Gazaply daramaň balalaryňyza!

Gazaply daramaň balalarňyza! 
Bilmedigin ilden öwrener, sorar, 
Alar köne dünýäň abyn-tabyny, 
Olar gerek bolsa, topragyn gorar, 
Dowam eder atalaryň däbini. 

Ýyllaň süzgüjinde akly durlanar, 
Olara ýollarda söýgi bolar ýar. 
Sary güýzde aglap giden durnalar, 
Elwan bahar aýdym bolup dolanýar. 

Olaň maňlaýynda ýagty günleri, 
Ýagşy günler görmek bagty bar bolsun, 
Azaşsa Aý bolsun asman gümmezi, 
Başlarna iş düşse, Alla ýar bolsun. 

Ýollaryn ümür dek örtende gussa, 
Olar gurbat tapar çekip-çydara. 
Hasrat çekýän köňül – päklige nusga, 
Gussa çekýän adam – ýakyn Hudaýa. 

Ýagmyr ýuwan owaz meňzär sadaba, 
Olar aýdym aýdar, bihal saýrymaz. 
Olar öz iline bolar sadaga, 
Hem gyýa göz bilen bakmaz gaýryga. 

Pata berip, uzak ýollara ýollaň, 
Gazaply daramaň balalarňyza. 
Ylaýym bagynda almalar gülläp, 
Selmeler parç bolsun ýaýlalarynda. 

Gurbandurdy ORAZOW.
7 лайков 127 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Liwerpul_fc
11 янв 2022, 21:16
Gowy
aika
11 янв 2022, 21:34
haladym +++ popkorn
Belki
11 янв 2022, 23:17
"Söýüñ çagañyzy,söýmekden armañ" goşgusyny ýatlatdy Ezizowyñ.
My life
11 янв 2022, 23:36
Gowy goshgy eken. Gussa cekyan adam- yakyn Hudaya. Bu setirleri gussalam bolsañ, teselli berya yurege
Han ogul
12 янв 2022, 00:56
Wahh
DonMaxx
12 янв 2022, 03:36
nesip bolsa ulalsyn...
Enegul
12 янв 2022, 08:10
+++