OL HAT ...
Ol hat şeýle setirler bilen başlanýar...
"Hormatly Aýaz baba !
Ähli çagalaryň täze ýylda Aýaz babadan sowgat isleýşi ýaly, men hem senden maňa iň gowy sowgatlary getirip bermegiňi haýyş edýärin .Meniň isleýän sowgatlarym beýleki çagalaryň arzuw edýän zatlaryndan gymmat bolsa-da,seniň maňa ol sowgatlary getirip berjegiňe berk ynanýaryn,men saňa garaşaryn !
Maňa,Jereniň güllüje ,gülgüne köýnegi ýaly köýnegiňem,Sonanyň gurjagy ýaly gurjagyňam,Läläňki ýaly köwşüňem geregi ýok. Men senden dünýädaki iň gymmat sowgatlary-eje we kaka getirip bermegiňi haýyyş edýärin.Näzliniň saçlaryny örüp berýän,oňa süýjüje naharlar bişirip berýän Näzliniň mähriban ejesi ýaly eje bolmasa-da,Hemişe Amany goldap durýan,oňa herhili oýunjaklar getirip berýän Amanyň kakasy ýaly kaka bolmasa-da,ýönekeý Ejemiň we Kakamyň bolmagyny arzuw edýärin.Mähriban Aýaz baba şu sowgatlary getirip berseň , senden başga hiç zat soramajagyma söz berýän ! "
Siz agladyňyz diýip gijeleri ýatman çykan,özi iýmän iýdiren,geýdiren Ejeňiziň hem-de "Ilden kem bolmasyn" diýip siziň üçin gije-gündiz der döküp işleýän kakaňyzyň gadryny biliň doganlar !
Olar bize berilen iň gymmat sowgatlardyr.
Dünýäde ene-ata ýaly gymmat baýlyk ýokdur.
Enejan Meredowa

15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.