???

Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün,. Başymda-da alada ýok, söweş ýok
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.

Indi sabry-kararym ýok çykmaga
Meýlis keýpi bilen säher düze-de.
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri
Birmahal hilesiz geçirjekdim men.
Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip,
Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men.

Oňat işleň başynda-da durmadym,
Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda.
Belki, şoň üçindir ýagty dünýede
Söýen ýokdy meni ejemden başga.

Siziňem şäherňiz ýaranok maňa,
Meger bärde uzak durmasam gerek.
Gözlemeli borun nämedir bir zat
Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek.

O belli, ýüregmiň boşan künjüne
Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly.
Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş,
Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.

KAKAMYRAT ATAÝEW
10 лайков 154 просмотров
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gerceknazar
04 фев 2023, 19:07
Halypalaryň goşgylaram üýtgeşik bolaýýar
Venus
05 фев 2023, 11:31
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Çary agany ýatladýar

Hemem,
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.


Şu ýeri diňe meni bökdeýämikä?!
"Hem söýmäge zerre deýin höwes ýok" diýilen bolsa has ajap bolaýjak ýaly.
Kemçilik gözlämok. Bu şahsy pikirim.