TÄZE ÝYL ARZUWY
Ynsan tolgunmasy, yşky-söýgüsi,
Ylhamy, hyjuwy, işi-azaby, -
Biziñ üçin, ine şundan başlanýar
Her bir täze aýyñ-günüñ hasaby!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Has köpräk joşuñ siz, köpräk tolgunyñ, -
Ýaşan ýyllarynyñ mazasy bolmaz
Tolgunmadan halas ynsan oglunyñ!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Söýen zadyñyzy ýürekden söýüñ, -
Bazary göterlip, mazara döner
Töri muhabbetsiz, söýgüsiz öýüñ!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Hyýal baglap ak ýyldyzly agyla,
Ýerde edýän işiñizi sallarlañ,
Hem-de ondan boluñ käte nägile!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Tolgunyñ, dörediñ, söýüñ, şatlanyñ;
Ynjalyksyz bolsun herne ýüregñiz
Boş şöhratdan gaçyñ hem şöhratlanyñ!
Annaberdi AGABAÝEW.
Ylhamy, hyjuwy, işi-azaby, -
Biziñ üçin, ine şundan başlanýar
Her bir täze aýyñ-günüñ hasaby!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Has köpräk joşuñ siz, köpräk tolgunyñ, -
Ýaşan ýyllarynyñ mazasy bolmaz
Tolgunmadan halas ynsan oglunyñ!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Söýen zadyñyzy ýürekden söýüñ, -
Bazary göterlip, mazara döner
Töri muhabbetsiz, söýgüsiz öýüñ!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Hyýal baglap ak ýyldyzly agyla,
Ýerde edýän işiñizi sallarlañ,
Hem-de ondan boluñ käte nägile!
Şonuñ üçin täze ýylda arzuwym:
Tolgunyñ, dörediñ, söýüñ, şatlanyñ;
Ynjalyksyz bolsun herne ýüregñiz
Boş şöhratdan gaçyñ hem şöhratlanyñ!
Annaberdi AGABAÝEW.
12комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.