Men Özüme Dost Gözledim...
Men Özüme Dost Gözledim...
Men özüme dost gözledim ýaşlykdan,
Gözel ýigitleri saýladym-seçdim.
Emma: «Gowusyndan gowsun taparyn»
Diýip, hemmesiniň deňinden geçdim.
Men özüme ýar gözledim ýaşlykdan,
Gözellerden hak syrymy gizledim.
«Ýok, meň söýgim başgarajyk bolmaly!»
Diýdim-de, gözelleň şasyn gözledim.
Ine, indem ne söýgim bar, ne dostum,
Dostsuz hem söýgüsiz ýaşamak ne kyn.
Ýöne şol ýigitleň birisi dostum,
Gyzlaň birem söýgim bolandyr mümkin.
1969
Kerim Gurbannepesow
6 комментариев