Durmuş dowam edýär / hekaýa
DURMUŞ DOWAM EDÝÄR...
Obada sylanýan ýaşulylaryň biri Gaýgysyz agalaryň öýüniň gelim-gidimi soňky günler has-da artdy. Oba adamlary Nurbibi ejäniň agyr kesele uçrandygyny eşidip, her kim onuň halyndan habar almaga gelýärdiler. Gaýgysyz aga daşardaky agaç sekiniň üstünde çaýly käsesini käwagt bir galdyryp çaý ogurtlap, gelip gidýän aýaldyr, gelin gyzlara çalaja başyny atyp, öz pikiri bilen gümra bolup otyrdy. Aslynda onuň çyn ady Myratgeldi bolsa-da, oba adamlarynyň ählisi ony Gaýgysyz aga diýip tutýardylar. Gaýgysyz aga ýaşynyň togsana golaýlanyna garamazdan, süňňi sagat, daýaw ýaşulydy. Gaýgy-alada diýilýän zat onuň üçin ýatdy. Ol obanyň iň eli süýji aşpezi. Obanyň toýlary Gaýgysyz agadyr, Nurbibi ejesiz geçmeýärdi. Bu ikisiniň baran ýeri ala-ýaza, şatlyk şowhuna öwrülýärdi. Biri-birine degişip, ýomak atyşyp, täzeje şorta sözler bilen oba adamlaryny gyzyl-gyran gülüşdirerdiler. Nurbibi ejä-hä çelpekdir, gatlakly bişirerdi, Gaýgysyz aga
bolsa ojagyň başynda palawdyr, çorba gümradyr. Bir-iki aýlykda bolsa Nurbibi eje böwründe bir agyry döränligi üçin etrap merkezindäki hassahana ýerleşdi, anyklaýyş işlerini geçiren lukman, Gaýgysyz agany ikiçäk gürleşmek üçin bir çete çekip, ýagdaýyň öwerlik däldigini, iş-işden geçenligini, häzirki zaman medisinasynyň şu kesele garşy edip biljek kömeginiň ýokdugyny, diňe ýagşy umyt bilen Nurbibi ejäniň galanja ömürini öz ojagynda geçirse gowy boljakdygyny, agyry aýyryjy derman-därileri hökümet tarapyndan mugt üpjün ediljekdigini aýdyp, uludan demini aldy-da başga çäräniň ýokdugyny nygtap sözüni jemledi. Gaýgysyz aga derman hatlaryny ýazdyryp, dermanhanadan gerek dermanlaryny alyşdyrdy. Il içinde “tirýek ukol” ady bilen tanalýan Morfiý suwuklugynyň boşan çüýşejiklerini yzyna tabşyrmak şerti bilen bir gap berdiler. Nurbibi eje özi girip çykyp ýörse-de, bu ýolugan keseli onuň göwresini gün-günden kiçeldip barýardy. Göwre kiçelmän nätsin, bokurdakdan zat geçmese, diňe sanjymlaň güýji bilen oňňut etse, kä wagt bolsa erbet agyry döräp elewrediberýärdi, ana şonda şol “tirýek ukoly” sançýardylar. Şeýdip aý-ýarym wagt geçdi. Nurbibi ejäniň haly teňleşdi, başyny ýassyga goýanyna eýýäm dördülenji gün. ”Il-gün bir gowy zat, şular ýaly ýagdaýda şular kömege ýetişýärler. Allajan elleri-gözleri dert görmesin” diýip içini gepledip oturyşyna ýanyna gelen gyzjagazyň sesine ukudan oýanan ýaly boldy.
- Ata, Nurbibi enemiň dermanynyň soňuny ýaňyja sanjypdyrlar, ýene-de almaly diýýärler- diýdi.
- Bolýar, oglum, men häzirjek etrap merkezine gider-de geläýerin - diýdi-de ýerinden galdy.
