Durmuş...
Durmuş howwa sen hakda ýene, nähili onsaň ýene-de şol bir pasyllar gaýtalanyp, ýagyş ýagdyryp, gar ýagdyryp, şemal hem öwsüp, kime dert, kimlere bagt, ýene-de şol betniýet ynsanlaryň edenini ugruna salyp, kimlere bolsa dert paýlap ýörmüň. Durmuş aslynda seniň goýnuňda ýaşap ýören adamlaryň iki ýüzlüligi, beren sözüni bozup, wadasynda durmaýanlar, seni şeýle bir çyndan söýýän diýipde hiçzat bolmadyk ýaly taşlap giden adamlaryň meni ýadatdy. Dost diýip, deňiňden tanamadyk ýaly bolup geçip, ýoksul wagtyňda seni ýalňyz goýan dostlar ýadatdy.
Durmuş, aýtsana maňa, nähili algy bergi galdy aramyzda, aýtsana sen bugün aýly agşamyň aýdyň, göwnümiň bolsa tukat wagtynda.
Aldyň elimden iň mährem ynsanlarymy, ýetmedimi ýene nämeler gerek menden. Ýenede ýazmak isledi bugün ýüregim, şol näzeniniň yzyna hem bakman gidişi hakda.
Galdym belkide maňa düşünmeýän adamlaryň içinde, elbetde daş-töweregimde köp adamlary görýän, ýöne näme üçindir adamçylyk göremok.
Belki senden isleýän maňa azajyk umyt berde, aýaga galdyr. Öz üstünliklerime ýeteýin, arzuwlarymy amala aşyraýyn. Hiçkimiň söýeni gerekdäl maňa, ne dost ne söwer ýar.

2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.