O dünýeli gürrüň
Men bu dünýä düşünmeýän halyma,
Sen o dünýe hakda gürrüň açýarsyň.
Dowzahdan heder etmän duruňok,
Käte-käte jennete-de uçýarsyň.
Ikisem meniň-ä gören ýerim däl,
Bilemok, haýsyna düşjekdigiňi.
Allaň özi bilsin, bu göwräň bilen,
Syratdan nähili geçjekdigiňi.
Ýöne bilýän, o ýerlerde
Aýdym-sazdyr söhbet ýokdur.
Çöker ýaly kürsi ýokdur,
Çeker ýaly zähmet ýokdur.
Bu dünýäde ýygnan tyllaň,
Kömek etmez suwsan pilläň.
Sämäp durmaz asla kelläň,
Baş aýlara bufet ýokdur.
Bergiň bolsa, gutaryp git,
Imanyňy göterip git,
Garny kemsiz otaryp git,
Gäwüşäre owkat ýokdur.
Allaň parzyn etmän berjaý,
Ädim ätdiň bijaý-bijaý.
Belkem, ýene eliň gijär,
Emme oňa rugsat ýokdur.
Ýa behişdiň perizady,
Ýa dowzahyň gyzyl ody,
Haýsam bolsa, etme dady,
Söýenere söýget ýokdur.
Öldüňmi, ýok ölüm howpy,
Hiç hili zat bozmaz keýpi.
Goýupjyk git gara seýfi,
Salar ýaly manat ýokdur.
Darykmagyň juda ahmal:
Ne Gün bardyr, ne-de asman.
Ne ministr, ne biznesmen...
Jemgyýet-u-döwlet ýokdur.
Ýüz muşakgat, müň kynçylyk...
Ýöne hemmä deň kynçylyk.
Gürlemäge mümkinçilik,
Gobsunmaga gurbat ýokdur.
Dukanynda söwda bolmaz,
Bäbekleri hüwdä bolmaz.
Hiç kişiden peýda bolmaz,
Gowy ýeri, töhmet ýokdur.
Senem bende, menem bende,
Del maslahat bolmaz mende.
Ýaşatsalar, ýaşa munda,
Başga ýerde rehnet ýokdur.
Sen o dünýe hakda gürrüň açýarsyň.
Dowzahdan heder etmän duruňok,
Käte-käte jennete-de uçýarsyň.
Ikisem meniň-ä gören ýerim däl,
Bilemok, haýsyna düşjekdigiňi.
Allaň özi bilsin, bu göwräň bilen,
Syratdan nähili geçjekdigiňi.
Ýöne bilýän, o ýerlerde
Aýdym-sazdyr söhbet ýokdur.
Çöker ýaly kürsi ýokdur,
Çeker ýaly zähmet ýokdur.
Bu dünýäde ýygnan tyllaň,
Kömek etmez suwsan pilläň.
Sämäp durmaz asla kelläň,
Baş aýlara bufet ýokdur.
Bergiň bolsa, gutaryp git,
Imanyňy göterip git,
Garny kemsiz otaryp git,
Gäwüşäre owkat ýokdur.
Allaň parzyn etmän berjaý,
Ädim ätdiň bijaý-bijaý.
Belkem, ýene eliň gijär,
Emme oňa rugsat ýokdur.
Ýa behişdiň perizady,
Ýa dowzahyň gyzyl ody,
Haýsam bolsa, etme dady,
Söýenere söýget ýokdur.
Öldüňmi, ýok ölüm howpy,
Hiç hili zat bozmaz keýpi.
Goýupjyk git gara seýfi,
Salar ýaly manat ýokdur.
Darykmagyň juda ahmal:
Ne Gün bardyr, ne-de asman.
Ne ministr, ne biznesmen...
Jemgyýet-u-döwlet ýokdur.
Ýüz muşakgat, müň kynçylyk...
Ýöne hemmä deň kynçylyk.
Gürlemäge mümkinçilik,
Gobsunmaga gurbat ýokdur.
Dukanynda söwda bolmaz,
Bäbekleri hüwdä bolmaz.
Hiç kişiden peýda bolmaz,
Gowy ýeri, töhmet ýokdur.
Senem bende, menem bende,
Del maslahat bolmaz mende.
Ýaşatsalar, ýaşa munda,
Başga ýerde rehnet ýokdur.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.