Gubdagly şa gyzlarym

Gubadagly şa gyzlarym
Gözellikde taýsyz olar
Gubadagly şa gyzlarym
Perilikde taýsyz olar
Gubadagly şa gyzlarym

Ýollarňyz hem  gülden dolsun
At-abraýňyz belent bolsun
Aşyklarňyz çäksiz bolsun 
Gubadagly şa gyzlarym

Belent başyň aman bolsun
Janyňyz hem sagat bolsun
Ömrüňiz hem nurly bolsun
Gubadagly şa gyzlarym   
3 лайков 309 просмотров
21комментарий
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Perman Izakow
04 фев 2023, 16:58
Tüweleme halypa.Gowmy ýagdaýlaňyz.Siz Guwadagyň niresinden?
RelaX
04 фев 2023, 17:26
Juma Şahyr sayda ayagynyz dusdi tuweleme
Belki
04 фев 2023, 17:38
Üstünlik arzuw edýän!
Çynym bilen maslahat beresim gelýär, ýöne menden ynjamajagyñyzy aýtsañyz...
Jumamyrat
Автор 04 фев 2023, 18:03
Belki,
Ýok gül ýaly sag bol maslahatlaryňyzy aýamaň gaýrat ediň şu saýtdaky ähli agzalar meniň üçin halypam saýýan
Ahmet
04 фев 2023, 18:32
Şu ýere bas
Juma şahyr, Maksat agaň hormat edip açan bloguna jogap ýazmansyňla?
Ahmet
04 фев 2023, 18:34
Bäh, web-bag işlänokmaý?
Jumamyrat
Автор 04 фев 2023, 18:40
Vekil_City,
haýsysy ýazaýyn
Ahmet
04 фев 2023, 18:46
https://biz.islenen.ru/22169-geli-tanyaly-saytymyzy-taze-ahyry-nury-ahyr-bilen.html
Ahmet
04 фев 2023, 18:46
Juma şahyr,
Şu salga baryp gaýdaý onda
Gerceknazar
04 фев 2023, 19:05
Inim alsaň saňa gowy maslahat her gezek goşgy ýazanyňda öň aýdylmadyk , hiç kimiň aýtmadyk sözlerini aýtjak bol . Elbetde özümem täze söz tapyp bilemok ýöne bolmanda delje sözleriň gözleginde bol.
kesirkelle
04 фев 2023, 19:07
@Belki, indi maslahat bermeseñ bergili bolýañ:))))
Edepli Gödek
04 фев 2023, 19:13
Gerceknazar,
Inim alsaň saňa gowy maslahat her gezek goşgy ýazanyňda öň aýdylmadyk , hiç kimiň aýtmadyk sözlerini aýtjak bol .
Çyndan bilesim gelýä şu sözüñ mollañ diýenini et edenini etme diýen aýtga mysal bolup bilermikä?
Gerceknazar
04 фев 2023, 19:19
_Bayat,
Sözlemi ýarpy-ýalta ýazmada doly okap düşünip onsaň ýaz . Seniň bar bileniň iliň üstünden gülmekmi ýa başga zadam edip bilýäňmi?
Edepli Gödek
04 фев 2023, 19:39
Gerceknazar,
Näme diýýäň eşdemok??
Belki
04 фев 2023, 19:52
Juma dogan, ilki bilen goşgyña logika boýunça seredeliñ:
"Gözellikde, perilikde taýsyz gyzlar" diñe Gubadagda barmyka ýa Hudaýtagala beýleki iliñ adamlaryna-da nebsi agyryp, ol ýerlerde-de owadan gyzlary ýaratdymyka? Jogap: Hemme ýerde-de owadan gyz bar. Onda Gubadagyñ gyzlarynyñ nämesi üýtgeşikkä? Galyberse-de Gubadagly gyzlañ hemmesi peri-peýkermikä ýa içinde meñ ýaly adaty sypatlylaram barmyka? Jogap: Elbetde adaty sypatlylaram bar. Onda goşgy logiki taýdan NÄDOGRY.
Soñ gozgalan pikirler babatda seredeliñ. Gözel gyzlar, peri gyzlar, olara gözel, bagtly durmuş arzuw edýän liriki gahryman. Şu pikir hiç görülmedik adatdan daşary pikirmi?
Jogap: Ýok, aýdylyp, aýdylyp suwy çykarylan pikir. Diýmek pikir taýdanam gowşak.
Indi pikir beýan edilişe geçeliñ.
Awtor pikrini beýan edeninde hiç bolmanda eýe bilen habaryñam ýerini üýtgetmän geplenilişi ýaly beýan edipdir : "Ýollaryñyz aýdyñ bolsun!"
Diýmek beýan edilişi taýdanam gowşak.
Indi forma geçeliñ. Atam döwründen bäri ýazylyp ýazylyp lenç edilen AAAB forma. Ýagny, murapbag. Kapyýalarda işlikler kapyýalaşypdyr. Olaram baryp şol atam döwründen galan bolsun-dolsun diýen kapyýalar.
Goşguda del tapyndy, şahyrana setir barmy? Ýok!
Diýmek goşgy haýsy tarapdan alsagam GOWŞAK.
Belki
04 фев 2023, 20:09
Indi maslahata geçeýin:
1. Öñ aýdylyp aýdylyp suwy çykarylan pikirleri almañ, ýok men şony almasam durup bilemok diýýän bolsañyz başgaçarak görnüşde beýan ediñ.
2. Täze başlan goşguça murapbag agyr forma. Sebäbi üç bendi özara kapyýalaşdyrjak bolup, pikri gowy beýan edip bolanok. Sen oñarsañ, boşaşa formada pikir beýan etjek bol. Has arkaýyn beýan edersiñ.
3. Kapyýanyñ pikriñi ugrukdyrmagyna ýol berme, pikriñe görä kapyýa tapjak bol.
4. Goşgyñda delje tapyndylar, şahyrana setirler tapmaga synanyş. Ýeri gelende pikir boýunça kadadan çykmakdak çekinme. Meselem:

