Durmuşa ýüzlenme

Gaty ir dälmikä,

Ýüzlenýän saňa?!

Sönmez ataşyňda ýandyrdyň, durmuş.

Ýok, nalamok, ejiz diýmäwer maňa,

Sere kän külpetler inderdiň, durmuş.



Ýetim goýduň bäş ýaşymda yzladyp,

Aýyrdyň sen kakam jandan bozladyp,

Dogry, gezdirmediň çörek gözledip,

Ýöne, gözüm ýaşa doldurdyň, durmuş.



Ýagşylyk edenlem eýlediň duşman,

Ýürekden söýenme etdirdiň puşman,

Asla ikimiziň ýolumyz duşman,

Arzuwymy ýolda syndyrdyň, durmuş.



Baýlyk hakda dil ýarmaga hakym ýok,

Saglygyma şükür, gyşyk gepim ýok,

Dogrusyny diýsem, birje nepiň ýok,

Umyt uçgunymy söndürdiň, durmuş.



Ejizlik däl ýada salmak geçeni,

Wagtyndan ir elden aldyň ejemi,

Bolmaly ahyry bar zadyň çeni,

Göwnümi juda kän syndyrdyň, durmuş.
2 лайков 124 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Daýanç
19 окт 2021, 21:32
Durmus diymesene ikiyuzli huyplyot eken
Aika 05
19 окт 2021, 22:38
hakyky zatlar..govy gosxgy eken like+++Minnosxum...durmusxx sxeilee sxeile yadatya sozim yok prostaaaa aglaya
Enejan
20 окт 2021, 09:51
Likee