Gaýgysyz aganyň öz zürýady ýokdy. Ol obanyň gyzyna, oglanyna ”oglum” diýip ýüzlenýärdi. Zürýatlary bolmasa-da olar hiç haçan nägilelik bildirmezdiler, tersine “Alla islän däldir-da” diýip oňaýýardylar. Gaýgysyz aga etrap merkezine baryp dermanyň hatlatyny düzedişdirip, dermanlary alýança gün eýýäm öýle bolupdy. Ol obalaryna gaýdýan ulaga münüp oba geleninde, gün ýaşmaga az galypdy. Ol öýüne gelende, hassa soramaga gelýänleriňem aýaklary ýygnanypdy. Agaç sekiniň üstünde Berkeli aga çaýa güýmenip otyrdy. Olar salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşdylar, soňra Gaýgysyz aga getiren dermanlaryny alyp, çalaja ardynjyrap, içeri girdi. Onuň gözleri gözgyny ýagdaýda ýatan Nurbibi ejä düşende, ýürejigi mynçgalyp, gyýylyp-gyýylyp gitdi. Indi altmyş ýyldan gowrak bile ýaşan, durmuşyň kynçylygyny bileje çekişen iň ýakyn ynsany, ýalňyz syrdaşy hem hossary dünýä bilen hoşlaşmaga tabyn bolup ýatyr. Eý, Adam, sen özüňi her näçe güýçli saýsaň hem, akylly hasap etseň hem, ölümiň öňünde alaçsyz, çäresiz, güýçsiz. Diňe Allanyň edenine kaýyl bolup, tabynlyk bilen öz ejizligiňi boýun alaýmak galýar. Gaýgysyz aga agyr oýlara batyp, uludan demini aldy-da daş çykdy. Doganoglan inisi Berkeli agaň ýanyna geçip başyny sallap biraz dymdy. Berkeli aga öz tebigaty boýunça dymma adamdy, kä wagt soragyňa jogap gaýtaraýmasa, onuň gepleýän wagtyna gabat geljek gümanyň ýok. Olar daşarda oňa muňa güýmenip ýören Batyry (Berkeli agaň on ýedi ýaşlyja agtygy) nahar iýmäge çagyrdylar-da, sessiz-üýnsiz garbak-gurbak edindiler, soňra çaý geldi. Gaýgysyz aga çäýnekleri bir kemsiz basyrdy-da, Berkeli agaň ýüzüne seretdi. Berkeli aga howluda ösüp oturan ullakan tal agajyna nazaryny dikip otyrdy. Gaýgysyz aga onuň seredýän ugruna bakdy-da birnäçe wagtdan bäri gurap barýan, asyl eýýäm guran şaha gözi düşdi. Ol:
- Batyrjan, oglum, ýanyňa kömekçi alda şol guran şahany görýärmiň? Şony düýbünden kesip aýyr, oglum, beýleki şahalara zyýan ýetirmesin - diýip köpmanyly nazaryny Batyra dikdi.
Batyr çalasynlyk bilen pyçgydyr, paltany taýýarlady-da ýanyna bir-iki sany ýoldaşyny alyp, berilen tabşyrygy berjaý etmäge girişdi. Hä diýmän şaha güwläp aşak gaýtdy. Oglanlar ony böleklemäge başlanlarynda, Gaýgysyz aga:
- Oglanlar, hany entäk howlukmaň, maýda şahajyklaryny çapyşdyryň-da, bilek ýaly ýogyn şahalary birýarym, iki metr uzynlyka bölüpjik goýaýyň - diýdi.
Ol ýerinden turup oglanlaryň ýanyna bardy-da, goşardan sähel inçeräk bir şaha gözüni dikdi, soňra ony beýleki şahadan goşalanyp gaýdýan ýerinden kesip aldy-da:
- Bu-da maňa söýget bolar - diýip pyşyrdady.
Ol ýene-de sekiniň üstünde ornaşdy. Ýogynlygy bilek ýaly dört sany şaha gözüniň gyýtagyny aýlap, soňra Berkeli aga seretdi. Berkeli aga ol göreçlere göni garap bilmän, basyrylgy duran çäýnegiň birini alyp, çaý gaýtaran bolup güýmendi.
Ertesi, gün guşluga galanda, Berkeli agaň aýaly Hatyja sekä golaýlap, ýuwaşjadan:
- Nurbibi eje biraz bäri bakdy, bir käsejik gatygam sorady. Sizem gelip gidäýseňiz diýýär - diýip, Gaýgysyz aga ýaşmagyň aşagyndan ýüzlendi.
Gaýgysyz aga hoşlaşyk wagtynyň gelip ýetendigine düşünip, ýaýdana-ýaýdana içeri girdi. Nurbibi eje ysgynsyz ellerini çalaja hereketlendirip, öz golaýyna çagyrdy, onuň nazary Gaýgysyz aga gönükdi, zoraýakdan ýylgyrjak ýalam etdi. Gaýgysyz aga onuň ysgynsyz ellerini öz aýasyna aldy-da, sessiz başyny atdy, bu onuň ”razy bol” diýdigidi. Nurbibi eje adamsynyň aýasynda saklap oturan elini çalaja herekete getirdi, Gaýgysyz agaň elini maňlaýyna goýup, soňra agzyna golaýladyp ysgynsyz öpdi. Ol gözlerini ýumdy-da, baky uka gitdi. Gaýgysyz aga hamsykdy, gözlerinden paýrap gaýdan ýaş ýaňakdan syrygyp gaýtdy.
