ZAMAN GASSAP

Garrygalanyň Gyzyl (düýp) obasynda Zaman işan diýen biri ýaşaýar eken. Günlerde bir gün mal almaga gelen iki adam onuň
öýünde myhman bolupdyr. Bu myhmanlaryň ýanynda bir horjun teňňeleri barmyşdyk.
Zaman işan bu adamlaryň teňňelerine göz gyzdyryp, iki sany haramyny tapyp: — Men şu myhmanlary ýola salyp, size
habar bereýin, siz hem olar pylan ýere baranlarynda, gapdallaryndan çykyp öldüriň-de, ýanlaryndaky pullaryny alyp, meniň
ýanyma getiriň, üçimiz deň paýlaşarys — diýýär.
Ol iki adam Zaman işanyň diýenini edip, mal alyjy myhmanlary öldürip, iki horjun pullaryny hem alyp, getirip, Zaman işanyň öňünde goýýarlar.
Soň Zaman işan öz eden işiniň bilnip, bilinmändigini derňemek üçin adamlaryň köp üýşýän ýerleri bolan Magtymgulynyň
ýanyna gidipdir.
Barsa Soňudagynyň ilersinde töweregi aý berip oturan mä-
rekeli Magtymguly oturanmyşdyk. Işan-da çök düşüp, Magtymguly bile görüşýär.
Magtymguly işanyň ýüzüne biti-ýiti seredip:
— Size kim diýerler, nireden gelersiňiz? — diýip soraýar.
Işan:
— Bize Zaman işan diýerler, Gyzyl obasyndan bolarys — diý-
ýär. Onda Magtymguly:
— Size Zaman işan diýmezler, size Zaman gassap diýerler.
Bu söze oturan märeke haýran bolýar, işan masgara bolup,
märekeden turup gidýär.
1 лайков 99 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.