Gurbannepesowdan...

Kimler gojaldykça ulalyp barýar,
Kimler gojaldykça kiçelip barýar.
Her kimin agramy göwrä görä däl,
Kimdigine görä ölçelip barýar.

Seýdip bu dünýäden geçilip barýar.
Seçilisip barýar hak bilen nähak...
Nähagy ret edip,
beýlekilerin
Her bir ädiminden öwrenýän sapak.

Olar menin üçin ak saçly mekdep.
Solan aklygyndan nur alýar günüm.
Mahal-mahal egnim pes ýaly weli,
Solan birin görsem, beýgelýär egnim.

Ykbal gysga edýär olaryn ömrün,
(Mün sükür, uzagam ýasaýar käsi).
Uzak ýas gowy zat. Emma ýas bilen
Ölçelmeýär olan guran dünýäsi.

Ölse-de,
olaryn çüflän howasy
Tenekardy. Ýene tenekar bolar.
Onun-seýledigini hemmeler bilýär.
(Bilmeýänem ony kem-kemden biler)

Säherin yzyndan gün gusluk bolýar,
Son günorta bolýar. Onsonam öýle.
Agaçlar garraýar, güller garraýar,
Daglaram garraýar. Ynsanam seýle.

Emma seýle ärlen günleri öýle
Bolanda, gin dünýäm garalýan ýaly,
Demligim darygýar, kalbym horugýar,
Olar däl-de,
özüm garraýan ýaly...
2 лайков 97 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
11 янв 2022, 15:06
Gaty gou görýän şu şahyry like +++
Gokhan Durdyyew
11 янв 2022, 18:16
gaty gowy ussat shahyr