Bilýäňmi?!

Bilýäňmi, näme üçin saňa ýygy ýygydan "ýeke men" diýýänimi?! Senden "ýekelik Hudaýa ýagşy, men bar wagtym ýeke däl sen" diýen sözüň eşitmek üçin. Bilýäňmi, seni söýemok, sebäbi bizde söýere bahana bolmady, ýöne söýesim gelýä. Arzuwlaň diňläp, arzuwlaň hasyl etmek üçin bagt bilen arman ýadaman hereket edesim gelýä. Milliardyň içinden ýeke söýenim sen bolmagyň isleýän. Arzuwlam gürrüň beremde sen halapdyňa, ýöne ertekilerde bolýa diýipdiň. Ine, şol ertekide seni ýaşatmak isleýän. Ahmyr bilen, geçmişim, ýazgydym diýme, baryny äpişkeden aşak okla. Aýdaky gülüm däli köňlüm seni söýmek isleýär. Erkinlik beräýeli indi köňüllere. Goý, söýgümiz uzasyn ýaşdaş bakysyna çenli...
0 лайков 137 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Гость
17 апр 2023, 23:56
Ýekelik Hudaýa ýagşy, men bar wagtym ýeke däl sen