UTANJYŇ GÜÝJI
UTANJYŇ GÜÝJI
Ibraýym Polat mugallym bil oňurgasynda näsaglyk bolandanmy, ýa-da, häsiýetindenmi egilibiräge-de, mydama diýen ýaly ýere bakyp gezýär. Ol mydama okadýan sapagy bolan matematikadan meseleleri aňynda çözüp ýören ýaly. Emma kim bilýär ol aňynda okuwçylarynyň meselesini çözýändir? Onuň bir okuwçysyna çilimini goýdurşyny eşitdim. Waka Türkiýede bolup geçenem bolsa, onuň terbiýeçilik ähmiýeti bar. Onsoňam Ibraýym mugallymyň çilim çekýän okuwçysyny ýola getirişi örän geň.
Ibraýym mugallymyň klasyndaky okuwçylardan biri bir-iki gezek eli çilimli tutulýar. Berk çäre görmegi halaýan mekdep müdiri ol okuwçyny mekdepden çykarylmakçy bolýar. Müdiri beýle etmekden diňe şol okuwçyň Ibraýym mugallymyň klasyndandygy saklaýar. Çünki, okuwçysynyň mekdepden çykarylmagyna Ibraýym mugallymyň örän gaty gynanjakdygyny bilýärdi. Şonuň üçin ol ilki Ibraýym mugallym bilen gürleşip görmegi ýüregine düwdi.
— Ibraýym beý, seniň şol okuwçyňy çilim çekip durka ýene-de tutdum. Çäresini görmeseňiz, indiki tutamda ony mekdepden çykarmaly bolaryn. Ol bütin mekdebi zaýalar.
— Bolýar, bir hepde wagt beriň, men oňa çilimini goýdurmaga synanyşyp göreýin. Eger başartmasa siziň diýeniňiz bolsun.
Ibraýym mugallymyň käýýemesine garaşyp ýören okuwçysy uzak garaşmaly bolmady. Mugallymy ony yzyna düşürip matematika otagyna alyp gitdi. Emma näme üçindir Ibraýym mugallymyň ýüzi gülüp durdy. Ol gaşlaryny çytmanam okuwçysyna ýüzlendi:
— Bilýäňmi näme, çilimiňi goýup bilmejegiň çynyň öýdýän?
— Goýup bilsem, hojam, size-de käýinç getirip ýörjek däl-ä. Gowusy men mekdepden gideýin.
— Onyň bolmaz. Gel, ikimiz bir maslahat edeli. Sen häzir ýanyňdaky çilimi maňa berýäň. Haçan çilim çekesiň gelse ýanyma gel, men saňa bir çilim, hem şu otagyň açaryny bereýin. Sen otagy içinden gulpla-da, penjiresinem açyp çilimiňi çek. Soň gideňde-de penjiräni ýap, gapynam gulpla-da açaryny maňa getir. Her çilimiňden soňam sakgyç çeýne. Bir ýyl şeýdip gaýrat etsek okuwyňy gutarýaň.
— Mugallym beýtsegem bir gün bolmasa bir gün bilerler. Bilinse size-de gowy bolmaz.
— Özüň diliňe berk bolsaň hiç kim bilmez. Kabinetdekäň biri gelip gapyny kakyp dursa, çilimiňi zyň-da penjiräni ýap. Soň bar-da açaý. Mugallym matematikadan taýýarlan diýip açary berdi diýersiň. Düşnüklimi. Menem çilim çek diýmedim, matematikaňa taýýarlan diýip açary berdim diýerin. Dagam çykalga göremok. Ýanyňdan çilim çykmasa, çilim çekip duranyňy hiç kim görmese, diliňe-de berk bolsaň saňa zat diýip bilmezler. Gürrüň gutardy, ber bärik çilimiňi. Men saňa şeýle ýagşylyk edýärkäm, daşarda-da çilim çekip tutulsaň özüňden görgün. Matematika otagymyzyň boş sagatlary çekinme-de geläý.
Okuwçy gidere ugur tapman çilimini mugallymyna beripdir. Soň bolsa gün içinde bäş gezek çilim sorap gelipdir. Ibraýym beý hem ozaldan gepleşişleri ýaly oňa çilimem, otagyň açarynam beripdir. Ikilenji güni okuwçy mugallymynyň ýanyna çilim sorap üç gezek gelipdir. Ybraýym beý okuwçy daşynda çilim çekýän bolaýmasyn diýip bildirmän ony garawullap görüpdir. Emma şol üç çilimden başga okuwçysynyň çilim çekenini görmändir. Okuwçy ýene iki gün üç çilimden çekip, soň mugallymynyň ýanyna çilim sorap gelmändir. Ibraýym beý okuwçysyny ýene ýanyna çagyrypdyr.
— Sen çilim çekmäge başga ýer tapyndyňmy?
— Ýok, hojam. Men çilimi taşladym.
— Aý, berekella! Nädip?
— Hojam sizden utanjyma taşladym. Matematika otagyňyzda her çeken çilimim maňa zäher boldy.
— Çilim şeýle-de zäher ahyryn. Ýöne, sylagyň üçin sag bol. Onda bu bir gap çilimi hapa gutusyna ataýýasmy?
— Ataly hojam.
Şondan soň ol okuwçy hakykatdanam çilimini taşlapdyr. Ine Ibraýym Polat diýilýän nähili adam, nähili mugallym!

4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.