"Men saña jan diýsem"

"Men saña "jan" diýsem,
"Janym, söýýän" diýsem"

Radio tanyş heñlerinden birine tutduryp başlanam şoldy welin, ýene añymda sen janlanyberdiñ.Asyl, sen o ýerden hiç gitmeseñ nätjek.Gulagymda "Jan"diýen sesiñ...
Unudyp bilemok."Unutmak isleýärmikäm?" diýibem özüme hiç haçan soramanlygymy duýdum.
Asyl kimdir birine näme üçin "Jan"diýilerkä?"Jan"diýmek üçin şol kişini janyñ derejesinde söýmek,ezizlemek derkardyr ahyry.Menem her "Jan"diýişiñde özümiñ şirin janyñ derejesinde söýülendigime ynanardym.Kimdir biriniñ "jany" bolmak.Onda-da seniñ ýaly dogruçyl,edepli,syratly ynsanyñ jany bolmak...Bir bilsediñ maña özümi neneñsi bagtly duýdurýandygyny.Gizläp nädeýin,şol ýakymly duýgular bilen bilelikde utanç haýa-da halys ýeñimden çekip,goýar ýerde goýmaýardy.Seniñ telefonyñ añyrsyndan ýüzümiñ neneñsi gyzarýandygyny görmeýänligiñem bir gowy zat.Esasy çykalgamam şol sözüñi eşitmedik bolmakdy.
Şahyr goşgy setirlerinde aýtmaýarmy näme:

Göwnüme bolmasa,şu pursat duýdum
Men şu pursat duýdum ýaşaýanymy.

Meniñem ýaşaýanymy duýan günlerim senli günlerim eken.Bilýäñmi näme,men henizem ol günleri ene-mamalarymyzyñ gymmatly lybaslaryny,şaý-seplerini sandykda saklaýşy dek ýürek öýüniñ duýgular sandyjagynda aýap saklaýan.Mahal-mahal edil şol lybaslary sandykdan çykaryp sypalaýyşlary deýin,seniñ bilen başdan geçiren duýgularymyzy ýatlap,pursatlaryñ gujagyna çümüp,lezzet alyp başlaýaryn.
Dur-la...Ýogsa-da seniñ üçin ol günleriñ ähmiýeti şanyñ garyba berýän ýüz tyllasynyñ ähmiýetiniñ garyp üçin kän zat,patyşa üçin ujypsyzja zat bolşy ýaly ujypsyzmydy?Menem şo-ol garybyñ ýüz tyllasyny sowup bilmän guwanyp ýörşi kimin guwanyp ýörmükäm o günlere?!
Indi nätmeli?Şahyryñ aýdyşy ýaly "Men nätsemkäm?Kimden ýeter delalat?"diýip zowladybermelimi?Eýsem-de şeý diýsem yzyña dolanyp terk eýlän gözi ýaşly dilberiñ ýaşyny süpürermikäñ ýüzünden?
Bor-la.Meniñ sowallarym gutarmaz.Sora diýseñ ýüzümi beke tutaryn-da şol sorar oturaryn.Näme,dil bir öl ýere biten zatdyr-da.Näme diýeniñde bolman dur?!Wiý,bulam sorag bolaýdymy?!Ýok,indi söz berýän,saña sorag berjek däl.Ýöne iñ soñky gezek ýekeje sorag berjek:
Seniñ "janyñ" mendim-ä.Indi biz ýolumyzy başgalanymyzdan soñ sen jansyz galdyñmy?

