"Ýaşlyk dramasyna" goşulmadyk setirler
Ne-hä eşik bardy,ne-de bir çörek,
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi,ýürek,
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň.
Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik:"Söýüşmek hemme wagt mümkin.
Öýlenmek-gerek zatköpelmek üçin,
Urşuň gazap wagty,adam az wagty!..."
Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim,
Diňe gatyşypdy demiňe demim.
Soň bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniň Jeýhun wagtym,seniň ýaz wagtyň,
Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy,
Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy.
Buşlugmy lebiňden üzüldim ýagşy,
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň...
Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam,
Iň ilkinji soldat dolandy aman.
Şoldy ilki posa ilki bahanam,
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň...
Sagymyz-derýasy,çepimiz gaçy,
Toraňňyň saýasy.Awgustyň 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyň içi,
Meniň bürgüt wagtym,seniň gaz wagtyň.
K.Gurbannepesow
Ne-de gidenlerden bilerdik derek.
Söýüşmäge ýürek gerekdi,ýürek,
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň.
Şonda-da käteler bälçiräp içgin,
Diýerdik:"Söýüşmek hemme wagt mümkin.
Öýlenmek-gerek zatköpelmek üçin,
Urşuň gazap wagty,adam az wagty!..."
Bir ýyllap degmändi lebiňe lebim,
Diňe gatyşypdy demiňe demim.
Soň bir gün bozuldy beýle edebim,
Meniň Jeýhun wagtym,seniň ýaz wagtyň,
Buşlap Ýeňiş bilen gutaran urşy,
Aldygna ýüwürdim öýňüze garşy.
Buşlugmy lebiňden üzüldim ýagşy,
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň...
Uruş ýeňiş bilen boldy-da tamam,
Iň ilkinji soldat dolandy aman.
Şoldy ilki posa ilki bahanam,
Meniň ýigit wagtym,seniň gyz wagtyň...
Sagymyz-derýasy,çepimiz gaçy,
Toraňňyň saýasy.Awgustyň 3-i.
Birden dolup gitdi gujagmyň içi,
Meniň bürgüt wagtym,seniň gaz wagtyň.
K.Gurbannepesow
6комментариев
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.