Gurbannazar Ezizow - Ynanjaň gyz


On ýyl geçdi gün ýaly,
Oýlanýaryn sen hakda,
Ynanjaňdyň gar ýaly,
Eräp gitdiň dodakda.

Saňa, «Soltanym!» diýip,
Umyt baglapdym göge.
Ynanjaňdyň ýagyş deý,
Siňip gitdiň topraga.

Sen ynanjaň gözeldiň,
Bakardyň sen uzaga.
Sen ynanjaň durnadyň,
Düşdüň ýerde duzaga.

Düşüberdiň, kän düşdüň,
Düşüberdiň ýene-de.
Şeýdip, ýerde düşündiň
Hile diýen senede.

«Men seni söýýän!» diýip,
Bir gün çökdüm dyzyma.
Bakdyň sen gussa bilen
Meň ynanjaň gözüme.

Diýdiň: «Sen belent söýýäň,
A men pesde otyryn.
Git, oglan, deňiň gözle,
Saňa hesret getirin!»
16 лайков 124 просмотров
1комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Maksat
14 авг 2021, 09:25
Berekella şu gün okap ýetişip bolanok like