Ýatlama

Gurbanlyk günüdi.
Ikimiz bileje hiňňildik uçduk,
Al-asmany ýelpäp gaýtdy başymyz.
Ýerde agtarypdym.
Gökde gowuşdyk,
Ertekä aýlandy degre-daşymyz.

“Uçmah” sözi “uçmak” sözünden, meger...
“Hemrasyna hamrak durnaň bolaýyn!
Uly il ýylda bir gurbanlyk berer,
Saňa gaýta-gaýta gurban bolaýyn!” –
diýdim.
Br ýylgyrdyň. Giňedi asman.
Ataşdan yş beren uçgun gördüm men...
Soň düşüp gidipsiň.
Galyp men ahmal,
Bat alyp, bat alyp uçdum ýördüm men.

Şol gün göwne soňsuz heser inipdir,
Syryna düşünip-düşüp bilemok.
On sekiz ýyl öňki şol hiňňildikden
Men heniz bolubam düşüp bilemok...


Kakamyrat REJEBOW.
5 лайков 181 просмотров
4комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
S❤
10 июл 2022, 19:08
Gowy yatlamany basdan geciripdir sahyr tuweleme. Gecirmedik bolsa hem oran tasirli bolupyr
Yetirinize sag bolun
Гость
10 июл 2022, 19:12
Hälem şahyr agamyz gyza aňk bolup durşuna sallançakdan gaçaýmandyr
Gauzen
10 июл 2022, 19:52
Гость
Hälem şahyr agamyz gyza aňk bolup durşuna sallançakdan gaçaýmandyr

Gaçan bolsa nä bilýäň :)
Öwreniji
10 июл 2022, 20:41
????