Ynanjañ gyz...

On ýyl geçdi gün ýaly,
Oýlanýaryn sen hakda,
Ynanjaňdyň gar ýaly,
Eräp gitdiň dodakda.

Saňa, «Soltanym!» diýip,
Umyt baglapdym göge.
Ynanjaňdyň ýagyş deý,
Siňip gitdiň topraga.

Sen ynanjaň gözeldiň,
Bakardyň sen uzaga.
Sen ynanjaň durnadyň,
Düşdüň ýerde duzaga.

Düşüberdiň, kän düşdüň,
Düşüberdiň ýene-de.
Şeýdip, ýerde düşündiň
Hile diýen senede.

«Men seni söýýän!» diýip,
Bir gün çökdüm dyzyma.
Bakdyň sen gussa bilen
Meň ynanjaň gözüme.

Diýdiň: «Sen belent söýýäň,
A men pesde otyryn.
Git, oglan, deňiň gözle,
Saňa hesret getirin!»
3 лайков 131 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
07 ноя 2021, 08:35
Minnosh menm sol aytyan ynanjanlardanda
#динара.
Автор 07 ноя 2021, 08:40
Mona Songz,
ya tozhe
My life
07 ноя 2021, 13:35
Göraymage sada goshgy yone manysy uly. Haladym goshgyny.
Ýury
07 ноя 2021, 15:21
Il halan bolsa menem haladym.....