5 ýaşly çaga dogany üçin ölüme razy bolupdyr

Bir lukmanyň başdan geçirenleri :
Birnäçe ýyl öň Stanford Hassahanasynda höwes bilen işleýärdim. Şol wagtlar, örän az duş gelýän bir kesele duçar bolan Liza atly bir gyzy agyr ýagdaýda tanadym. Gowulaşmasy üçin diňe bir ýol bardy, bäş ýaşyndaky oglan jigisinden gan almalydy. Oglan jigisi hem şol keseliň hötdesinden gelipdi we bedeninde ýarawsyzlygy ýeňip biljek antikoralar emele gelipdi. Men bu ýagdaýy Lizanyň oglan jigisine aýtdym we oňa gyz doganyna gan berip-bermejegini soradym. Çagajyk azajyk oýlanyndan soň, uludan demini alyp, “Bolýar, eger Liza aýaga galjak bolsa bererin.” diýdi. Gan geçirilýärkä, çagajyk gyz doganynyň ýanyndaky krowatda ýatyrdy we doganynyň ýaňaklaryna reňk geldigiçe biziň bilen bile ýylgyrýardy. Soň ýüzi saraldy we ýüzündäki ýylgyryşlar birden ýitdi. Başyny galdyryp maňä: “Indi derrew ölerinmi?” diýip sorady.
Ýaşy kiçi bolany üçin, “ganyňy bermeli” diýilende ganynyň hemmesini bermelidir öýdüpdir. Dogany üçin ölmekdenem gorkmandyr.
10 лайков 212 просмотров
11комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
noname
07 янв 2022, 17:28
aglaya caga
GuljemilE
07 янв 2022, 17:32
aglaya .doganlykda
Ejegyz.
07 янв 2022, 17:34
... cilimkesh
noname
07 янв 2022, 17:46
Цитата: Ejegyz
... cilimkesh

Mahorkamay onyñ
Enejan
07 янв 2022, 17:58
danger,
hmmm
Yurek lukmany
07 янв 2022, 18:19
hakyky doganlyk......
Aýnur
07 янв 2022, 18:53
Birä doguran aglar, soňam dogan aglar... cilimkesh
Enesh
07 янв 2022, 19:41
like
Zyýada
07 янв 2022, 21:38
Gynandyrjy
Zyýada
07 янв 2022, 21:39
Salam mahribanlar sagbolun
My life
07 янв 2022, 23:01
Gynandyryjy yagday.