???

"Diýdiň" diýmesemem diýeýin muny,
Bilersiň ýatlaman gojalan çagyň.
Ýol uzak ekeni, hiç zat ýok ýerden
Üzüldi ýüregim, tutdy şum agym.

Otdan alyp, suwa oklaýan ýyllaň
Böwüsdim böwedin, günäkär indi.
Mertlik nire, sen sebäpli ýene bir
Hat ýazdyryp hata:m ýazýan perişdä
Günäm käneldi.

Ýok, durup bilemok beren sözümde,
Aldadym özümi, aldadym senem.
Barýan aýyp bilmän diýjek sözleriň
Eşitmeklik üçin gulagym bilen.

Ýogsa bir gün zar bolaryn oňa-da,
Nädeýin men mahrum bolup o bagtdan.
Bolar boljak göwne getirmesem hem,
Heniz bu zatlara çatýarka aklym
Gerek däl, gerekkäň inkär etmegim,
Hawa, şo sen, öz sözünden dändiren.
Kaýyl, bas sen bazyrdat-da ýüzüme
Seni söýmän ýaşap bilen däldigim...

Aýşat HOJAMUHAMMEDOWA.
3 лайков 117 просмотров
Комментариев нет
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.