Alaçsyz söýgim 8-nji bölümi

-Allajan,meni bagyşla,mende başga alaç ýok!Men seniñ ýanyña barmaly boldum.Sebäp bu dünýäde ýaşamag mende umyt ýok!Meni bagyşla Allahym!
Derýa golaýlaşdym.Gözümi ýumup ýagty dünýäni unutdym...
Özümi suwa zyñmaga dözmedim.Näçe kyn bolsada,şu durmuşy iñ soñuna çenli ýaşamaly diýen karara geldim.Ýokardan zyñmak belki başardardy.Biri yzymdan iten bolsa,başarardym.Emma,özümi beýikden suwa zyñmaga gorkdum.
-Allajan,belki maña ölüm golaý däldir.Mañlaýdakyny görerndä!
Men goşlarymy alyp joramlara gitdim.Hawwa,şol çagalyk joramlara!Ol meni güler ýüz bilen garşylady.Meniñ göwnümi göterdi.
-Jorajan,sen nire bu ýerler nire?Azaşyp düşdüñmi gyz?
Men begendim.Biraz,göwnüm injalyk tapdy.Joram bilen çaý başynda gürrüñleşdik.Jorama bar bolan zatlary bir kemsiz düşündirdim.Joram maña maslahatyny berdi...
-Wah jorajan,gaty kyn mesele!Gaty agyr ýagdaý.Gynandym,joram!Gowy edipsiñ ýaşama onuñ ýalylar bilen!Jorajan sen indi gowja işe giräý.Hem öz günüñi aýlarsyñ hemem wagtyñ gyzykly geçer.
-Onyñama gowy pikir welin men nirde ýataryn nirde gezerin,nirde işlärin.
-Jorajan onuñ aladasyny etmesene gyz!Ol añsada,çaga seredip bilseñem 5-6 milýon gazanýaña!Ýatak jaýam şol ýerde iýip-içgisem içinde.
-Ola gowy zat ýöne olar ýaly işi nireden tapaýyn?!
-Joram alada etme!Saña gerek bolsa,özüm tapyp bererin.
Ikimiz bile internediñ üsti bilen iş gözläp başladyk.Joram gürleşýänçidi.Aşgabatly biri gowja aýlyk tölejekligini aýtdy."Joraman şoña git,hijisini görmede,köýmede"diýdi."Ejeñi göresiñ gelse,arasynda görüp gidäý"diýdi.Menem goldadym.Men joramlarda 1-2 gün ýatyp Aşgabada gitmeli diýen karara geldim.Gitmänkäm,ýene ýekeje gezek ejemjana aýlap göreýin diýdim.
-Alooo salam ejejan!
-Kim sen?
-Men Gözel eje?!
Telefon goýuldy.
Men ejemden nadyldym.Olam wagty gelende düşünerdä!Eje balasyny bagyşlamaly ahyry!Arslan barada aýtsam,ol maña telim gezekler jañ edipdi.Men onuñ birinede jogap bermedim.Sebäp,arslana bolan söýgim ölüpdi.Men şeýdip Aşgabada işe gitmeli boldum.Iş ýere bardym.Olaram gowy adamlar eken.Gelnejäniñ iki sany çagajygy bar eken biri okuwa gidýär beýlekisem kiçijekdi.Menem şol çagajyga seretmeli hemem öýüñ arassaçylygy meniñ boýnumady.Öý eýeleri gelneje hassahanada lukman eken.Adamsy bolsa,bazarda ýöredýän eken.Kä gün gelneje işden öñ gelse köplenç Guwanç aga ir gelerdi.Men olar gelýänça syr-süpür edip bar işleri gutaryp geläýjek wagtlary naharlarny taýýarlardym.2 aý gowrak wagt geçdi.Bu günem adatdakylary ýaly Guwanç ir geldi.Ol maña bakyp,men hakynda sorap başlady.Men çalak-çulak aýdyp berdim.Ol bolsa
-Bäh,sen ýaly owadan gelini haýsy ýigit elinden gidirdikä?!
-Siz näme diýýäñiz,düşünmedim?
-Hawwa,sen şeýle owadan gyz!Menem seni gowy gördüm.Ýöne maşgalaly diýeñsoñ sesimi çykarmadym.Sen maña ýaraýañ Gözel!
-Siz näme diýip duranyñyzy özüñiz bilýäñizmi?Men ärsizem bolsam,señ diýýän gelinleriñden däldirn!
-Seniñ oglan görmeýäniñede köp wagt bolandyr.Gel ikimiz bolaly!Muny hiç kim bilmez!
Meniñ ruhym sarsyp gitdi.Gaharym gaýnady.
-my sen,men size bu zatlar üçin işe gelmedim.Öz gelniñ barka beýle zatlar diýmäge utanañokmy?
