Täzesinden täzesi

Täze küýzäň suwy sowuk, içgin läläm gaýnada,
Jorap çalşan ýaly çalşyp, ýigitleri saýlada,
Ondan gaýdyp, oňa böküp, duraýmagyn bir ýerde,
Şeýdip günüň geçip dursa, utulmarsyň söýgiňde.

Uzyny bar, keltesi bar, agy hemde garasy,
Dadyp görgün hemmesini, üýtgeşikdir miwesi,
Arrygy bar, semizi bar, orta boýly, sarysy,
Aýyp däldir, dadyp görgün tagamlydyr şiresi.

Günleriňi şat geçirgin, ýalançyda dirikäň,
Goý diýseler diýsin saňa, "ol gözeliň ýary kän",
Iller näme diýse diýer, "it üýrer, kerwen geçer",
Bu zatlaram wagtlaýyn, bir wagt ara açar!

Ýagdaýy bar, ýagdaýy ýok, garybyny-baýyny,
Olardanam dadyp görgün, gurup söýgi oýnuny,
Dälisi bar, sähnesi bar, samsygyny-sagyny,
Girip görgün gujagyna, goýaýmagyn kemini!

Il içinde öýleneni, telpek agan garrysyn,
Lak ataýsa ýüz öwürme, armanlary galmasyn,
Ählisiniň işin bitir, galaýmasyn armany,
Ýöne özgä öwretmegin, şeýdip döwran sürmäni.

"Ata kesbi ogla halal", ejeň ýolun ýöretgin,
Söýmeýäne süýken özüň, onda söýgi döretgin,
Hiç kim senden aýyp görmez, sürgün tigriň sypýança,
Namys-ara gulak asma, gezgin bagtyň ýatýança.

Il içinde aýyp däldir, tüýs tapypsyň käriňi,
Gazanç etmäň aýby ýokdyr, razy etgin baryny,
Dörwan sürüp iň soňunda, tabyn edip birini,
Şol hakynda düzüp gitgin, ýalan söýgiň taryny.
4 лайков 217 просмотров
13комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Gultac
28 янв 2022, 10:27
Salam Sen taze agzamy
Gultac
28 янв 2022, 10:28
Men ise gitmeli Gelemde soraglarynyzy jogaplaryn lickam islanok mowzuk bu gun acyp bilemok
Aksary
Автор 28 янв 2022, 10:29
Salam.hawa bi
Цитата: Cicek
Salam Sen taze agzamy

Käýarym gelip gidýädim ozallaram,myhman bolup.
Pegas
28 янв 2022, 10:31
Awtory kimkä?
Aksary
Автор 28 янв 2022, 10:34
Sapa kaka kitapca barañda gabat gelmediñmi :)
Pegas
28 янв 2022, 10:35
Цитата: Aksary
Sapa kaka kitapca barañda gabat gelmediñmi :)

Gabat gelmedim-ä.
Aksary
Автор 28 янв 2022, 10:40
Цитата: Pegas
Цитата: Aksary
Sapa kaka kitapca barañda gabat gelmediñmi :)

Gabat gelmedim-ä.

Şu goşgy niýetlenilenini tapaýsa diýip şu ýerde agzalardan utana utana açaýdym.ötünç.

Awtory,Baýgeldi.
Gultac
28 янв 2022, 11:23
Soraya diyme Sen nireli
Gultac
28 янв 2022, 11:24
Edepli edebinden tanalar bir goremde adamyn nahilidigini bilyan
Aksary
Автор 28 янв 2022, 11:28
Цитата: Cicek
Soraya diyme Sen nireli

Bagyşlañ, siz menden soradyñyzmy?
Belki
28 янв 2022, 13:22
Aha :)
Aksary
Автор 28 янв 2022, 13:53
Цитата: Belki
Aha :)

Oho:) gowuçylykmy
Belki
28 янв 2022, 14:53
Şükür!Öwrenişýäñizmi?
Aksary
Автор 28 янв 2022, 15:04
Цитата: Belki
Şükür!Öwrenişýäñizmi?

Hawa,erbedem däl eken bu saýt

Açylan mowzuklary öçürip bolýan eken
Belki
28 янв 2022, 18:15
Bolýa-la.