@Belki
4 лайков 303 просмотров
26комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
мусульманка
20 янв 2022, 21:00
kime maňamy hihi
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 21:03
Yuregini açyp başlady buda
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 21:03
A gy duygularňy içiňde saklasana
I love you Korea
20 янв 2022, 21:04
likee
agam nacinji yyl siz?
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 21:06
I love you Korea,
gyz bu ?
I love you Korea
20 янв 2022, 21:08
Цитата: Nairobi
I love you Korea,
gyz bu ?

men muna agm diyip yorna;)
Belki
Автор 20 янв 2022, 21:21
Nairobi,bu bir oýlanma.Hakyky zat hökmünde kabul etme!
Aý howwa-da biri "agam" diýer biri "öýlenesiñ gelýärmi?" diýer :) Ýylgyrar oturyn-da okap.
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 21:24
Belki,
Söygi duygysyny yaşap görmedik nädip bilyä bu zatlary hä? cilimkesh
Senem bir öylendirsek yukumiz yeňlärdi
Merdan
20 янв 2022, 21:32
Bu gün oýlanma bolsa, ertirem söýgi bolarda arbuz
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 21:34
MerdanGeldiyevv,
TAPALLYLA ŞUŇA BIRINI
Shahrukh khan
20 янв 2022, 21:42
janym janym diyerdim sebap janyn mendedi
Yeyeyey
20 янв 2022, 21:44
Durmuşa jykjak bolsa agam ba 2002
Belki
Автор 20 янв 2022, 21:46
Nämäni nädip bilýär?Jan diýýänlerinimi?Yrjak bolanda aýdýan sözleri-dä :) "Jan" "akyl" "Bala" Şu bala sözün-ä öler ýaly ýigrenýän."Bala sözüñi git-de iki ýaşly körpä diýsene,suwjuk"diýäýesiñ gelýär.
Yeyeyey
20 янв 2022, 21:47
Belki,
Bala sen yalñyşýañ
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 21:49
Belki,
"akyl" diyseler halayan)) Balany menem halamok manysyz şol söz suwjuk özem
Yeyeyey
20 янв 2022, 21:52
Bala tekeleriñ sözimi blmk.
Ulumsylara gelişýân söz
Gultac
20 янв 2022, 21:55
Salam Belki senem uniweri gutardynmy
Gultac
20 янв 2022, 21:55
Salam Belki senem uniweri gutardynmy
Shahrukh khan
20 янв 2022, 22:29
sana dine Belka sozi gelishyar :)
мусульманка
20 янв 2022, 22:41
Цитата: Nairobi
Yuregini açyp başlady buda

bir soyguli mowzuk açsa yuregini açan yaly bolmaya hemma-da paylasyara soygi hakynda gosgy, ozunin mowzugy name etse edip biler, name paylassa paylasyp biler hiç kimin haky yok muna. Meselem haz szem bir mowzuk açsanyz size biri solmowzugynyza gownunize deger yaly teswir yazsa szin gownunize yakyamy yakanok, edil su wagt Belka-da yakanokdyr cilimkesh
Aýnur
20 янв 2022, 22:53
"Jan"- aglaya
мусульманка
20 янв 2022, 22:55
Цитата: Mona Songz
"Jan"- aglaya

Janym name aglayan? dur menem sana gosulayyn onda yeke aglama aglaya
senagul
20 янв 2022, 23:07
Jan sen! Bu dünýäde rahat ýaşamana..
Jan sen! Kalbymdaky söýgüni duýmana..
Aýnur
20 янв 2022, 23:23
Цитата: Senagul
Jan sen! Bu dünýäde rahat ýaşamana..
Jan sen! Kalbymdaky söýgüni duýmana..

Täsirli...
Aýnur
20 янв 2022, 23:24
Цитата: мусульманка
Цитата: Mona Songz
"Jan"- aglaya

Janym name aglayan? dur menem sana gosulayyn onda yeke aglama aglaya

Janym diyseň inim tikenekläp gitdä gyz:) bor ýone men aglajak dälä:)
Belki
Автор 21 янв 2022, 05:43
Salam Çiçek!Ýok,mugallymçylyk mekdebini gutardym.
Gaýrat edip,"belka"diýmäýiñ.Meñ adym "Belki".Türkmen dilindäki modal söz.