???


Sen bilýäňmi näme üçin,
Gözlerimde gussa baryn?
Sebäp ýürek aglar eken,
Terk etse söýgüli ýary.

Sen bilýäňmi näme üçin,
Sözlerim beýle ýakymsyz?
Çünki ýalana büdredim,
Söz beren sözde tapylsyn.

Sen bilýäňmi näme üçin,
Men saňa arzuw besleýän?
Sebäp bagtsyz günleriňde,
Bagtly bolarňy isleýän.

Sen bilýäňmi näme üçin,
Asman ýüzi gara bulut?
Yglan eden aýralygyň,
Ýasyn tutup meni unut.

Nirvana.
11 лайков 732 просмотров
157комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Hiayress
03 июн 2022, 22:05
Özüň düzdüňmi kizzz?!
Hiayress
03 июн 2022, 22:06
Dowamly bolsun!
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:06
Hiayress,
Tankydyňy ýaz ilki, soň aýtjak. :)
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:07
Iller ýazýar, menem ýazjak,
Döwür şeýle, döwür…
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:18
Hiayress
Dowamly bolsun!

Dowamly bolmagyny menem isleýän. Arman her islegimiz aňsatlyk bilen amala aşaýanok-da.
Pegas
03 июн 2022, 22:22
"Näme üçin" ýazylanda 4 bogun bolsa-da, okalanda 3 bogun edilip okalýar. Şoňa seretmeli. Häzir 4 bogun edip okasaň, nakyssyrap okaýan ýaly bolýaň))
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:25
Pegas,
Barlap gördüm şu wagt. Mende o diýen nakyssyran ýaly bolmady. :)
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:27
Ýazasym gelýär…
Şu islegimiň sesini goýduryp bilemok.
Pegas
03 июн 2022, 22:27
Nirvana
Pegas,
Barlap gördüm şu wagt. Mende o diýen nakyssyran ýaly bolmady. :)

Dursun onda.
Biohimik
03 июн 2022, 22:27
Blogymy siz pozdunyzmy?! Habar ugradaymaly ekeniniz name sebapden pozan bolsanyz!Nirvana,
Mümkin
03 июн 2022, 22:27
Gowy.Aýgüliñ stiline meñzeýär.Yzy gür bolsun!
Ýekeje tankyt:Jemlemäñ bolmalysyndan (ýagny jemlemäniñ bolmalysyndan) gowşagrak.
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:28
Pegas,
Başga wariant barmy?
Pegas
03 июн 2022, 22:28
biohimik.
Blogymy siz pozdunyzmy?! Habar ugradaymaly ekeniniz name sebapden pozan bolsanyz!Nirvana,

Men pozdum. Barmy soragyň?
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:28
biohimik.,

Pozamok.
Pegas
03 июн 2022, 22:30
Nirvana
Pegas,
Başga wariant barmy?

Aýtjak däl.
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:30
Mümkin
Gowy.Aýgüliñ stiline meñzeýär.Yzy gür bolsun!
Ýekeje tankyt:Jemlemäñ bolmalysyndan (ýagny jemlemäniñ bolmalysyndan) gowşagrak.


Aýdanyň bolsun.Diňe jemleme däl, 4 bendem gowşak. Öwrenje men.
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:31
Pegas
Nirvana
Pegas,
Başga wariant barmy?

Aýtjak däl.

Ters aýt. (Şu sözi diýdirmegi gowy görýäň gerek?!)
Pegas
03 июн 2022, 22:32
Nirvana
Pegas
Nirvana
Pegas,
Başga wariant barmy?

Aýtjak däl.

Ters aýt. (Şu sözi diýdirmegi gowy görýäň gerek?!)

Tersem aýtjak däl (Şu sözi eşitmegi gowy görýäň gerek?!)
Aýsere
03 июн 2022, 22:32
Ýerçeken
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:34
Pegas,
Öwrenşip gidipdirin, seň ters aýtjak däliňe, ters pozjak däliňe.
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:35
M-11.,
Sögmäýä uýam. :)
Mümkin
03 июн 2022, 22:36
Nirvana,
Joram,"näme üçin" sözüni goşgularda "neçüýn" görnüşinde ulanmak hem gulaga ýakymly hem bogun tygşytlaýar.

"Neçüýn maña jogabyñ
Dymmak boldy-la dünýäm!"

(K.Rejebow)

Munuñ ondan başga-da "näm üçin" diýen görnüşem ulanylýar.
Pegas
03 июн 2022, 22:36
Nirvana
Pegas,
Öwrenşip gidipdirin, seň ters aýtjak däliňe, ters pozjak däliňe.

Öwrenişibermeli. Gerek bolar soň)
ajy
03 июн 2022, 22:40
cilimkesh gowy...
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:44
Mümkin
Nirvana,
Joram,"näme üçin" sözüni goşgularda "neçüýn" görnüşinde ulanmak hem gulaga ýakymly hem bogun tygşytlaýar.

"Neçüýn maña jogabyñ
Dymmak boldy-la dünýäm!"

(K.Rejebow)

Munuñ ondan başga-da "näm üçin" diýen görnüşem ulanylýar.


Sagja bol-a. Emma bu goşguda ol 2 görnüşem gelşiksiz bolardy. Üýtgeşik sözler ulanasym gelýär. Ýöne delje sözler ne dile gelýär, ne-de kelläme.
ajy
03 июн 2022, 22:44
Sen häli, ökde ýazyjylaryñ biri bolarsyñ mugallym
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:45
Pegas,

“Aýtjak, pozjak…”diýmäge öwrenişdir özüňi. Saňa-da gerek bolar.
Pegas
03 июн 2022, 22:46
Nirvana, biraz ylmy kitaplardan uzaklaşyp, çeper eserlere geç, ýazjagyň çyn bolsa) Ilki bilenem "Göroglyny" oka. Diliň şiresini artdyrýar şol eser.
Telwas
Автор 03 июн 2022, 22:46
garaburc,
Motiwasiýaň üçin sag bol-a. :))
Bular ýaly meni göçürme.
Pegas
03 июн 2022, 22:47
Nirvana
Pegas,

“Aýtjak, pozjak…”diýmäge öwrenişdir özüňi. Saňa-da gerek bolar.

Ýo-o-ok-la, maňa gerek bolmady ol, indem gerek bolmaz)