Atylýan kesekler saňa kär etmez
Atylýan kesekler saňa kär etmez,
Işiň rowaçlanyp ugran mahaly.
Arkaýyn bol, ykbal seni hor etmez,
Allaň özi saňa ýaran mahaly.
Bardygyn bil, göze ilmez güýçleriň,
Tersine bolýandyr tutan işleriň.
Ýumşak nana ötmez azy dişleriň,
Heran-haçan Taňryň gargan mahaly.
Arzuw arzan, bolsadylar ekiler,
Bagtyň welin, mydam senden bukular,
Çekdirseň bir howa näziň çekiler,
Ýigitler görküňe haýran mahaly.
Her kim güzeranyň yzynda ylgar,
Ýeriň gönezligi yzgardyr yzgar.
Ýürekler nurlanar, göwünler ýylar,
Kişi kişiň halyn soran mahaly.
Döwlet-döwran synap görer her kimi,
Düşmek kyndyr, üzme ýerden örküňi.
Saklajak bol, şol ozalky durkuňy,
At-owazyň, ile ýaýran mahaly.
Ýaz wagtynda ýaýna deňi-duş bolup,
Garrylykda guwdurama ýaş bolup.
Ak ýagyşlar deger saňa daş bolup,
Takdyryň gazaply daran mahaly.
Gözleriňden salma — irkilmejek bolup,
Göwnün — tap, dilin tap — gorkuzmajak bol.
Her zatlar et welin — ürküzmejek bol,
Bagt guşy bagyňda saýran mahaly.
Oba-oba, öýler öýe ýanaşyk,
Ýeke çykma, ýaşa, ile garyşyp.
Allaň özi edewersin garaşyk,
Rysgallaryň kä yrsaran mahaly.
Bileniňi öwret, bilmeseň sora,
Mydar barmy — şükür et, şol mydara.
Barlylaram öwrülýändir gedaýa,
Adamyň ruhy guran mahaly.
Pendim şeýle, gep-sözüme bakana:
Aýak diräp, gözläp-idäp bahana,
Ugrun tapsaň, gelmejek bol jahana
Adamlaryň halys ownan mahaly.
Işiň rowaçlanyp ugran mahaly.
Arkaýyn bol, ykbal seni hor etmez,
Allaň özi saňa ýaran mahaly.
Bardygyn bil, göze ilmez güýçleriň,
Tersine bolýandyr tutan işleriň.
Ýumşak nana ötmez azy dişleriň,
Heran-haçan Taňryň gargan mahaly.
Arzuw arzan, bolsadylar ekiler,
Bagtyň welin, mydam senden bukular,
Çekdirseň bir howa näziň çekiler,
Ýigitler görküňe haýran mahaly.
Her kim güzeranyň yzynda ylgar,
Ýeriň gönezligi yzgardyr yzgar.
Ýürekler nurlanar, göwünler ýylar,
Kişi kişiň halyn soran mahaly.
Döwlet-döwran synap görer her kimi,
Düşmek kyndyr, üzme ýerden örküňi.
Saklajak bol, şol ozalky durkuňy,
At-owazyň, ile ýaýran mahaly.
Ýaz wagtynda ýaýna deňi-duş bolup,
Garrylykda guwdurama ýaş bolup.
Ak ýagyşlar deger saňa daş bolup,
Takdyryň gazaply daran mahaly.
Gözleriňden salma — irkilmejek bolup,
Göwnün — tap, dilin tap — gorkuzmajak bol.
Her zatlar et welin — ürküzmejek bol,
Bagt guşy bagyňda saýran mahaly.
Oba-oba, öýler öýe ýanaşyk,
Ýeke çykma, ýaşa, ile garyşyp.
Allaň özi edewersin garaşyk,
Rysgallaryň kä yrsaran mahaly.
Bileniňi öwret, bilmeseň sora,
Mydar barmy — şükür et, şol mydara.
Barlylaram öwrülýändir gedaýa,
Adamyň ruhy guran mahaly.
Pendim şeýle, gep-sözüme bakana:
Aýak diräp, gözläp-idäp bahana,
Ugrun tapsaň, gelmejek bol jahana
Adamlaryň halys ownan mahaly.
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.