....Nurbibi ejäniň ýedisini sowup, märeke dagansoň Gaýgysyz aga ýalňyzlygyň ajy hasratyny has-da ýiti duýdy. Ol öz-özi bilen ýeke galyp gijäniň bir wagtyna çenli içini hümledip oturşyna nähili uka gideninem duýmady. Ol düýş gördi. Onuň oturan otagynyň gapysy açylyp, bir nurana ýüzli ýaş ýigit girýärmiş. Ol aňyrdan gelişine:
- Kaka, salawmaleýkim, näme meni tanamadyňmy, men seniň ogluň, kakajan. - diýýärmişin. Olar gujaklaşyp soňam uzak wagtlap söhbet edip oturýarlarmyşyn... Gaýgysyz aga alasarmyk ýagdaýda ukudan oýandy, töweregine göz aýlady, hiç kim ýok. Onuň kalby gozgalaň tapdy, pikirleri garjaşdy. Kalbynyň düýbünde bir ýerlerde oýanan duýgy ony ynjalykdan gaçyrdy. Ol hakykatdanam bir ýerlerde oglunyň barlygyna ynanyp başlady, garrylyk sebäpli ony unudandyryn, huşsuzlyga uçurandyryn diýen pikir gününe goýmady. Ol şol günden soň oba gelýän ýeke-täk ýola seredip birine garaşýan ýaly bolup durmany çykardy. Gijelerine uka gitse öten-geçenler düýşüne girip başlady, huş bilen düýş garjaşdy. Iki jahan awarasy diýilýän ýagdaýda günlerini ötürip başlady. Ol özüne söýget bolar niýet bilen aýyryp goýan şahasynyň daşyny ýylmap, artyp, özüne hasa ýasandy. Az salymyň içinde bili bükülip, haly teň bolan agasyna Berkeli agaň haýpy gelse-de, elinden gelýän alajy ýok, bir ýanyna gelip höwür bolup çaý içäýmese, näme edip biljek. Şeýlelikde Nurbibi ejäniň kyrky sowuldy. Berkeli aga bilen ikiçäk galan Gaýgysyz aga oňa:
- Inim, ynha şujagaz düwünçekde artdyranja pullarym bilen resminamalar bar. Meniň indi yzymda aglap galjak naçar gyzymam ýok, ojaga eýeçilik etjek... - diýip ýuwdundy, doňuny aýtmanam gürrüňini dowam etdi.
- Şu gün men özümi duýşumyň ugry ýok, sen meniň soňky wesýetimi berjaý etjegiňe söz ber, ho-ol gapydaky bakyp oturanja gölämizi, men ýurdymy täzelämde soýuňda toý beriň, goý ýalňyzlygyň soňy bolsun diýiňde, galan harajatyňa-da şujagaz düwünçekdäki pul ýeterlik bolar.
Soňra bolsa düşegine geçip, kellesini ýassyga goýdy. Nazaryny gapa dikdi, naýynjar gözler birini gözleýän ýaly girelgä seretdiler, birdenem ol gözler nurlanan ýaly boldy, şatlyk alamatlary peýda boldy, bir ýerinden galjak ýalam etdi. Berkeli aga ”Görgüli ýaşynyň soňunda akylyndan azaşyp ýörmikä? Görmedigi görde galdy diýilenleri-da” diýip içini gepletdi-de olam bialaç gapa seretdi. Birdenem “hyrk” sesine tisginip agasynyň ýüzüne seretdi. Gaýgysyz aga gözlerini mäkäm ýumup, süýji uka giden ýaly parahat görnüşde süýnüp ýatyrdy. Berkeli aga:
- Razy bol, agam - diýip onuň maňlaýynyň üstünden aşaklygyna aýasyny syldy.