-Bolanda näme,ol hiç zat bilmez!Diñe ikimiziñ aramyzda galsyn,men seni şeýlebir haladym owadanjam!
Maña golaýlaşyp başlady.Elimden ýapyşyp,göwrämi özüne çekdi.Men gygyryp başladym.
Ol derrew meni goýberdi.
-Dur,ýuwaş goý sesiñi!Men näme saña ýaramokmy?
-Golaýlaşma,häzir gelneje gelsin,ähli zatlary oña aýdyp berern.Şu günem sizden gitjek.
-Seret Gözel,gelnejä bir zat diýseñ,men saña başgaça seredern.Saña iş haky hem bermen.Aýdanyñ bilenem,men seni günäkärlärn şony unutma!Sende hiç hili subutnama ýokdur,galannam barlap göräý!
-Hudaýsyz utanañokmy,şeýle zatlar diýmäge nädip namysyñ çatýar?
-Men seni söýýändä,senem meniñ ikinji gelnim bolarsyñ!Saña aýlygyñ 5 essesini berern.Näçe diýseñ berern.Ýöne gelnime bildiräýme diñe ikimiz bileli?!
-Ýo:k men özümi pula satamok dogan!Maña bu zatlary aýtmañ!Men gelnejä hiç zat aýtmarn ýöne maña golaýlaşmañ!
-Sen isleseñem islemeseñem bu bolmaly zat,özüñe sütem etdireniñden razy bolanyñ gowy bolaýmasa!
-Hudaýsyzmy siz?Beý diýmäge utanañzokmy?Hudaýdan gorkyñ bolmasa beý diýmezdiñ!
Birdenem gapy kakyldy.Gelneje işden gelipdir.Men ony görüp,depämden dag sowulan ýaly boldy.Gelnejä hiç zat aýdyp bilmedim.Men onuñ aýdan zatlaryndan çekindim.Sebäbi meniñem ertir bir aýym dolýardy.Pulumy alman gidip biljek däldim.Men gelnejä ýekelikde ertir gitjekdigimi aýtdym.Ejemi görüp ýene geljekdigimi aýtdym.Gelneje adamsyndan sorady.Meniñ gaharym depäme çowdy.Olam garşy boldy.Menem meniñ şu aýky iş hakymy beriñ!Yzyma gelmernem diýdim.Olar iş hakymy berdiler.Men goşlarymy alyp gitjek bolamda.
-Dur,jigim häzir seni Guwanç düşürip geler.
-Ýo:k gelneje özüm gidern.
-Hä bolýar onda yzyña derrewjik gelersiñdä Gözel?!
-Bolýar,gelneje hökman gelern.
Men taxi saklap wokzala bardym.Otla bilet aldym.Otly ugrady.Men şähere gelip düşdüm.Ýene-de ejemjanymy küýsedim.Göwnüme aram tapasym geldi.Gapyny kaksam hiç kim çykmady.Goñşulara baryp sorasam,"Kakaň bilen jigiñ oba eneñlere gitdiler"diýdi.
-Ejem nirede?
-Ejeñ nirededigini bileñokmy sen?
-Ýok,men Aşgabada işe gitdimä.
-Ejeñ aradan çykdy...Ertir 40-y gyzym!
-Nämeeeee!Gelneje oýun edýäñizmi?
-Ýok,toba beýle zadam oýun edip bormy?Seniñ habaryñ ýokdumy gyzym?!Wah,pahyr gowy heleýdi.Ýatan ýeri ýagty bolsun!
Men gygyryp aglap başladym.Ejeeeemjaanymmm näme üçin meni terk etdiñ?Mähribanym meni näme ýeke goýup gitdiñ diýip aglaýardym.Ejemjanym mähriban ejem saña näme boldy?Humaý gelneje köşeşdirjek bolup her zat edip gördi.Meniñ bolsa göz öñümde ejemjanyñ şol günki aglap gidişi daş-töwerekde janlanyp durdy.
-Men sebäp boldum,ejemiñ ölümine men sebäp boldum!Ejemi men öldürdüm.Ejemi men aglatdym.Ejemi närazy etdim.Ejeeeeeeeeeeeeeeeeeem sen näme üçin meni ýeke goýup gitdiñ diýip uly sesim bilen uwlaýadym.Goñşular daşymda tegelenip geñ görüp synlap durdylar.Aglaýany haýsy,gülýäni haýsy?
Men bolsa,ýere siñip barýardym.Ejeeeemjaaaan sen niiireeeeedeeeee?!!!

Dowamy bar...
4 лайков 616 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
aika
20 дек 2021, 23:14
7nji bolum yokmyka
GuljemilE
20 дек 2021, 23:25
7nji bolumi goymagy unutdymyka
#динара.
Автор 20 дек 2021, 23:38
Hiç hili goýup bolanoga indi
GuljemilE
20 дек 2021, 23:41
Viiii o nam unMiss_minnosh,