Al onda @Nirvana,ýüz ýyldanam okalmajak söz üýşmekleri

Derýam


Akyp barýarmyň derýam!
Haşallyja kenaryň,
Gaýgylardan saplansam,
Azdan arassalaryn.

Akyp dursaň bolar-la,
Egsiläýseň näderin!
Asla dolup bilemok,
Opgunlaryñ oý ýerin.

GÖRESIM GELDI

Bu gün seni ýat eýledim, söýen gülüm söýgülim,
Sen nirede halyň niçik, seni göresim geldi.
Ýene meni oda saldy, saňa bolan duýgylam,
Sen nirede halyň niçik, seni göresim geldi.

Geçmişi ýada salyp, bu gün çala ýylgyrdym,
Birwagtlar sen bagtyma, şöhle saçýan ýyldyzdyň,
Enaýyja kereşmediň, dürliden dürli näzdiň,
Sen nirede halyň niçik, seni göresim geldi.

Goşgy ýazyp habar isläp, habar alsam halyňdan,
Sen habar gelse geçjek, geçjek ähli zadymdan,
Birje gezek gaýtar diýip, ah çekip ykbalymdan,
Ýada saldym sen nirede, bu gün göresim geldi.

Bir wagtlar seniň bilen, günlem hezil geçerdi,
Eziz söýgä suwsan ýürek, asman sary uçardy,
Şu goşgyny ýazan ellem, inçe biliň guçardy,
Ýada saldym sen nirede, bu gün göresim geldi.

Ýuwaş ýuwaş aýam, günem geçip barýar sepleşip,
Sende galan ýatlamalar, ýitip barýar çetleşip,
Mende galan suratyň bar, şonuň bilen gepleşip,
Ýada saldym sen nirede, bu gün göresim geldi.

Bilýän indi dolanmaýaň, duýýar ony ýüregim,
Şondada meň ykbalymda, sensiň durmuş diregim,
Seň ýoluňa bakyp, bakyp, ýaşa doldy garagym,
Sen nirede halyň niçik, bu gün göresim geldi.

Nirelerde bolsaň-da sen, läläm janyň sag bolsun,
Basan ýoluň şowly bolsun, gyz başyň aman bolsun,
Sensizlikde ýanan ykbal, gurasyn saman bolsun,
Diýip seni ýada saldym, ynan göresim geldi.

OKAP BERSENE

Kakamyrat Rejepowa bagyşlaýaryn

Gülkiden daşlaşan garyp göwnüme,
Güler ýaly goşgy okap bersene!
Gursakda ýaşaýan gaýgy-gamlarym,
Öler ýaly goşgy okap bersene!

Bolgusyz pikiri aňda jemläni,
Karz alynan pula gyz hödürläni,
Ýigrimüçde gördüm, şeýle enäni,
Diler ýaly goşgy okap bersene!

Tanamam sylanym, çäksiz ussadym!
Bolşumdan nägile ýakynym-ýadym.
Ýanymdan daşlaşan, inçe umydym
Geler ýaly goşgy okap bersene!


TÄZESINDEN TÄZESI

Täze küýzäň suwy sowuk, içgin läläm gaýnada,
Jorap çalşan ýaly çalşyp, ýigitleri saýlada,
Ondan gaýdyp, oňa böküp, duraýmagyn bir ýerde,
Şeýdip günüň geçip dursa, utulmarsyň söýgiňde.

Uzyny bar, keltesi bar, agy hemde garasy,
Dadyp görgün hemmesini, üýtgeşikdir miwesi,
Arrygy bar, semizi bar, orta boýly, sarysy,
Aýyp däldir, dadyp görgün tagamlydyr şiresi.

Günleriňi şat geçirgin, ýalançyda dirikäň,
Goý diýseler diýsin saňa, "ol gözeliň ýary kän",
Iller näme diýse diýer, "it üýrer, kerwen geçer",
Bu zatlaram wagtlaýyn, bir wagt ara açar!

Ýagdaýy bar, ýagdaýy ýok, garybyny-baýyny,
Olardanam dadyp görgün, gurup söýgi oýnuny,
Dälisi bar, sähnesi bar, samsygyny-sagyny,
Girip görgün gujagyna, goýaýmagyn kemini!

Il içinde öýleneni, telpek agan garrysyn,
Lak ataýsa ýüz öwürme, armanlary galmasyn,
Ählisiniň işin bitir, galaýmasyn armany,
Ýöne özgä öwretmegin, şeýdip döwran sürmäni.

"Ata kesbi ogla halal", ejeň ýolun ýöretgin,
Söýmeýäne süýken özüň, onda söýgi döretgin,
Hiç kim senden aýyp görmez, sürgün tigriň sypýança,
Namys-ara gulak asma, gezgin bagtyň ýatýança.

Il içinde aýyp däldir, tüýs tapypsyň käriňi,
Gazanç etmäň aýby ýokdyr, razy etgin baryny,
Dörwan sürüp iň soňunda, tabyn edip birini,
Şol hakynda düzüp gitgin, ýalan söýgiň taryny.