Gaýgysyz agany bir gije myhman aldylar. Ertesi irden oba adamlarynyň ählisi Gaýgysyz aga bilen hoşlaşmana geldiler. Üýşen adamlaryň sany sajagy ýokdy. Agyr märeke tabyt çykarylyp, jynaza okalaryna garaşyp ses-üýnsüz aşak bakyşyp durdylar. Beýle mähelläni ýörite-de bir ýere jem lemek aňsat iş däl, bular-a meýletin gelen adamlar. Obanyň gonamçylygyna gidýän eke-täk ýol goňşy obanyň üstünden geçip gidýär. Ol oba bilenem Gaýgysyz agalaryň obasy sowuk-sala gatnaşýardylar, aslynda gatnaşyk hiç hili ýok diýseňem boljakdy, bu sowuk-salalyk birçaklar dörän öýke-kinäniň netijesidi. Ol öýke-kinäniň sebäbini oba ýaşyulylaryndan ýek-tük bilýänleri bar, ýöne olar hem bu hakynda hiç hili dil ýaranokdylar. Jynaza okalyp, tabyt göterilende, adata öwrülen ”Waý, dogan-eý” diýen sesden başga yzan-çuwanlygam bolmady, ýöne adamlaryň ýüzlerinden gynanç alamatlaryny okap bolýardy. Tabyt elden-ele, eginden-egine geçip, obadan çykaýan ýeriňde, üstüne haly ýazylan ýörite tabyt ýüklemek üçin niýetlen ulagyň deňinden säginmän geçip gitdiler. Ulagyň sürüjisi ikirjeňlenmän ekin meýdanynyň arasyndan gidýän gumaşak ýoldan ulagy sürüp goňşy oba ýetmän ýene-de garaşdy. Bu gezegem tabydy göterip, gölegçiler ulagyň deňinden geçip gitdiler. Köçe adamdan dolydy, olaryň yzyndan ýuwaşja ýöräp barýan ýeňil ulaglar yzyraga galan ýaşulylary mündürip gelýärdiler. Ikinji gezek deňinden geçilen ýörite ulag hem indi olaryň yzyndan howlukman ýöräberdi. Ulagda oturan Berkeli aga ”Syladylar, agam, syladylar” diýip eşidiler-eşidilmez pyşyrdady. Goňşy obaň çetinden giren gölegçiler, garaşylmadyk wakanyň şaýady boldular. Tutuş obaň uly-kiçi erkek göbeklisi ör turup, ylgaşlap tabydy elden-ele, eginden-egine geçirip, goňşylarynyň derdini öz gerdenlerine alyp, gynanajyny deň paýlaşdylar, iki oba biri birine goşulyşyp gitdiler. Ol obaň aýal-ebtaty bolsa hersi öz işiklerinde ýapynjalaryny maňlaýlaryna çümre atynyp, gözleri bilen Gaýgysyz aga bilen hoşlaşýan ýalydylar. Berkeli agaň bokurdagy doldy, gözleri nemlendi. Bu öz agasyna goýulan sarpaň buýsanjydy. ”Ynha, agam seniň zürýatlaryň, sen hiç wagtam ýeke bolmandyň, häzirem seni seniň duzuňy iýip ulalan perzentleriň hormat bilen soňky ýoluňa ugradýarlar.”
* * *
Berkeli aga Gaýgysyz agaň wesýetini bir kemsiz ýerine ýetirdi. Onuň üçüni, ýedisini toý ýaly sowdy. Goňşy obadan ýaşyulular geldiler, aýat-töwir etdiler. Bu ýaraşyk toýydy, agzybirlik toýydy. Märeke sowulyşansoň Berkeli aga şol düwünçegiň içindäki resminamalary görüşdirip otyrka bir bölejik kagyza gözi düşdi. Gatyny açyp okady-da:
– Hä-äý, görgüli içine salyp gezipdir-dä - diýip, uludan demini aldy. Ýanynda oturan Batyr atasynyň ýüzüne soragly nazaryny dikdi. Berkeli aga kagyzy agtygyna uzatdy, ol kagyzda:
Adamlar üýşerler, ýasyma gelip,
Diýerler: ”zürýatsyz ötdi-dä, bende”
Guburyma girip, jesedim alyp,
Içki jaýa saljak, ogul ýok mende.
- diýip ýazylypdyr. Batyr birnäçe wagt bäri aýdyp bilmän ýören zadyny aýtmaga şundan amatly pursadyň bolmajagyny aňynda aýlap, atasyna ýüzlendi.
- Ata, şol gün, Gaýgysyz atamy jaýlan günümiz gubura diňe kakam ikimiz girdig-ä, şeýle dälmi, ata? - diýdi.
- Ýeri, onsoň?
- Şonda, ata, ýene biri, üçünji biri bar ýaly bolup duýuldy. Bir pursat, Gaýgysyz atamyzy içki jaýyna salan wagtymyz bir nurana oglanjyk görünen ýalam boldy, ata. - diýip atasynyň ýüzüne çiňňerildi.
- Perişdedir, oglum, perişdedir - diýdi-de, nazaryny alyslara dikdi.
Asuda oba durmuşy bolsa şol öňküsi ýaly dowam edýärdi.
Azat NURGELDIÝEW.
25.11.2014 ý.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.