Meniñ kärim...

Bu günki gelen sawçylar siz etrapdan eken...
Onsoñ göreniñem hemişeki men,olara seniñ hossarlaryñdyr öýdäýmenmi? Öz ýanymdan "Bilýän,şoldur"diýip gaýtaladym oturdym.Ýogsam, seniñ bilen iki agyz sözem-ä alyşmandyk.Bary-ýogam iki-üç gün bäri tanaýadyk biri-birimizi.Mahal-mahal meniñ bilen gyzyklanýandygyñy duýduraýmasañ,başga aýdan-goýan zadyñam ýokdy.Meniñ "ösen hyýalbentligim"oña-da bir bahana tapdy."Edepli ýigit-dä.Söz aýtman,zat etmän sawçy ugradaýýar".Şeýdip uzynly gün senli hyýallara çümüp oturyp,seniñ "edeplidigiñe" telpek goýdum.
Öýe baramsoñ bilip galdym.Men ep-eslije samahyllapdyryn.Ol gelenleriñ seniñ bilen dahylam ýok ekeni.Ikimizdenem üç ýaş uly ekeni nätanyş ýigit.Kärem düýpgöter başga eken seniñkiden.Ejem ilkibada olary öwüp başlady welin öýden nädip çykanymy,bukuja ýer tapyp nädip aglanymy bilemok.Hemişeki bolşy ýaly arzuw edip,soñam şol arzuwymyñ ýykylmagyna tomaşa etdim.Elgaraz,körpelere okap berýän "Gurbaga we içýän"ertekimdäki içýanyñ aýdyşy ýaly "Meniñ kärim şeýle-dä." :(

@Belki

02.02.2022 ý.
6 лайков 236 просмотров
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
Pegas
02 фев 2022, 20:23
Toý boljak öýdýän)
Liwerpul_fc
02 фев 2022, 20:27
Garaşywer, olam göýbererleý
Kakow
02 фев 2022, 20:27
toy bolsa cagyrsyna
tanss
Hiayres
02 фев 2022, 20:29
Kär dälde, tebigat, tebähet, edähet diýseň has dogry boljak.

Näme diýeýin bagtly bol, bir güni gözüňi ýaşlap ataň öýüni terk etjegiň hakda-da arzuw edensiň, soňky arzuwym bolmasa öňkim ekendä edäýmeli ekeniň.))
Belki
Автор 02 фев 2022, 21:01
Adamlar,öñem aýtdym oýlanmalarymy şahsy durmuşym bilen baglanyşdyrmañ diýip.
Mechta
02 фев 2022, 21:57
Birhili gowam bolsa sho biz ucin erbet yagday aralarda menem kop agladym seydip son azajygam bolsa ejeme dusundirdim oz halan yigdime (hazir yok) durmusha cykjakdygymy)
Ejegyz.
07 фев 2022, 20:31
"Ýazyjynyň eseri-onuň ruhy durmuşynyň terjimehalydyr..."