“Ýaşlyk dramasyna” goşulmadyk setirler (şahyryn arhiwinden)
Ne-hä eşik bardy ne-de bir çörek
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn.
Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik: “Söýüşmek hemme wagt mümkin.
Öýlenmek gerek zat köpelmek üçin,
Urşyn gazap wagty,
Adam az wagty!..”
Bir ýyllap degmändi lebine lebim
Dine gatyşypdy demine demim
Soň bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniň Jeýhun wagtym,
Seniň ýaz wagtyň.
Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy,
Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy.
Buşlugmy lebinden üzüldim ýagşy,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn...
Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam
Iň ilkinji soldat dolandy aman.
Şoldy ilki posa ilki bahanam,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn...
Sagymyz- derýady, çepimiz gaçy,
Toraňňyň saýasy. Awgustyn 3-i
Birden dolup gitdi gujagmyn içi
Meniň bürgüt wagtym,
Seniň gaz wagtyň.
Gijeler adyny nagş edip şygra
Gündizler özüni basardym bagra.
Emma arzuwlarmyz barmady ugra,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi, ýürek
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn.
Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik: “Söýüşmek hemme wagt mümkin.
Öýlenmek gerek zat köpelmek üçin,
Urşyn gazap wagty,
Adam az wagty!..”
Bir ýyllap degmändi lebine lebim
Dine gatyşypdy demine demim
Soň bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniň Jeýhun wagtym,
Seniň ýaz wagtyň.
Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy,
Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy.
Buşlugmy lebinden üzüldim ýagşy,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn...
Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam
Iň ilkinji soldat dolandy aman.
Şoldy ilki posa ilki bahanam,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyn...
Sagymyz- derýady, çepimiz gaçy,
Toraňňyň saýasy. Awgustyn 3-i
Birden dolup gitdi gujagmyn içi
Meniň bürgüt wagtym,
Seniň gaz wagtyň.
Gijeler adyny nagş edip şygra
Gündizler özüni basardym bagra.
Emma arzuwlarmyz barmady ugra,
Meniň ýigit wagtym,
Seniň gyz wagtyň.
2комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.