Ykbalym

YKBALYM




Düşünip bilmedim, eger hiç zada,
Hemme zat yönekeý ýaly birbada,
Durmuşym synaýar, wyjdan gynaýar,
Akyl yetirmeli bolup her zada.
¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤
Ýaha men ýalňyşdym, göwnüm halady,
Ýa kysmatym ýörän ýolum baglady.
Haýsy ýoldan ýöräp öňe gitmeli?
Pikirlerim öz-özümi aldady.
¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤
Göründi gözüme hemme zat aňsat.
Şeýdip öz adyma getirdim ysnat.
Ýaşlyk joşgunymyň gaýnan halaty,
Bilmeýädim, "durmuş ylmyndan" hiç zat.
¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤
Göwnümde döredi, sebäpsiz uçgun,
Şeýdip alawlady, tutaşdy yşgym,
Söndürjek bolmadym, alawlap ýandy,
Bir uly ot içre galdy ykbalym.
¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Kime zyýan berdi, kalbymyň ody,
Sönermi ýa sönmez, ýanarmy baky?
Şol ot bilen öz ýüregim bişirdim,
Ýüregimde galdy mukaddes ady.

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Il-gün bar, gulaklar, gözler-diller kän,
Diňe bir däl, köp gözeller, dilber kän,
Gözüm ýetýär, heniz öñde geljegim,
Külterläp geçmeli agyr ýollar kän.

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Aklym çaşdy, ykbal başym aýlady,
Köp işler etjekdim, elim barmady,
Durmuşyma bir gez gözüm aýladym,
Wah..., ýüregim şeýle ýoly saýlady.

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤


Kösenýän, kerebiň ujun ýitirdim,
Ýalňyşym düzetmek wagtyn ötürdim,
Umytlarym ýüregimde jaýladym,
Şükür, günälerme gözüm ýetirdim.

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Durmuş yolum bir çatryga öwrüldi,
Ykbal Şemalyna aklym sowruldy,
Oýladym-oýladym bir ýol saýladym,
Ýöne kalba ynamsyzlyk örtüldi.

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Ynamsyzlykdan men nädip dynaryn,
Öz-özümi haçana çen gynaryn?
"Ykbalym gülmezmi?"-diýýär hyýalym,
Haçan ornum tapyp, özüm(i) sylaryn?

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Hyýalym, ykbalym saklan bir sellem,
Bir ädim ätmänkäň oýlan, pikirlen!
Ýetiräýme birden özgä zyýanyň,
Duşmana öwräýme dostum diýenleñ!

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Hyýanat etseler hyýalym saňa,
Jeza bermek üçin entek gyssanma!
Hemmesini eder wagt aýyl-sayyl,
Alla bardyr, ne iş biter gyssagňa?!

¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤¤

Ykbal hiç ynsany ejizletmesin,
Hiç kimiň başyna külpet gelmesin,
Hemme kim bagtyna ýetsin ylaýym,
"Adam"- onuň bagt gülleri solmasyn!
2 лайков 136 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
20 ноя 2021, 14:39
Hyýanat etseler hyýalym saňa,
Jeza bermek üçin entek gyssanma!
Hemmesini eder wagt aýyl-sayyl,
Alla bardyr, ne iş biter gyssagňa?!

Hakyky sunyna +++
Gultac
20 ноя 2021, 15:16
sen lebaplymy hemme kim diyipsin
Ogulşirin Bayramowa
Автор 20 ноя 2021, 20:02
Cicek,
Goşgy meň goşgym däl!