Göreçleriňde kimiň keşbi bar?
Göreçleriňde kimiň
keşbi bar?
Näme sebäpden aglaýanyňy hem bileňok... Aglaýan adam özüň bolsaň-da,öz gözüň bolsa-da, billur damjalary ýaly gözýaşlaryň ýüzüňi ýuwýandygy rast bolsa-da, näme sebäpli, näme üçin aglaýanyňy bileňok. Aglamazlyk üçin, heý, bir alaç ýokmuka? Bu näme boldugyka? Töweregiňe garanjaklaýarsyň, bu dünýäde görüp bolmajak bir zady küýsäp, gussa çekýändigiň anyk, ne sebäpden gözleýärsiň.Tapylmajakdygyny bilip durkaň hem gözleýärmiň? Gözleriňdäki ýaňsyly ýylgyryş bilen, gözýaş bilen idäp ýörsüň! Bu dünýäde ýokdugyna akylyň çatýar, diri gezip ýörendigiň üçin özüňi ýigrenýändigiňi bilip durkaň hem, ölesiň gelenok. Näme üçin? Akyl-huşuňy alan bu dünýä şeýle bir maýyl bolduň welin... Käte ölesiň gelerdi... sebäp tapmazdyň... Ony kimden idän bolsaň, iň uly adalatsyzlygy şol adamlardan görersiň. Muňa özüň akyl ýetirdiňmi ýa bir ýerden okadyňmy, hatda parhyny hem bilmersiň! Her näme bolsa-da, hiç kimi ondan artyk gowy görme! Aýratyn-da, ybadat edýän wagtyň ätiýaçly bol!Onuň alnynda dyza çöküp, başgalar barada pikirlenme... Galyberse-de, aglanyňda seredip gör, göreçleriňde kimiň keşbi bar? Kimdir biriniň keşbi barmy? Belki... belki, onuň özüdir!

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.