Sensiz günlerim...

Suratyňa baglap, bütün arzuwlam
Sensiz naçe günlem geçdi boşuna
Ýuregimi daglap diýdiň "dolanman"
Ýük goşup gaýgylaň agram daşyna

Diýemde "törümde bolarsyň gelin"
Ýylgyryp diýipdiň: ''Men saňa barman"
Meger pikir etdiň bu sada oýun,
Emma ýürek päkdi, sözläpdi çynyn.

Kalbyň arzyn aýtdym ikinji gezek
Gahar etdiň menden, bilemok näme?!
Eýsem aýypmydy ynsana söýmek?
Ýürek buýruk berse alajyň näme?!

Diýdiler adamzat söýýär bir gezek
Emma neneň söýýär, aýtmady hiç kim
Uçgun eken ilki söýgi diýenim...
Saňa duşdy alawlady bedenim

Belki bu gün daşdyr, elbetde, aram
Bu gün geçer, geçer bagtymyň gyşy
Men bararyn, taparyn,
hem ýakaryn,
Kalbyňda ömürlik sönmejek yşky.


Öwezgeldi Taganow

5 лайков 120 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Merdan
21 янв 2022, 00:45
[+]
Realist
21 янв 2022, 08:12
Ajaýyp goşgy brawo
мусульманка
21 янв 2022, 10:14
Dogry+
Döwlet Şöhradow
11 фев 2022, 01:54
+++