*******

"Men saña jan diýsem
Janym söýýän diýsem"

Radio tanyş heñlerinden birine tutduryp başlanam şoldy welin, ýene añymda sen janlanyberdiñ.Asyl, sen o ýerden hiç gitmeseñ nätjek.Gulagymda "Jan"diýen sesiñ...
Unudyp bilemok."Unutmak isleýärmikäm?" diýibem özüme hiç haçan soramanlygymy duýdum.
Asyl,kimdir birine näme üçin "jan"diýilerkä?"Jan"diýmek üçin şol kişini janyñ derejesinde söýmek,ezizlemek derkardyr ahyry.Menem her "jan"diýişiñde özümiñ şirin janyñ derejesinde söýülendigime ynanardym.Kimdir biriniñ "jany" bolmak.Onda-da seniñ ýaly dogruçyl,edepli,syratly ynsanyñ jany bolmak...Bir bilsediñ maña özümi neneñsi bagtly duýdurýandygyny.Gizläp nädeýin,şol ýakymly duýgular bilen bilelikde utanç haýa-da halys ýeñimden çekip,goýar ýerde goýmaýardy.Seniñ telefonyñ añyrsyndan ýüzümiñ neneñsi gyzarýandygyny görmeýänligiñem bir gowy zat.Esasy çykalgamam şol sözüñi eşitmedik bolmakdy.
Şahyr goşgy setirlerinde aýtmaýarmy näme:

Göwnüme bolmasa,şu pursat duýdum
Men şu pursat duýdum ýaşaýanymy.

Meniñem ýaşaýanymy duýan günlerim senli günlerim eken.Bilýäñmi näme,men henizem ol günleri ene-mamalarymyzyñ gymmatly lybaslaryny,şaý-seplerini sandykda saklaýşy dek ýürek öýüniñ duýgular sandyjagynda aýap saklaýan.Mahal-mahal edil şol lybaslary sandykdan çykaryp sypalaýyşlary deýin,seniñ bilen başdan geçiren duýgularymyzy ýatlap,pursatlaryñ gujagyna çümüp,lezzet alyp başlaýaryn.
Dur-la...Ýogsa-da seniñ üçin ol günleriñ ähmiýeti şanyñ garyba berýän ýüz tyllasynyñ ähmiýetiniñ garyp üçin kän zat,patyşa üçin ujypsyzja zat bolşy ýaly ujypsyzmydy?Menem şo-ol garybyñ ýüz tyllasyny sowup bilmän guwanyp ýörşi kimin guwanyp ýörmükäm o günlere?!
Indi nätmeli?Şahyryñ aýdyşy ýaly "Men nätsemkäm?Kimden ýeter delalat?"diýip zowladybermelimi?Eýsem-de şeý diýsem yzyña dolanyp terk eýlän gözi ýaşly dilberiñ ýaşyny süpürermikäñ ýüzünden?
Bor-la.Meniñ sowallarym gutarmaz.Sora diýseñ ýüzümi beke tutaryn-da, şol sorar oturaryn.Näme,dil bir öl ýere biten zatdyr-da.Näme diýeniñde bolman dur?!Wiý,bulam sorag bolaýdymy?!Ýok,indi söz berýän,saña sorag berjek däl.Ýöne iñ soñky gezek ýekeje sorag berjek:
Seniñ "janyñ" mendim-ä.Indi biz ýolumyzy başgalanymyzdan soñ sen jansyz galdyñmy?

@Mümkin
3 лайков 146 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Mümkin
Автор 14 апр 2022, 20:58
Öñki mowzuklarym pozulandygy üçin ähmiýetli hasaplanlarymy täzeden goýýan.Öñ okanlar aýyplaşmaweriñ!
AYNURA
14 апр 2022, 21:54
Like okamok on.Mumkin achyan bloglarnyz gyzykly sag bolun sypdyrman okayan
Mümkin
Автор 14 апр 2022, 21:59
AYNURA,
Senem sag bol.Okaýanyña begendim.
Cicek
15 апр 2022, 02:35
Selam tutdurmayan Belkajyk gawmy nomer berenin ucin sagbol. Jal sen bn yuzbe yuz gorshayjekdim
Mümkin
Автор 15 апр 2022, 06:59
Salam Gültäç.Şu nomer meselesinde gaty seljeriji-dä men.Şu saýtda nomerimi üç kişi bilýär.Şolaryñ ikisi galamdaşlarym, (galamdaşlaryma hormatym soñsuz,olar bilen edebiýat gürrüñi etmekden lezzet alýan) birem Nirvana.Onam özüme çendenaşa meñzedip,jora saýamsoñ beripdim nomerimi.Başga hiç kime-de nomer berilýän däldir.Ýogsam senem gaty gowy görýän.Aýyplaşmaweri!
Ýöne isleseñ sen şu ýere nomeriñi goý (elbetde bimaza bolmasañ) men seni imodan goşaýyn.Şol ýerde ýazyşaýaly.Bolarmy?
Cicek
15 апр 2022, 13:41
Canim benim imo giremok. Nomerini paylajak adam yok. Menem onyeten bn gurlesmeyan. Sana gownum yetenson ozumem doredijilik bn mesgullanyp hekayada yazdym gosgam gosyan sondan diydim