Aýtsana! Şu başymy sypaýan şemal, senmi näme...?!
Belkide seni köp zatlardan eziz görýän. Emma, näçe goramaga synanşdygymça, seni has hem heläkleýändigime düşündim. Seni näçe ýitirmekden gorkdygymça, ýitirýändigime göz ýetirdim. Hem men, aýaga galmagy senden öwrenipdim. Kiçijek ýatlamalar bilen, şatlanmagy. Iň çuň arzuwlarda ýüzmegi, aýtsana! Maňa ýylgyrmagy sen öwretmänmidiň?! Güýçli bolmagy, sen öwretmänmidiň?! Her bir derdiň geçijidigini gürrüň bermänmidiň?! Arzuwlar bilen hem şatlanyp boljakdygyny, aýtmanmydyň?!
Unutduňmy näme, gadyrdan dosdym!? Aýtsana, näme üçin!?
....Sen hemişeki ýaly dymýaň. Men seniň ýanyňa her gün gelýän ahyryn? Sen, sen maňa şemal bolup ýanymda boljagyňy aýdypdyň. Sen, mydama meniň ýanymda boljagyňa söz beripdiň. Ýalňyşlyklarymy bagyşlajakdygyňy aýdypdyň. Sen ýene meni, aglaýanym üçin bagyşlaýda? Ýekeje gezek, ýekeje gezek bagyşlaýanyňy aýdaýda? Haýyş edýän! Sen meni öň, her ýalňyşym üçin bagyşlaýardyň, başymy emaý bilen sypaýardyň. Sen meniň hem dosdum, hem-de doganymdyň...
Aýtsana! Şu başymy sypaýan şemal, senmi näme...?!
©Ogulşirin Bayramowa
02.02.2022ý.

6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.