...

Indi saňa nädip "kaka" diýerin ?!
Ulaltmadyň,ýanymda bolmadyň sen.
"Gyzym,seniň üçin janym bererin"
Eýse sen nirdediň dokuz ýyla çen ?!

"Geler"diýp ýoluňda intizar bolup
"Gyzym"sözün eşitmäge zar bolup
Ýazdan gyşa geçip, sowuk gar bolup
Gözlerim ýaşaryp,damagym dolup

Joralarym"kakam" diýenlerinde
Olardan çekinip, gyzyl nar bolup
"Geler"diýip umyt berenlerinde
Köçede oturyp,saralyp-solup

Biri gelse "kakamdyr"diýp seredip,
Umyt öçse, ýene umyt döredip
Umyt bilen saňa garaşamda men
Aýtsana,şol wagt niredediň sen ?!


EJEGYZ...
12 лайков 260 просмотров
16комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Liwerpul_fc
20 янв 2022, 23:40
Bäh... Senden bir zatlar çykjak şü )
Merdan
21 янв 2022, 00:44
Mlds Ejegyz brawo
Shohrat
21 янв 2022, 05:58
bahaber soramasy birhiliräk welin, öz durmuşyňdanmy?
Ogulşirin Bayramowa
21 янв 2022, 09:31
Dogry...
мусульманка
21 янв 2022, 10:12
Цитата: Mr.unknown
bahaber soramasy birhiliräk welin, öz durmuşyňdanmy?

howa
мусульманка
21 янв 2022, 10:13
ahh Ejegyzym aglaya bolyaa like+
Ejegyz.
Автор 21 янв 2022, 11:11
Mr.unknown,
"Soramagyň aýby ýok "
Hawa ,öz durmuşym
Kalp doctory
21 янв 2022, 12:30
jigimjanym gamlanmagyn hic hacan,yeke duyma bilsen menem yanynda,her hacan ,gussa batanda cagyr,yylgyrdaryn jigim seni hemishe,egerde aglasan cagyr menide bileje aglaly ,bile gynanyp ,sonra bolsa gam gussalar yad edip yene dikeleli bile hemishe
Belki
21 янв 2022, 12:59
Kakasyz ulalmagyñ nämedigini kakasyz ulalanlar biler.Onda-da gyz çaga üçin kakasyz ulalmak...
Mydama ýûregiñde ullakan boşluk göterip ýören ýalysyñ.Iñ bagtly pursatlaryñda-da kalbyñ çuñluklarynda bir ýer syzlap durandyr.
Elgaraz,kyndyr.Ýöne bulam bir synagdyr Ejegyz.Arkañda dag ýaly ejeñ duran bolsa,ýykylsañam galyp ýöräbermelisiñ.
Ejegyz.
Автор 21 янв 2022, 13:15
Sagboluň
kalp doctory,
мусульманка,
Belki,
Ogulşirin_Bayramowa,
Liwerpul_fc,
MerdanGeldiyevv,
Mr.unknown,
Ejegyz.
Автор 21 янв 2022, 13:17
Belki,
Dogry aýdýañyz !
Synlaýan weli gaty täsirli gürleýäñiz şahyrlar diyyara ýürege ok bolup barya diyip . Mowzuklaryñyzy kopyalap alyan.
Adyñyz näme ? Zybagözel adyny halayan diyipdiñiz gyzda onda sizem ?
sol yanim
21 янв 2022, 13:54
gosgyny haladym
Gokhan Durdyyew
21 янв 2022, 18:28
gaty gowy gosgy .. tasirli
Belki
21 янв 2022, 18:41
Sag bol, Ejegyz.Howwa, gyz.Senem maña oglandyr öýdenlerden birimi? :)
Enesh
21 янв 2022, 18:41
aglaya giň bol
yekeje
25 янв 2022, 19:50
gowy gosgy eken aglatdy toba toba