Päk söýgimiz uçup gitdi bireŷŷäm...

Päk söýgümiz uçup gitdi bireýýäm,
,,Bagt" atly guran höwürtgämizden,
Ençe umytlara gark edip gitdiñ,
Yza dolananyñ gerek däl indem.

Köp demigdim, asman basdy üstümi,
Ýörän ýodalarmyz ýat bolup galdy,
Hiç zada deñemän, sarpalan duýgym,
Keýpine söýüşen a:t bolup galdy.

Sen bilýäñmi?, Ýok-la bilýänem dälsiñ,
Sensiz hasratlarda kemilenimi,
Gujurym bildekä, erkim eldekä,
Saña ýetmek üçin ýeñilenimi,
Bir seniñ göwnüñi ýykmazlyk üçin,
Ençeme dilleri semilenini.

Ýeke wagtym görünmejek ýerlemde,
Gözýaşlarmyñ damjalary gürelýär,
,,Bagt" atly guran höwürtgämizden,
Päk söýgümiz uçup gitdi bireýýäm...

Baýram BEJIDOW
1 лайков 102 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
RelaX
28 фев 2023, 10:51
https://biz.islenen.ru/uploads/posts/2023-02/1671023834761-01.webp