“… Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş, Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.”


Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün,
Başymda-da alada ýok, söweş ýok.
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.

Indi sabry-kararym ýok çykmaga
Meýlis keýpi bilen säher düze-de.
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri
Birmahal hilesiz geçirjekdim men.
Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip,
Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men.

Oňat işleň başynda-da durmadym,
Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda.
Belki, şoň üçindir ýagty dünýede
Söýen ýokdy meni ejemden başga.

Siziňem şäherňiz ýaranok maňa,
Meger bärde uzak durmasam gerek.
Gözlemeli borun nämedir bir zat
Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek.

O belli, ýüregmiň boşan künjüne
Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly.
Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş,
Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.

KAKAMYRAT ATAÝEW
10 лайков 310 просмотров
7комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Telwas
Автор 27 мар 2023, 22:23
Arada edebiýat birleşmede bir goşguda “meýdim bolsun gargalaryň (ýa-da guşlaryň) eklenji” diýen setirlere gabat geldim.
Telwas
Автор 27 мар 2023, 22:26
Kakamyrat aga meýdine guşuň gonmagynam islänok. Ol ýigit bolsa, meýdiniň guşlaryň eklenji bolmagyna-da razy.
Duýguly goşgular…
Gerceknazar
27 мар 2023, 23:11
Kakamyrat aganyň pikiri gowy eken, meniň pikirimçe. Goşgynam haladym. Her bendiň ahyrky setirlerini jaýdar jemleýän eken.
Venus
28 мар 2023, 01:07
Nirvana,
Göçme edip alsaňam bolyar-a)
Venus
28 мар 2023, 01:09
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.


Näme üçindir her sapar goşgynyň şu ýerini okamda Çary agany ýatlaýan)
Pakize
28 мар 2023, 07:05
Nirvana
Arada edebiýat birleşmede bir goşguda “meýdim bolsun gargalaryň (ýa-da guşlaryň) eklenji” diýen setirlere gabat geldim.

It çeýnesin, garga çoksun meýdimem
Çary Ýegenmyradowyñ mynajat goşgusynda-da bar. Gowy goşgy ýöne şu
Yusupahmet93
28 мар 2023, 20:57
Meýdini guş~gumursylara rowa görmezlik, meýdini guş~gumursylara bagş etmek~iki şahyram mamla. Adam ölensoň guşlar çokalasyn, mör~möjekler iýsin, barybir ene topraga garylýar.