Bagtly ýigit powestinden bölek..

Annaguly ýaş wagtynda

Berdi aganyň ogluna Annaguly sölpi diýerdiler. Ol süňklek, garaýagyz, burunlak bir oglandy. Onuň tüýi ösgün, gara telpegi elmydam başyndan aýrylmazdy, gözleri telpeginiň tüýüniň arasyndan çala ýaldyrap görünýärdi. Annagula «sölpi» at şundan galypdy: ol geýen eşigini, balagynyň, uçguryny, çarygynyň bagyny oňarman, süýräp, hopul-sopul gezerdi. Şol sebäpli-de obanyň oglanlary muňa «Annaguly sölpi» adyny goýupdylar.
Annagula köpçüligiň ýene bir dakan ady züwwetdindi. Muňa «züwwetdin» ady hem şundan galypdy. Tomus günleriniň birinde Annagulynyň kakasy Berdi aga Annagulyny ýanyna çagyryp:
– Oglum, bar, ýabymyzy guýudan suwa ýakyp gel! – diýdi. Annaguly birden düýrükdi-de, gözüni tegeledi:
– Baý-ba, men ýabymyzy münüp bilýänmi näme?!
– Münüp bilmeseň, men mündürer goýberibererin diýip, kakasy turup, ýüpli bedräni alyp, ogly bilen ýabynyň ýanyna bardy. Ýabynyň irişmesini salyp, aýagyny çözdi. Bedräniň bolsa bagyny külterläp, bedresi bilen Annagulynyň eline berdi. – Hany, gel, oglum, mündüreýin! – diýip, ogluny mündürmekçi boldy. Emma Annaguly ýaba münmekden gorkup:
– Kaka, idip äkidäýeýin-le?! – diýip, kakasyna ýalbardy.
– Ýok, münüp git, heý, dogman geçen-ä! – diýip, ogluny gaharly göterip, ýabynyň üstüne batly oturtdy-da:
– Bar, gatyrak sürüp git! – diýdi.
Annaguly ýabynyň gapdalyna ýüp bilen çalanyny özi-de duýman galdy. Ýaby loňkuldamaga başlady. Annaguly ýabynyň üstünde oturyp bilmän, aşagy ýumakly ýaly, bir gezek eýläk agyp, bir gezek beýläk agyp barýardy. Ol öýlerinden sähel saýlanandan soň yzyna gaňrylyp, derrew ýabynyň başyny çekdi. Soňundan uludan bir sojap, ýöredip gitdi.
Guýy obanyň ýokary çetindedi. Oňa obanyň ortarasyndan ýol barýardy. Annaguly ýabysyny mytdyldadyp, guýa bardy. Ol ýabysyndan syrylyp düşdi-de, guýynyň gyrasyndan iki ädim gaýrada durup, bedresini guýa sallamaga durdy. Guýynyň düýbüni görmän, bedresindäki suwy dökän-saçan edip, zordan ýabysyny suwa ýakdy. Soňundan ýabysyny idip gaýtmaga kakasyndan gorkup, guýa geleniň birine: «Meni ýabyma mündürsene!» diýdi. Ol hem ýaba mündürip goýberdi.
