Her ýerde çoh abraý tapar Ärsarynyň ýigitleri. Ganym görse, dogry deper Ärsarynyň ýigitleri. Hiç zada salmaz nazarlar, Daýyma mestan gezerler, Hem okyrlar hem ýazarlar Ärsarynyň ýigitleri. Orta ýerde top dikerler, Iki ýanda sap çekerler, Watan üçin gan dökerler Ärsarynyň ýigitleri. Özi Hatam çöreklidir, Hemme arslan ýüreklidir, Seýilhanda gereklidir Ärsarynyň ýigitleri. Iki ýana elleşerler, Alar awyn belleşerler, Oljany hup telleşerler Ärsarynyň ýigitleri
Комментариев нет