HÖKMANMY

Gidip barýan, gatnawy ýok ýerlerden.
Ýañy ýaşy ýeteñkirlän now gyzyñ,
Göwüsbentligi hem aýbyn ýapary,
Zorluk bilen sypyrylan lybaslar,
Düýe, goýun basan çöpde-çörlerde.
Gamyş tutan zeýkanalyñ gyrasy.
Men bu babatynda dillenmän galman,
Heniz ýer ýüzünde barka adalat
Onuñ her bir maddalarny egnimde
ederin ganat.
Hamala bu işi amal edeniñ,
Naçary ýok ýaly ortasy dilik
hemem seniñ soñky barjak ýeriñde,
Asla tanalmaýamyşyn eýgilik.
Näme gerek şeýle niýetdäkiler!
Özüñi öwürmek mysaly gilza,
Wal,şatun hem porşun garaşyp durmyş,
Rehmi inmeýärmiş, çökseñem dyza...

DOWAM EDERMIÑ

Pelekdir bu bir gün, oýnasa oýun,
Şeýle oýna senem, bolmasaň boýun
Çäresiz başyma, atyp gam laýyn,
Kaýyl bolman muňa, taşlap gidermiň
Ýada söýgümizi, dowam edermiň.

Pelekdir bu, bir gün, garaldar bagryň,
Pelekdä bu, bir gün, kül eder ömrüň,
Şeýle ezýetlere, öwrülse döwrüň,
Kaýyl bolman muňa, taşlap gidermiň,
Ýada söýgümizi, dowam edermiň.

Beýle ýagdaý asla, girmesin düýşe,
Pelekdir bu, bir gün, zar eder aşa,
Şonda çydap bilmän, özge bir kişä,
Kaýyl bolman muňa, taşlap gidermiň,
Ýada söýgümizi, dowam edermiň.

Aksary
16 лайков 330 просмотров
14комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
ajy
22 май 2022, 11:01
Goshgyladyñ gowy eken, tüweleme. Nirvana gelseñ poçtañada bir göz aýla joro
ajy
22 май 2022, 11:01
*goshgylaryñ
Руɴʜᴀɴ
22 май 2022, 11:49
Nirwana maňada kitap ugratjak diýip ugratmady
Massimus
22 май 2022, 13:33
Döredijiligiňde üstünlik, galamyň mundanam ýiti bolsun
Öwreniji
22 май 2022, 14:14
tüweleme gowy eeken, öwrenere zat kän, galamyň ýiti bolsun.
Telwas
22 май 2022, 14:39
Salam. Goşgularyňy meň üçin paýlaşanyňa minnetdarlygymy bildirýän. Sagja bol. Indi bu goşgylar barada bellikler etmekçi, garşy bolmasaňyz. Berjek soraglarymam mümkin bolsa jogaplaň.
Telwas
22 май 2022, 14:40
Derýam goşgyňy haladym. Sadadan, gysgadan manyly ýazypsyň. Bu ýerde göwnüňi (kalbyňy) metafora hökmünde derýa meňzetmegiň gowja bolupdyr.
“Haşal otlar” durmuşyňdaky artykmaç adamlarmy ýa saňa artykmaç gelýän duýgularmy (gaýgy-aladamy)?

“Göresim geldi” atly goşgyňam gowy.

“Enaýyja kereşmediň, dürliden dürli näzdiň…”

-Näz bilen kereşmediň… şeýle dowam etse nähili boldardyka?

“Sen habar gelse geçjek, geçjek ähli zadymdan…”

-Şu sözlem näme diýmek isleýär? Gyz habar gelse nämeden geçer?

“Sensizlikde ýanan ykbal, gurasyn saman bolsun…”
-Şeýle-de ýanan bolsa, saman bolup ýanandyr. Indi oňa kül bolaýmak galýar. :)

Bu goşgyny okap şol gahrymany meňem göresim geldi.

“Goşgy okap bersene!”

-Bu goşgy haçan ýazyldy?

“Güler ýaly goşgy okap bersene!“
-Kakamyrat agaň güldirýän goşgusy barmy? :)
Göwnüni galkyndyrjak zat isleýäniňi duýýan.

Gülkiň kemçiligindenmi göwnüňiziň garyplygy?
Gursakdaky gaýgy-gamlaryňy diňe gursagyň düýbüne gömäýmeseň, bir goşgy öldürmez diýip pikir edýän. Öldürsede ony topraga gömüp, gömmezlik özüňe bagly. Aslynda gaý-gamy öldürmelem däl, gömmelem däl. Ajysyz süýji bolmaýşy ýaly, gaýgy-gamsyzam şatlyk bolmaz. Tersine gaýgy-gamymyzy kabul edip ony manylaşdyrsak gowy bolaýmasa.



“Bolgusyz pikiri aňda jemläni,
Karz alynan pula gyz hödürläni,
Ýigrimüçde gördüm, şeýle enäni,
Diler ýaly goşgy okap bersene!”

