Kepemeýär derýalaryň suwlary

Kepemeýär derýalaryň suwlary,
Belent - belent daglar olaň gözbaşy.
Daglardanam beýik ýürekden çykýar,
Eneleriň egsilmejek gözýaşy.

Bu gözýaşlar köp döküldi ozallar,
Bu garabagyrlar öňdenem kebap.
Indi berin bir bolgusyz zat üçin
Onuň dökülmegne bolmalyň sebäp.

Olar ynjasalar aglarlar hökman,
Olar begenseler aglarlar hökman.
Ýagşymy siz, ýamanmy siz, barybir,
Şu ýönekeý hakykaty unutmaň.

Güneş dänesi dek bu gözýaşlary,
Bir bolgusyz galmagala satmalyň.
Diňe begenende aglary ýaly,
Olary hemişe aýap saklalyň.

Kepemesin derýalaryň suwlary,
Ýykylmasyn beýik - beýik gözbaşy.
Şondan beter aýylganç zat barmykan
Dökülip gutarsa ene göz ýaşy?..

Halyl Kulyýew
1 лайков 90 просмотров
3комментария
Чтобы оставить комментарий, необходимо на сайте.
doctor
13 фев 2022, 22:19
DURMUŞ SAPAKLARY

Uslypmydyr bir ullakan adama
ownuk-uşak gepe gulak gabartmak?
Uslypmydyr bir edermen ýigide
bir ejiz bendäni urup aglatmak?
Uslypmy sakgalñy girewne goýup,
adam aldatmak?
Ekleýärkä çekýän halal zähmetiñ,
Uslypmydyr çekmek özgäñ minnetin?
Uslypmydyr goç ýigide
Ýardan özgä ýaranmak,
Uslypmydyr ýaran bolup şer işe,
Haýyr işe ýaýdanmak?
Ýalandan ýylgyryp,
ýalan aglamak
bähbit arap, özge birin aldamak?
Uslypmydyr jany sagat adama
ýatyp ýadamak?
Uslypmy şahyra ýalan ýaşamak,
Ýalan sözi,
ýaman sözi,
galp sözi
dogry söze derek satyp, mes bolmak,
mertebåñi salyp aýak astyna,
derejäñden pes bolmak
uslypmydyr adama?
doctor
13 фев 2022, 22:20
goshgy goyanma garshy bolsan ayyrjak
Realist
Автор 14 фев 2022, 07:02
doctor,
Ýok zyýany ýok