Omar Haýýam.

Eý, saky, ber maňa gülgün şerapdan,
Akyt sen küýzäniň bogazyndan han,
Meniň gözlerimiň öňünde bu gün
Käseden mährem bir dostum ýok,ynan
.....
Açylmaz her kese syrlar perdesi,
Ýetmez boş asmana kimsäniň sesi,
Topragyň astyndan başga menzil ýok
Uzyndyr dünýäniň bu ertekisi.
.....
Günämiz nä, ömür gitdi tupana,
Doldy köp jigerler ajaldan gana.
O dünýäden gaýdyp gelen bolsady,
Bilsek nä garaşýar onda ynsana.
.....
Metjit, buthanadan söz uzatma, bes!
Behiştden,dowzahdan ýaňramagyň kes!
Ykbalyň ozaldan ýazylgy bolsa,
Oraza, namazyň barysy hebes.
7 лайков 757 просмотров
19комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Enegul
12 янв 2022, 16:59
atuw ...
aika
12 янв 2022, 17:08
brawo .... brawo
Kakow
12 янв 2022, 17:17
icimi okapdyray


menden like
Maksat
Автор 12 янв 2022, 17:20
Enegul,
aik,
MARLY_БОРЕЦ,
Sps shlyapa
Ladybug
12 янв 2022, 17:28
Kan bir edebi doredijilikden basym cykybam duranok welin, onnada pikirimi aydayyn. Mena su rubagylaryn Omar Hayyamyn yazanyna kan bir ynanasym gelenok. Dine uns berilyan dowurde meshur alymyn seyle seţirler yazmasy genrak.
Ladybug
12 янв 2022, 17:28
Edebiyatcylar ginisleyin gurrun berse bu barada hosal bolardym.
Ladybug
12 янв 2022, 17:32
Omar Hayyamam ateist boldumyka ya?
Serdar
12 янв 2022, 17:40
Maladis??
Maksat
Автор 12 янв 2022, 17:51
Цитата: Ladybug
Omar Hayyamam ateist boldumyka ya?

Şeýleräk setirler bar.
Taňrymyz jennetde meý berip wada,
Heý, haram edermi ony dünýäde?
Hamzanyň düýesin kesdi bir arap.
Şoňa haram etdi Muhammet bada.
Ateistem däl ýaly.
Maksat
Автор 12 янв 2022, 17:55
Pygamberimize ( s.a.w) üç gezek şerap hakynda aýat inipdir, üçünjisinde haram edipdir. Kuranda hökmüni ýitiren 66 aýatda bar bolmagy mümkin birinji ikinji gelen aýatlar.
arkac
12 янв 2022, 17:59
Omar Haýýam öz döwrūniñ dini hadymlardan nägile bolup ýazypdyr diýip okapdym. Ýogsa özi bir gezek meýi dadyp görmändir.
arkac
12 янв 2022, 18:06
Belki sowet dowrunde yoyulup capdan cykan goşgular bolmagy mumkin...
Maksat
Автор 12 янв 2022, 18:13
arkac,
Men bolsa şerap meý sözleri ylym, medeniýet diýip okadym. Döwrüniň sopularyndan nägile bolup ýazypdyr ýöne şeýleräk setirler bar.
Meý içer men ýaly her akly bolan
Daş düşmez Alladan içmeklik bilen,
Owaldan bilýärdi Taňry içjegmi
Diýmeseň, Taňrynyň bildigi ýalan
Döwrüniň din adamlary tarapyndan göwnüne deglen ýaly.
Geý akmaklyk donun, çünki bazarda
Bu gün geçmez aklyň çüýrük samana.
Maksat
Автор 12 янв 2022, 18:19
Цитата: arkac
Belki sowet dowrunde yoyulup capdan cykan goşgular bolmagy mumkin...

Bolup biler, ýöne bir kitaby ýoýup çapdan çykarsaň hökman awtory üýtgärmikä diýýän. Ýöne bolmajak zat ýok mümkin.
Ladybug
12 янв 2022, 18:25
Talyplarda yalnysmasam ya Jeksparro ya-da Wagt agzan blogy bolmaly "Magtymgulyn "Turkmenin" we beyleki gosgularyna syn" diyip. Eger so yazgylara en tutsak Omar Hayyamyn sygyrlarynda hem Sowet syyasatynyn eli bar yaly duyulyar.
Liwerpul_fc
12 янв 2022, 18:44
Цитата: arkac
Omar Haýýam öz döwrūniñ dini hadymlardan nägile bolup ýazypdyr diýip okapdym. Ýogsa özi bir gezek meýi dadyp görmändir.

Şeraby suratlanydyrşa dadyp görmedige meňzanok ( beýleki goşgularyny primer getirýän)
Liwerpul_fc
12 янв 2022, 18:46
Omar Haýýamyň şygyrlaryny gaty halaýan. Şu ýaşulyň fanaty men
Şamuhammet
12 янв 2022, 19:58
Kimiň terjimesikä?
Maksat
Автор 12 янв 2022, 20:38
Цитата: Jeksparro
Kimiň terjimesikä?

Bilmedim, kiçiräk kitapçajyk özä.