Ikiýüzliler
Men bu pikirimde yranmaýaryn!
Aslynda beý diýmek nämäňe derkar?!
Ikiýüzlülere ynanmaýaryn,
Adamlaň ýagşysy, ýamany-da bar.
Hawa, adamlaryň ýamany-da bar,
Men olary ýigrenýärin ebedi.
Olar ýaşap ýörler ilden «assyryn»,
Siz düşüniň: şu erbediň erbedi,
Iş ýerinde, awtobusda, köçede
Ýa-da tanyşyňka bolaýsaň myhman,
Şeýle adam seň keýpiňi keç eder,
Şeýle adam özün tanadar hökman.
Oturşyga bile gelen dostunyň,
Sebäp bilen daş çykarna mähetdel,
Üstün açyp oňa bolan kastynyň,
Işdä bilen gybat eder şol hakda.
Durmuşda köp duşdum ikiýüzlä men,
Şeýle duşuşykda köp zat ýitirdim.
Ýöne bulaň bary misli ekzamen —
Ýagşylara şeýdip akyl ýetirdim.
1963
Gurbannazar Ezizow
Aslynda beý diýmek nämäňe derkar?!
Ikiýüzlülere ynanmaýaryn,
Adamlaň ýagşysy, ýamany-da bar.
Hawa, adamlaryň ýamany-da bar,
Men olary ýigrenýärin ebedi.
Olar ýaşap ýörler ilden «assyryn»,
Siz düşüniň: şu erbediň erbedi,
Iş ýerinde, awtobusda, köçede
Ýa-da tanyşyňka bolaýsaň myhman,
Şeýle adam seň keýpiňi keç eder,
Şeýle adam özün tanadar hökman.
Oturşyga bile gelen dostunyň,
Sebäp bilen daş çykarna mähetdel,
Üstün açyp oňa bolan kastynyň,
Işdä bilen gybat eder şol hakda.
Durmuşda köp duşdum ikiýüzlä men,
Şeýle duşuşykda köp zat ýitirdim.
Ýöne bulaň bary misli ekzamen —
Ýagşylara şeýdip akyl ýetirdim.
1963
Gurbannazar Ezizow
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.