Türkmen

Şeýle diýen eken bir syýahatçy:
Türkmenleriň eý gördügi myhmandyr.
... Dört dogan bar bolsa, eger, bir öýde,
Garamaýak bolmaz — dördüsem handyr!

Men bu baha bilen ylalaşýaryn.
Han däl türkmeniňem han göwni bardyr.
Kel tokludan başga zady bolmadyk
Kişem özün her kesçeräk görýändir.

Myhman barsa şol kişiniň öýüne
Ýalňyz tokly söwüş üçin soýulýar.
Bilemok, şundan soň öýe eýesine
Han diýilmän, başga näme diýilýär?

Bir türkmeniň tarypyny edýärler,
Işleýän ekeni assansiýada.
Bir menzillik ýola, günüň gününe
Obasyndan gatnar eken pyýada.

Ertirki gelşine ikindä çenli
Bil ýazman işläpdir şol daýaw ýükçi.
Iş günün tamamlan mahaly bolsa
Bilýänsiňiz, hakyn alýar günlükçi.

Bu kişiniň kimligini tanarsyň.
Gulak goýsaň hekaýatyň yzyna.
Ýaňky ýükçi obasyna gaýdanda
Iki paýtun tutýan eken özüne.

Birinde telpegi, birinde özi,
Goşa paýtun düşýär, ine, daş köçä.
Şeýdip barýan geň adamy synlamak
Lezzet berer eken uludan-kiçä.

El bulaýar haýran galan synçylar,
Atlaram saz edýär boýny düwmeli.
Ýeri, indi şol türkmene Han diýmän,
Aýdyň eýsem, başga näme diýmeli?!
1 лайков 101 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.