Bir enäniň alan karzynyň öwezini gyzy bilen doldurmagy nähili bolgusyzlyk. Arada-da biri äriniň bergisini üzmek üçin gelnini satypdyr diýişi ýaly boldy bu. Hudaý saklasyn.
“Diler ýaly” diýmek bilen ol enäniň aňyny dilip (kesip, açyp) pikirini okamak islenýändigi duýdurylýar öýdýän, ýalňyşmasam.

“Tanamam sylanym, çäksiz ussadym!”

-“Tanamadyk sylamaz” sözini çüýredipsiňiz. :)

“Ýanymdan daşlaşan, inçe umydym”

-Umydyň ulusy, kiçisi bolýar diýip eşitdim. Emma inçesine, galyňyna gabat gelmedim. Inçe duýgym diýip söz bardy. Inçe bolanda gaty ejiz, döwüläýjek, ýykylaýjak zat manysynda gözöňünde gelýär. Daşlaşan inçe umyt bolsa, yzyna uly, galyň, berk umyt bolup dolanarmyka?

“Täzeden täzesi” goşgyda gaharyňyzy sögmän gowy aňladypsyňyz.

-“Hökmanmy” goşgudaky şu setirleri düşündiräý.

“Özüñi öwürmek mysaly gilza,
Wal,şatun hem porşun garaşyp durmyş,
Rehmi inmeýärmiş, çökseñem dyza...”
Telwas
22 май 2022, 14:49
Umuman goşgylaryňy haladym. Del sözler isleýşim ýaly bar eken. Pikirlenmäge mejburam etdi meni bu söz üýşmekleri. (Pespäldigiňi haladym)
Uzagyndan senden şahyr çykar. Emma entek kämilleşmeli. Men edebiýatçy hem däl, ýöne aýdym meň durmuşym bolşy ýaly goşgy hem durmuşymyň bir bölegi. Okaýan zadym meni kanagatlandyrmagyny isleýän. Sen goşgyny taşlama, emma aýdymçylyga has ýykgyn etseň gowy bolar meň pikirimçe. Goşgy okaýşyňam (sesiňi ýazdyryp) ugradaý. :) Belki saňa diktorçylyk gelişer. Ýigide müň dürli hünär hem azdyr diýilşi ýaly, başarýan zatlaryňy edip, gaýtalap özleşdiribermeli.


Döredijilik älemiňde uly üstünlikler ýaranyň bolsun. Elleriň dert görmesin, galamyňam, owazyňam bady ýatmasyn. Gutlaýan?
Gözýetim
22 май 2022, 15:32
Derýam goşgyňy haladym. Sadadan, gysgadan manyly ýazypsyň. Bu ýerde göwnüňi (kalbyňy) metafora hökmünde derýa meňzetmegiň gowja bolupdyr.


Derýany ýa göwnüne ýa ömrüne meňzedendir. Ikisem gelişýär.
Mümkin
22 май 2022, 15:40
Nirvana,
Goşgy okaýşyny diñlän adam hökmünde aýdýan:Bir söz bilen super.
Hatda şonda "Elimde bolsa seni radio diktory edip bellärdim" diýipdim...
Telwas
22 май 2022, 15:43
Mümkin
Nirvana,
Goşgy okaýşyny diñlän adam hökmünde aýdýan:Bir söz bilen super.
Hatda şonda "Elimde bolsa seni radio diktory edip bellärdim" diýipdim...

Näme ýeke özüň diňleýäň? Maňa-da ugratda. Diňe özüňi bilýäň gyz sen. Soňam has gyzyklanma döredýäň mende. :)
Mümkin
22 май 2022, 16:23
Nirvana,
Ýok,men ýazgysyny diñlämok.Janly diñledim diýen bolaýyn-la.Ýagny,telefonda diñledim.
Ugradan poçtañy şu wagt okadym."Ol oglanyñ ýaşy kiçi öýdýän" diýipsiñ.Gülüp hezil etdim.Uly bolýarmy kiçi bolýarmy ony-ha bilemok ýöne señ doglan ýylyñ doglupdyr şol. :))
Leyli Amanowa
22 май 2022, 16:31
Nomerini soramaly etmäň
Telwas
22 май 2022, 17:03
Mümkin
Nirvana,
Ýok,men ýazgysyny diñlämok.Janly diñledim diýen bolaýyn-la.Ýagny,telefonda diñledim.
Ugradan poçtañy şu wagt okadym."Ol oglanyñ ýaşy kiçi öýdýän" diýipsiñ.Gülüp hezil etdim.Uly bolýarmy kiçi bolýarmy ony-ha bilemok ýöne señ doglan ýylyñ doglupdyr şol. :))

Oglanlaryň ýaşynyň artdygyça sesleri ýognaýar. Sesini gaýnadyp aýtmagy üçin ýaşy kiçimikä diýip pikir etdim. Hä, onda klasdaş eken. :)
Güler ýaly näme bar. Senem özüňçe düşünip sözlerime gülen bolup şatlanýaňmy?! :)