Pursatlar...

Kämahal şeýlebir gepläsim gelýär, 
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen, 
Geçmiş elipbiýin hetjikläp ,,A"-dan,
,,Ýa" harpyna çenli çözläsim gelýär. 
Isle zenan adam, isle-de erkek
Sözledesim gelýär, Sözläsim gelýär.
Emma beýle döwlet 
Duşdumy entek?

Iň bagtly günümde duşupdy biri 
Sözläpdim, diňläpdim.
Giňäpdi göwün.
Işimem şowlydy,ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şol gün...

Kämahal şeýlebir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň. 
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm
Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle. 
Diňe özüm bilen 
Gepleşmek gerek.
???
5 лайков 163 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Aýnur
26 дек 2021, 19:04
...Häp-häzir nähili? Häzirem şeýle.
Diňe özüm bilen
Gepleşmek gerek.
........??
Kalp doctory
26 дек 2021, 19:12
Dogry aydylypdyr oz ozinge teselli berip bilyan ekening sagbol
Ejegyz.
26 дек 2021, 19:28
gamgyn wagtym Kerim Agaň şu goşgusyny okap oňaýýan
Enesh
26 дек 2021, 19:36
like
Ejegyz.
26 дек 2021, 19:41
Bagul_Atayeva,
hakyky meň durmuşymda-da boldy ! Belki şondan ýürege ýakyndyr şu goşgy ?!
My life
26 дек 2021, 20:59
Gamgyn pursatlardan herkim yadapdyr. Goshgy gowy eken yurege yakyn!