Annaguly ýene ýabysyny mytdyldadyp ugrady. Ol ýabynyň üstünde edil irkilýän ýaly yranyp, obanyň içinden geçip barýar. Onuň iki gözem ýabysynyň, gulagyndady. Ýabysy näçe gulagyny salpardyp barsa, onuň şonça hem keýpi kökdi. Niçikmi, ýabysy gulagyny hekgerdiberse ýa-da gyrpyberse, ýüregine howsala düşýärdi. Ine, şu baryşda birden onuň, ýabysy boýnuny hekgerdip, ýoluny kesip geçen baýtallyny gördi-de, kişňedi. Muňa Annagulynyň depe saçy üýşüp, der basyp gitdi. Ol ýaba gözüni alardyp: «Heýt!» diýip irişmesini silkdi. Ol geçen baýtalla-da içinden: «Heý, baýtalyň gursun, baýtalyňa jüre degsin, ketew degsin! Şundan başga geçere ýer tapmadyňmy?» diýip sögdi. Şol minutyň özünde ýoluň ileri ýüzündeki garaja öýüň gözeneginde guýlunyp ýatan ala ganjyk ok ýaly zybyrdap geldi-de, ýabynyň guýrugyndan gabyr-gubur edip agyz saldy. Ana, saňa gerek bolsa! Ýaby gulagyny gyrpyp, birden goşa toýnagy saldy-da ýazzyberdi, ganjyk-da mündi mekgesine. Annaguly-da ýabyň üstünde:
– Waý, eje, waý, kaka! Waý, eje, waý, kaka! Waý, ýykyldym! – diýip gygyrýardy. Bedresi-de Annagulynyň sesine goşup, şakyrdyk-şukurdyk ses edip barýardy. Annagulynyň bolsa bir eli eýeriň gaşynda, gözi-de töwerek-daşynda, yzy ganjykly halha barýar. Ýabynyň başyny bolsa goýberipdir, irişme-de ýerden süýrenip barýar. Onuň bu bolup barşyny obanyň oglanlary görüp:
– Haýda! Aldyň ulyny, gyz!
– Baý, Berdi aganyň ogly-ha at darydýar-ow!
– Haýda, gyw! Guýrugyndan ozduň, züwwetdin! – diýşip gülüşdiler. Ýaby bolsa hiç ýere sowulman, göni ýatagyna baryp, sakga durdy.
Ine, Annagula «züwwetdin» ady şundan galypdy.
2 лайков 1 049 просмотров
9комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 20:19
Agahan Durdyyew (1903-1947) Tejen etrabynyň ikinji Babadayhan obasyndan 2 yaşynda ene-atasyndan ayrylyar. Agasy bn ayal dogany garaşyk edyär. 8-9 yşlarynda agasyna hojalyk işlerin komekleşyär 12-13 yaşlarynda sygyr çopançylygynyň daşyndan oba mollasynda okayar
Ejegyz.
Автор 20 янв 2022, 20:20
Nairobi,
hawa .
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 20:23
1922de marydaky täzeje pedtehnikuma okuwa giryär. Ayratyn zehinlije bolansoň ony Daşkende okuwa goyberyäler. 1923-27nji yyllarda Orta Aziya kommunistik uniwerinde žurnalistikasynda okayar
1927y Asgabatda Yaş kommunist gazetiň redaksiyasynda işleyär. !941 y çen durli gaz-žurnallaryň redaksiyasynda işleyär
Ejegyz.
Автор 20 янв 2022, 20:24
Liwerpul_fc
logiki soraglar paýlaşdyňyz arada.
Ýenede paýlaşyň !
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 20:28
Ilkinji dramaturg hasaplanyar. Ilkinji hekayalary 1925 y metbugatda peyda bolup başlayar. Ony tanadanlary esasan 1926-27y degisli. Naprimer "Bal tutan barmagny yalar" "Burgut penjesinde bir gözel" "Anagözel hak hukugynyň ustunde" Hyyal deryasynda" "Bagtly gyzlar"
"maskaly adam" "zaçyot" "açar" "pul" "kim gunäkär" diyen pyesalary bar
Uruş döwrunde yarawsyz halyna "Watanyň gahrymanlary" "Watançy çopanlar" Serdar agaň ogullary" "garrynyň hekayalry" hekayalaryny "deputat" oçerkini "Partizan gyz:" pyesasyny yazyar
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 20:30
1942 saglyk yagday sebäpli Tejene gaydyp gelip ölyänçä şo yerde yaşayar. 1946da iň soňky "Hankuyli" satiriki hekayasyny yazyar. 12nji mayda ölyädi gerek?
Leyli Amanowa
20 янв 2022, 20:30
Yalňyşan yerimi ayt Ejegyz özumi barlap otyryn
мусульманка
20 янв 2022, 20:59
like
Kalp doctory
20 янв 2022, 23:04
hehe okapdym shuny gulip icimi gyrdym