Ýandyrdyñ, Leýli!

Serim sämäp durka, garap gaşyña,
Güjeñläp görünýän ýumry döşüñe,
Gurçuk köwläp, zer çaýylan dişiñe,
Aldatdym özümi, ýandyrdyñ, Leýli!

Nireden ýolukdyñ, menziller aşyp,
Gomlar gelýän ýaly üstüme süýşüp,
Aýagym sandyrap, ýüregim çaşyp,
Başyma baýguşy gondurdyñ, Leýli!

Ejem pahyr: - Alma! - diýip, ýalbardy,
Señ geýeniñ tamman däl-de, jalbardy,
Gör, nirede, haýsy melgun gol berdi,
Ýüregimi buza dönderdiñ, Leýli!

Bagy-bossanymy weýran eýlediñ,
Sergezdan depede haýran eýlediñ,
Mensiz seýilgähde seýran eýlediñ,
Ýanan çyragymy söndürdiñ, Leýli!

Allanäme günüm bardy dargatdyñ,
Ak süýt beren, ak käbäme gargatdyñ,
Alynmadyk aýlygymy bergi etdiñ,
Başyma kyýamat inderdiñ, Leýli!

Nurgeldi Çakany ýakdyñ-ýandyrdyñ,
Gök eşege ters bakdyryp mündürdiñ,
Diliñ bilen dişlerimi syndyrdyñ,
Geplesem gomuma gondurdyñ, Leýli!

Nurgeldi ÇAKANOW.
5 лайков 369 просмотров
15комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Kalp doctory
29 дек 2021, 16:39
hehe Hawa yandyrdyng Leylim
Leyli Amanowa
Автор 29 дек 2021, 16:40
Yurek-bagryny yakan eken pahyryň
Kalp doctory
29 дек 2021, 16:41
Wah kim ona ber diydi bermeldal eken oz yuregni hihi
Maksat
29 дек 2021, 16:46
Görgüli ýanyp ýazypdyr.
Leyli Amanowa
Автор 29 дек 2021, 16:47
Bayker,
menem geljekde birini yakaryn seydip arbuz
Maksat
29 дек 2021, 16:53
Nairobi,
Goşgy gowy ýöne talyplardaky reklama dogry bolsa gowy däl.
zumerchi
29 дек 2021, 17:00
Цитата: Bayker
Nairobi,
Goşgy gowy ýöne talyplardaky reklama dogry bolsa gowy däl.

taze nik achyancham udalit edipdir reklamany, hazirem gorkezip durdy!
Pegas
29 дек 2021, 17:02
Gowy däl eken. Negözel gyz adyň adresine gelişmedi.
Leyli Amanowa
Автор 29 дек 2021, 17:02
Bayker,
hany reklama?
Leyli Amanowa
Автор 29 дек 2021, 17:04
Pegas,
yere sokayypdyr ony Harasatdan oturdi
Maksat
29 дек 2021, 17:05
Цитата: Nairobi
Bayker,
hany reklama?

Borlaý bilemok ýaňy birýerde gözüme kaklyşdy ýalňyş gördüm öýdýän)
Leyli Amanowa
Автор 29 дек 2021, 17:07
Bayker,
hä ony menem gordum žalfam etdim "ayryň" diyip
Nury
29 дек 2021, 17:27
Waheý Leýli oňa işini görüpsiňaý
Şamuhammet
29 дек 2021, 17:49
Цитата: Nairobi
Bayker,
menem geljekde birini yakaryn seydip arbuz


Biri seni ýakaýmasa ?
Han ogul
29 дек 2021, 17:50
Ah Leylijan diysäni
Leyli Amanowa
Автор 29 дек 2021, 20:11
Jeksparro,
göryäs ony hali)