Pyýada geldi şazadañ
Bedewmi bagyşla meniñ.

Mätgurban Mätgurbanow.

Pyýada şazada diýip eşdipmidiñiz? Edil şunuñ ýaly kadadan çykmakdan gaçmañ gerek ýerinde.

5. Barybir men murapbag ýazasym gelýär diýýän bolsañyz öñden gelýän beýan edişi ulanman täzeçeräk beýan edişe geçiñ. Owadan meñzetmeleri ulanyñ. Meselem:
Gözüñ umman, göreçleriñ adadyr
Men şol adañ bakyp ýörün padasyn
Lebiñ ömrüm, gözleñ göwnüm kadasyn
Öçürgiç deý bozup ýörse nädeýin?

Ysmaýyl Tagan.

6. Asla iki sany işligi kapyýalaşdyrmañ. Üýtgeşik kapyýalar tapjak boluñ. Diñe iki bogunam däl 4-5 bogny kapyýalaşdyryp bilseñiz, goşgy has çeper görner. Ýöne onuñ pikri ugrukdyrmagyna ýol bermäñ. Meselem:
Arzuwlara ýetip biler öýderdim
Başarsa ýürekden söýüp bir adam.
Eger-de dokuzy düz bolan bolsa
Bir goşgam ýazmazdy Seýitmyradam.

Seýitmyrat Geldiýew.

7. Şahyranalygy, lirizmi ünsden düşürmäñ. Meselem:

Maña iki sany ömür ber Alla
Öler ýaly şol gözleriñ hersinde.

Nobatguly Rejebow.

Häzirlikçe ýadyma düşýänler şular. Galanlarynam barýaka maslahat beribererin.
kesirkelle
04 фев 2023, 20:09
Sypaýyçylyk edýädä @Belki hanym size.
Goşgy gowşak dp. Alaga-da, morta: "Bu goşgy däl" diýmän.

Men-ä atam döwrüniñ goşgularyny okanymy gowy görjek. Belki-de başga iş tapman, klawişlere basyp ýatandyrlar-da diýdirýär. Bikärlik ýaman zat. Hünär öwrenmeli.
Belki
04 фев 2023, 20:18
Iñ esasy zady aýtmagy ýatdan çykarypdyryn. Bu zatlaryñ ählisine öz-özünden düşünip gitmegiñiz üçin oñat şahyrlary köp okañ.
Başyny Kakamyrat Rejebow, Seýitmyrat Geldiýewden başlañ. Soñ Nobatguly Rejebowa geçiñ. Ýuwaşjadan Aýgül Garaýewany okap başlañ. Italmaz Akmyrat, Çary Ýegenmyrat, Gurbannazar Eziz ýaly şahyrlaram ünsden düşürmäñ. Ýokarda maslahat beren "inçe syrlarymy" olar nähili görnüşde ulanypdyrlar üns beriñ. Bir şahyryñ döredijiligini, ýygyndysyny özleşdirip bolman başga bir şahyra geçmäñ.
Belki
04 фев 2023, 20:35
AAAB formada pikir beýan etmegiñ kyndygyna garamazdan näme üçindir täze başlan goşguçylar göni şo zeýilli murapbaga topulýar. Özüm-ä häli-häzirlerem şony ýazyp bilemok.Şu formada Kakamyrat Rejebow ýaly ýazyp biläýseñ:

Gara gazma gyzsa sazlar öýkelär
Tomuslar ir düşse ýazlar öýkelär
Meni ne günlere saldyñ peýker-ä
Ykbal niçik iş eýledi duýduñmy?


****

Dünýe togalakmyş, dälmişin heýkel
Aýlanyp ahyryn duşurar belkem
Dañ şemaly söýgi habarym elter
Saña sary barýandygym bilginiñ.

***

Dünýe içre iki adamlyk dünýä
Zemin gül-gül açyp, dünýeler gülýär
Älem durşy bilen çyn yşka çümýär
Hol alysdan keşbiñ görnende, janym.

****
Ýeri neýlesem nämetsem
Essim aýylýar äñetsem
Ýüzüñ çytyk-la nämährem
Gülermikäñ gülmezmikäñ.

****
Aýdylmaly sözden aýlap öwrümi,
Aýt çyn söýgä gyýa bakmak dogrumy?
Ýykma ýalñyşarsyñ ýykma göwnümi
"Metjidi ýykylsa mähräp tapmas sen"
Jumamyrat
Автор 06 фев 2023, 13:52
Belki,
yýok ynjamok sag bol degerli maslahatlaryňyzy aýamarsyňyzda