredim,
Söz beren sözde tapylsyn.

Sen bilýäňmi näme üçin,
Men saňa arzuw besleýän?
Sebäp bagtsyz günleriňde,
Bagtly bolarňy isleýän.

Sen bilýäňmi näme üçin,
Asman ýüzi gara bulut?
Yglan eden aýralygyň,
Ýasyn tutup meni unut.

Nirvana.
11 лайков 732 просмотров
157комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:34
Aksary,
Nirvanaňky gara goşgy diýdigiňmi?
Aksary
04 июн 2022, 00:36
Nirvana,
Nirvanañky gara goşgy däl gowy goşgy!
Aksary
04 июн 2022, 00:37
Nirvana,
Haçan ugradarsyñ?
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:39
Elif,
Kompýuteriňde poçta bar bolsa telefonyňdaky poçta ugradyp, kopýalap paýlaşsaň bolardy. Seň geň görüp okadym diýen gyzyň goşgusyny okap gördüm. Ol açyk beýan edýän eken duýgularyny. :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:41
Aksary,
Geçen ýyldan galan biri bar şony ugradyp bilsem ugratjak. Bolmasa-da sazsyz şol durşuna ýazdyryp ugradaýmasam. Taýýarlamaga wagtym ýok. Bolarmy?
Aksary
04 июн 2022, 00:42
Nirvana,
Elbetde bolar
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:45
Elif,
Hawa, edil özi. Şoňa geň galansyň. “Geň göreniň alnyna” diýýärler. Geň görme! :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:46
Aksary,
Şu hepde ugratjak, azajyk sabyr et. :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:50
Elif,
Uçuryma menem fason gözleýän. Profiliňdäki köýnegiň ýeňini gowja gördüm. Aşagynyň suratynyň doly görnüşi bar bolsa şahsyma ugradyp bilseň ugradaý, kyn görmeseň.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:54
Elif,
Tikip suratyny ugratjakmy ýa köýnegiň özüni?! :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 00:56
Elleriň dert görmesin. Gowy bolupdyr.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:02
Elif,
Tikjek diýseň ýok diýmerin. Razmerimi ugratýan ertir. :)) (ýogy ýokda men çagaň)

Suratyny ugratsaňam bolýar. Bu ýerden keteni tapmak kyn. Men krep materýala meňzeş materýaldan tikinmek isleýän. Bir fason tapdym. Şol fasondan maňa näçe metr gerek boljagyny bilemok-da.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:07
Elif,
Uly höwes bilen duşmak islärdim. Öňki ýazan uniweriňde okamoga men. Şol şähere şu kanikulda barjak nesip bolsa. Tanyşdyrsaň duşuşardym.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:08
Özüň näme üçin okuwa dowam etmediň bu ýerde?
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:13
Elif,
Bu ýerden size zat ugradyp bilýän. Ýöne aňyrdan bärik getirip bolanok. Dury gyzyl bilen gara reňk meň diýýänimem. Ertir ugratsam görüp beräý. Näçeräk gerek bolarka. Boýumam uzyn.
Hiayress
04 июн 2022, 01:19
Elif,
Nirvana,

Siziň ýanyňyzda gün ýaşanokmy?!
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:20
Elif,
Hä düşnükli. Bähbit bolsun.
Gezdim ol ýerini gysgajyk. Owadan ýerleri kän. Geçen tomusda Cappodocia gidip geldim. Gezmek üçin juda owadan ýer. Balonlar has gözelleşdirýär. Şu gyşdady ýalňyşdym.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:23
Elif,
Gelseň aýlaryn. :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:24
Hiayress
Elif,
Nirvana,

Siziň ýanyňyzda gün ýaşanokmy?!


Ýok, entek ir :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:24
Elif
Gijaniz rahat)) buda bir gen yagday shunca wagt saytda boldum. Bir yazga garasyadym, ishime degishli. Bir gorguli men yerime yazyady))


Bolýar ýene gelip, ýazyp dur. Seňem gijäň rahat bolsun, sag-amanja ýatyp turuň.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 01:26
Hiayress,
Doglan günüň haçan?
Hiayress
04 июн 2022, 01:30
Nirvana,
Bu günä giç. :(( (Anyga bilemok welin Gurbannazaryň güýzünde, howa maýlanda, ýapraklar saralanda bolmaly)
Hiayress
04 июн 2022, 01:36
Adamyň jan-saglygyna ukynyň iň peýdaly wagty 00:00 bilen 03:00 aralygy diýýär. Peýdaňyzdan galyp näme işleýäňiz hä?!))
Massimus
04 июн 2022, 06:08
Nirvana,
Erbet däl, ýazyberseň has kämilleşersiň
Tuman
04 июн 2022, 10:29
Sagbol diýdim
Telwas
Автор 04 июн 2022, 11:25
Hiayress
Nirvana,
Bu günä giç. :(( (Anyga bilemok welin Gurbannazaryň güýzünde, howa maýlanda, ýapraklar saralanda bolmaly)


Düşnükli. Seni güýzüň her güni gutlaryn. :)
Telwas
Автор 04 июн 2022, 11:27
Massimus
Nirvana,
Erbet däl, ýazyberseň has kämilleşersiň

Minnetdar! Ýa nesip…
Telwas
Автор 04 июн 2022, 11:27
Tuman
Sagbol diýdim


Taňryýalkasyn!
Esma
04 июн 2022, 12:36
Tüweleme! Ilkinji başlangyçlarda şeýle gowy goşgy ýazyp bilipsiň.
Şowly bolsun! Goşgularyň dowamly yzy gür bolsun! Esasy ýazyp durmak. Zehinem galam ýaly artyp dursaň ýitelýär ahyry.
Telwas
Автор 04 июн 2022, 14:25
Esma
Tüweleme! Ilkinji başlangyçlarda şeýle gowy goşgy ýazyp bilipsiň.
Şowly bolsun! Goşgularyň dowamly yzy gür bolsun! Esasy ýazyp durmak. Zehinem galam ýaly artyp dursaň ýitelýär ahyry.


Minnetdar uýam! Dogry aýdýaňyz.